Tugra Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Yza gaýtmak
Umumybilim berýän orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda  Biologiýa dersi boýunça bäsleşik

Umumybilim berýän orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda Biologiýa dersi boýunça bäsleşik

02 Sentýabr 2026 ý. Ders bäsleşikleri
43

MYRAT GARRYÝEW ADYNDAKY TÜRKMENISTANYŇ

DÖWLET LUKMANÇYLYK UNIWERSITETI

 

Umumybilim berýän orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda

Biologiýa dersi boýunça bäsleşigi  

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynda innowasiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem bilimiň hiline garaşsyz monitoringi amala aşyrmak, Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026-2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2026-njy ýyl üçin Meýilnamasynda göz öňünde tutulan işleri durmuşa geçirmek hem-de 2023-nji ýylyň 21-nji iýulynda Türkmenistanyň Bilim ministriniň 291 belgili buýrugy bilen tassyklanan «Türkmenistanda ýaşlary hünäre ugrukdyrmak işlerini geçirmek barada Gözükdirijiniň» talaplaryny berjaý etmek maksady bilen “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda Biologiýa dersi boýunça bäsleşigi guramak we geçirmek üçin şu Düzgünnama işlenip taýýarlanyldy.

 

1.    UMUMY DÜZGÜNLER

 

Düzgünnama ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 11-nji we    12-nji  synp okuwçylarynyň arasynda geçiriljek  Biologiýa  dersi boýunça bäsleşigi guramagyň we geçirmegiň kadalaşdyryjy resminamasydyr.

Türkmenistanyň bilim ulgamynyň dünýäniň ylym-bilim giňişligine sazlaşykly aralaşýan döwründe ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda biologiýa  dersinden bäsleşigi geçirmeklik Türkmenistanda tebigy ylmy ugurlar boýunça    bilim-terbiýe bermekdäki milli standartlary dünýäniň öňdebaryjy tejribesi bilen utgaşdyrmakdan hem-de okatmagyň hilini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Häzirki zaman döwrebap usullaryny hem-de  sanly bilim ulgamyny ulanmak arkaly ýaşlaryň bilimleri, başarnyklary we endikleri açylyp görkeziler.

Bäsleşigiň geçirilmegi häzirki döwürde ýüze çykýan biologiýa dersine degişli ylmy we amaly meseleleri derňemäge ukyply ýaşlary ýetişdirmäge, barha ösýän jemgyýetde başarjaň, bilimli, döredijilikli, zehinli şahsyýetleri kemala getirmäge, zehinli ýaşlaryň biologiýa dersi boýunça bilimlerini has-da artdyrmaga, umumybilim berýän orta mekdepler bilen ýokary okuw mekdepleriň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de mekdep okuwçylaryny hünäre ugrukdyrmaga itergi berer.

 

II. BÄSLEŞIGIŇ MAKSADY WE WEZIPELERI

 

Bäsleşigiň maksady:

a)  Türkmenistanyň  ýokary okuw mekdepleri bilen umumybilim berýän  orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda gatnaşyklary berkitmek we özara bähbitli ylmy-okuw maglumatlary alyş-çalyş etmek;

b) ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň we orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylaryň  bilelikde ylym-bilim ulgamynda pikir alyşmalaryny guramak;

ç) ýurdumyzyň dürli künjegindäki zehinli okuwçylary uniwersitetimize jemlemek arkaly uniwersitetimizde alnyp barylýan okuw-usuly we ylmy işler hem-de medeni çäreler bilen giňden tanyşdyrmak;

d) häzirki döwürde ýüze çykýan ylmy we amaly meselelere gyzyklanma döredip, mekdep okuwçylaryň arasynda geljekde hünär ugurlaryny saýlamaklaryna ýardam bermek.

Bäsleşigiň wezipesi:

a)  häzirki zaman tehnologiýalary ulanmak arkaly nazary meseleleri çözmeklige gyzyklanma döretmek;

b) zehinli we ukyply çagalary ýüze çykarmak, olaryň mundan beýläk intellektual ösüşi bilen bagly hünär saýlamaklaryna oňyn şertleri döretmek;

ç)  sanly maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary arkaly ýokary okuw mekdepleriň we aýry-aýry ylmy merkezleriň özara aragatnaşygyny amala aşyrmak.

 

III. BÄSLEŞIGI GURAMAGYŇ WE GEÇIRMEGIŇ TERTIBI

3.1.         Bäsleşik ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 11-nji we       12-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçiriler we ýumuşlar synplar boýunça tapawutlandyrylmaz (11-nji we 12-nji synplar bilelikde bäsleşerler).

3.2.         Bäsleşigiň test ýumuşlary türkmen dilinde hödürlener.

3.3.         Bäsleşik 2 tapgyrdan, ýagny saýlawjy we jemleýji tapgyrlaryndan ybarat bolup, saýlawjy tapgyryny Welaýat we Aşgabat şäher Baş bilim müdirlikleri, Arkadag şäheriniň bilim müdirligi hem-de Ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internaty öz jogapkärçiliklerinde mekdep okuwçylarynyň arasynda bäsleşik esasynda ýeňijileri seçip alarlar. Saýlawjy tapgyryň yzygiderliligi:   her mekdep okuwçylarynyň arasyndan 3 okuwçyny bäsleşik esasynda saýlap, olary etrap tapgyryna gatnaşdyrmaly hem-de her etrapdan bäsleşik esasynda saýlanan 3 okuwçyny welaýat (şäher) tapgyryna hödürlemeli. Welaýat (şäher) tapgyry 2026-njy ýylyň sentýabr aýynyň 14-ne geçiriler  hem-de welaýatlardan we Aşgabat, Arkadag şäherlerinden saýlawjy tapgyryndan saýlanan 5 okuwçy, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän                  mekdep-internatyndan 3 okuwçy  jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanar.

3.4.         Bäsleşigiň jemleýji tapgyry 2026-njy ýylyň sentýabr  aýynyň 18-ne sagat 10:00-da saýlawjy tapgyrynda ýeňiji bolan okuwçylaryň arasynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde geçiriler;

3.6.         Gatnaşyjylar bäsleşigiň başlanmagyna 1 sagat galanda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetine gelmeli. Jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan okuwçylaryň welaýatlardan (şäherlerden) gelmekleri hem-de yzlaryna gaýtmaklary degişli ýolbaşçylaryň jogapkärçiliginde amala aşyrylmaly.

3.7.         Gatnaşyjylaryň ählisi häzirki zaman kompýuterleri bilen üpjün ediler hem-de test soraglary we ýumuşlar kompýuterde ýörite programmanyň kömegi bilen  geçiriler.

3.7.1.  Guramaçylyk topary tarapyndan gatnaşyjylara ulanyjynyň ady (login) we parol bäsleşik başlamazdan öň özlerine paýlanar;

3.7.2.  Ulanyjynyň ady (login hem-de paroly) bir gezek ulanmaga niýetlenendir we ony guramaçylyk topary tarapyndan rugsat berlen wagty ulgama girmek üçin ulanylyp bilner;

3.7.3.  Size berilen ulanyş sahypasyna gireniňizde dersiň okuw maksatnamasyna laýyklykda test görnüşinde ýumuşlar berler;

3.8.         Testleri işlemek üçin jemi berilýän wagt – 90 minut;

3.9.         Gatnaşyjy ýumuşlary ýerine ýetirýän wagtynda diňe bäsleşigi geçirmek üçin niýetlenen programma üpjünçiligi bilen işlemeli;

3.10.    Gatnaşyjy ýany bilen diňe ýazuw kagyzyny, ruçka, galam we kalkulýator alyp biler;

3.11.    Ýumuşlary ýerine ýetirmek üçin berlen wagtyň dowamynda gatnaşyjylara okuw kitaplaryndan, gollanmalaryndan, aragatnaşyk serişdelerinden, öýjükli telefonyndan, gözükdirijilerden, maglumat göteriji-geçiriji beýleki islendik serişdelerinden peýdalanmaga rugsat berilmeýär;

3.12.    Bäsleşige gatnaşýan okuwçylar hödürlenen meseleleri özbaşdak çözmeli. Bäsleşigiň geçirilýän wagty goşmaça kömek edilen, töweregindäki ýoldaşlary bilen gürleşen ýa-da kitap-gazet we beýleki maglumat serişdelerini ulanan ýagdaýynda okuwçy bäsleşige gatnaşyjylaryň hataryndan çykarylar;

3.13.    Okuwçylar ýumuşlary ýerine ýetirýän wagtynda degişli soraglary bilen bäsleşigi gurnaýjylara ýa-da kompýuter otagynyň tehniki işgärlerine ýüz tutup biler;

3.14.    Gatnaşyjylar we olary taýýarlan mugallymlar baradaky maglumatlary           2026-njy ýylyň 15-nji sentýabryna çenli aşakdaky nusga laýyklykda taýýarlap tdlu.iolimp@gmail.com salgysyna ugratmaly.

 

NUSGA

 

T/b

Familiýasy we ady

Okaýan/işleýän ýeri wezipesi/synpy

Elektron poçtasy

Telefon belgisi

3*4 lik suraty

1.       

Ataýew Ata

Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň hünärmeni

ataýew@sanly.tm

+99365112022

surat

2.       

Meredow Meret

Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň 11-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy

 

 

 

3.       

 

 

 

 

 

 

 

IV.BÄSLEŞIGIŇ ÝEŇIJILERINI KESGITLEMEGIŇ WE SYLAGLAMAGYŇ TERTIBI

 

4.1.    Bäsleşigiň netijesi toplanan ballaryň jemi boýunça awtomatiki usulda ýörite kompýuter programmasy arkaly kesgitlenilýär.

4.2.    Bäsleşigiň netijeleri beýanlar arkaly resmileşdirilýär we eminler toparynyň netijenamasy esasynda ýeňijileriň düzümi Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanylýar.

4.3.    Bäsleşigiň ýeňijileri: 1-nji, 2-nji we 3-nji derejeli diplomlar bilen sylaglanýar.

Habarlaşmak üçin telefon : +993-12-48-99-32 ;  +993 64 00 04 70

Email: tdlu.iolimp@gmail.com

Logo Bilim ministrligi

Dil saýlaň