Tugra Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Yza gaýtmak
Naýbaşy gymmatlyklara bagyşlandy

Naýbaşy gymmatlyklara bagyşlandy

14 Sentýabr 2026 ý. Döredijilik bäsleşikleri
8

Golaýda «Türkmen dünýäsi» gazetiniň redaksiýasynyň Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi bilen bilelikde yglan eden «Garaşsyz döwrümiň uçar ganaty, milletiň myrady — ganatly aty» atly hem-de Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti bilen bilelikde guran «Gözel türkmen tebigaty, ganatlydyr bedew aty» atly döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy we maslahat geçirildi.

Turuwbaşdan uly ruhy joşguna beslenen aýdym-sazly maslahata köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň, Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň wekilleri, şeýle-de ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.

Baş baýramymyza — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuna barýan günlerimizde geçirilen maslahatda eziz Diýarymyzyň döwrebap ösüşleri, ýurdumyzyň ekologiýa syýasatynda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler, sebit we dünýä derejesinde ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary dogrusynda täsirli çykyşlar diňlenildi. Dutarda ýerine ýetirilen çykyşlar we Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň «Türkmen sährasy» toparynyň aýdymlary baýramçylyk çäresine aýratyn öwüşgin berdi.

Dabaranyň ahyrynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen bäsleşikleriň ýeňijilerine ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Olaryň hatarynda ýurdumyzyň çar künjünden gelen, dürli wezipelerde zähmet çekýän ildeşlerimiz bilen bir hatarda, daşary ýurtly türkmenleriň hem bolmagy diýseň buýsandyryjydyr. Dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan doganlarymyz Garaşsyz Watanymyz Türkmenistan bilen ýakyn aragatnaşyk saklap, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yzygiderli çykyş edýärler. Dabaraly maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna hoşallyk sözleri aýdyldy.

Toýly BABAÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby. Surata düşüren Dörtguly MYRATGULYÝEW.
Logo Bilim ministrligi

Dil saýlaň