Tugra Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Metbugat gullugy

Bildirişler

Bilim ulgamynyň iň soňky täzelikleri we resmi habarlary.

Ozon gatlagyny goramagyň halkara güni mynasybetli makala ýazmak boýunça bäsleşik yglan edilýär! Bildirişler
10

Ozon gatlagyny goramagyň halkara güni mynasybetli makala ýazmak boýunça bäsleşik yglan edilýär!

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde ýurdumyzyň orta mekdeplerinde bilim alýan 10-12-nji synp okuwçylarynyň hem-de talyp ýaşlaryň arasynda makala ýazmak bäsleşigini yglan edýär. Bu bäsleşik ýaşlaryň ekologiýa medeniýetini kämilleşdirmek maksady bilen geçirilip, «Näme üçin ozon gatlagyny goramak möhüm?» diýen temany öz içine alýar. Döredijilik bäsleşigine gatnaşmak isleýänler öz makalalaryny türkmen, rus ýa-da iňlis dilleriniň birinde taýýarlap bilerler. Hödürlenýän işler A4 formatda, 14-nji şrift ölçeginde taýýarlanmaly, göwrümi boýunça azyndan 2 sahypadan ybarat bolmalydyr. Ýazylan makalalar 2026-njy ýylyň 2-nji oktýabryna çenli kabul edilýär. Hödürlenýän işler guramanyň tebigatchy.jemg@gmail.com elektron salgysyna ugradylmalydyr. Bäsleşige gatnaşyjylar öz işleri bilen bir hatarda ady, familiýasy, okaýan orta ýa-da ýokary okuw mekdebi, ýaşaýan salgysy we telefon belgisi baradaky maglumatlary hem goşmalydyrlar. Işler elektron poçtadan ugradylanda hatyň temasyna «Ozon-makala» diýip ýazmak haýyş edilýär. Bäsleşigiň jemleri boýunça 1-nji, 2-nji we 3-nji orunlary eýelän ýeňijilere guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşurylar. Ýaşlary daşky gurşawy goramaga öz goşantlaryny goşmaga hem-de bu bäsleşige işjeň gatnaşmaga çagyrýarys! Habarlaşmak üçin telefonlar: +(993 12) 37-46-78, +(993 64) 26-84-32.

ÝURDUMYZYŇ ÝOKARY OKUW MEKDEPLERINIŇ TALYPLARYNYŇ ARASYNDA NAZARY MEHANIKA BOÝUNÇA VI INTERNET DERS BÄSLEŞIGI Bildirişler
17

ÝURDUMYZYŇ ÝOKARY OKUW MEKDEPLERINIŇ TALYPLARYNYŇ ARASYNDA NAZARY MEHANIKA BOÝUNÇA VI INTERNET DERS BÄSLEŞIGI

I. Umumy düzgünler   Şu Düzgünnama ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Nazary mehanika boýunça VI internet ders bäsleşigini (mundan beýläk - bäsleşik) guramagyň we geçirmegiň kadalaşdyryjy resminamasy bolup, ony geçirmegiň tertibini kesgitleýär. Türkmenistanyň bilim ulgamynyň dünýäniň ylym-bilim giňişligine sazlaşykly aralaşýan döwründe esasy mesele hökmünde Garaşsyz Watanymyza, mähriban halkymyza, Türkmenistanyň Prezidentine wepaly, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ýiti zehinli, ukyply we başarjaň ýaşlary ýüze çykarmakdan ybaratdyr. Bäsleşigiň guraýjysy hökmünde Türkmen oba hojalyk institutynyň Amaly mehanika kafedrasy çykyş edýär. Bäsleşigiň geçirilýän möhletleri we geçirmegiň şertleri institutyň www.tohi.edu.tm web sahypasynyň ýörite bölümine goýulýar.   II. Bäsleşigiň maksady we wezipeleri   Bäsleşik talyplaryň taýýarlygynyň hilini kesgitlemek, olaryň bilimlerini we başarnyklaryny berkitmek we çuňlaşdyrmak hem-de döredijilik ösüşini höweslendirmek maksady bilen geçirilýär. Bäsleşigiň maksady: -       ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek we özara bähbitli ylmy maglumatlary alyş-çalyş etmek; -       ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň bilelikde ylmy pikir alyşmalaryny guramak; -       hünärmenleri taýýarlamakda Nazary mehanika dersiniň ähmiýetine düşünmek; -       talyplaryň döredijilik işjeňligini höweslendirmek, özbaşdak işlemek endiklerini ýokarlandyrmak we giňişleýin pikirlenmäni ösdürmek; -       talyplary taýýarlamagyň hilini kesgitlemek, nazary we amaly okuwlarda alnan bilimlerini we başarnyklaryny berkitmek; -       önümçilik we gözleg işlerinde ýüze çykýan ylmy hem-de amaly meseleleri derňemäge ukyply ýaş hünärmenleri ýetişdirmek; -       halkara bäsleşiklerde ýokary okuw mekdebiniň adyndan üstünlikli wekilçilik edip bilýän zehinli talyplary kesgitlemek we goldamak; -       hünär taýdan taýýarlygyny ýokarlandyrmak.   III. Bäsleşigiň guramaçylyk-usulyýet üpjünçiligi   Bäsleşigi guramak we geçirmek boýunça umumy ýolbaşçylygy amala aşyrmak üçin Guramaçylyk topary döredilýär. Guramaçylyk topary: -       ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda bu bäsleşigi geçirmegiň esasy ýörelgelerini kesgitleýär hem-de ony guramak we geçirmek boýunça guramaçylyk işleri alyp barýar; -       bäsleşigi geçirmegiň tertibini we möhletini kesgitlemek boýunça teklipleri taýýarlaýar. IV. Bäsleşigi guramagyň we geçirmegiň tertibi   4.1. Bäsleşik Türkmenistanyň ähli ýokary okuw mekdepleriniň dürli ugurlarynyň, hünärleriniň ýokary bilim maksatnamalary boýunça okaýan                     1-nji, 2-nji we 3-nji ýyl talyplary gatnaşyp bilerler.   4.2. Bäsleşik gatnaşmaga isleg bildirýän ýokary okuw mekdebi düzümi 5 (bäş) sany talypdan köp bolmadyk toparyň we olaryň ýolbaşçy mugallymynyň maglumatlaryny (fakulteti, hünäri, ýyly, familiýasy we ady, ýolbaşçy mugallymynyň familiýasy we ady, işleýän kafedrasy, elektron poçtasynyň salgysy, telefon belgileri) 2026-njy ýylyň 22-nji oktýabryna çenli institutyň tohi_tm@sanly.tm elektron salgysyna ugratmaly.   4.3. Bäsleşige şahsy bäsleşik görnüşinde geçirilip, onda gatnaşyjylara 50 sany soragdan (30 test soragy 1 baldan, 20 test mesele görnüşde 2 baldan) ybarat bolan test soragnamalary berler.   4.4. Bäsleşik 2026-njy ýylyň 30-njy oktýabrynda sagat 14:00-da geçiriler.   4.5. Bäsleşigiň geçişine “Zoom” programmasy arkaly gözegçilik alnyp barlar.   4.6. Bäsleşigiň ýumuşlary institutyň www.tohi.edu.tm web sahypasynyň ýörite bölümine goýlar.   4.7. Bäsleşigiň gatnaşyjylaryna aragatnaşyk serişdelerini, foto, audio we wideo enjamlaryny, gözükdiriji serişdeleri hem-de maglumat göterijileri, aragatnaşyk geçiriji islendik serişdeleri ulanmaga rugsat berilmeýär.   4.8. Bäsleşige gatnaşýan talyplar soraglary hem-de ýumuşlary özbaşdak işlemeli. Bäsleşigiň geçirilýän wagty, goşmaça kömek edilen, töweregindäki ýoldaşlary bilen özara gürrüň eden ýa-da kitap-gazet maglumatlaryny ulanan gatnaşyjy bäsleşige gatnaşýanlaryň hataryndan çykarylar.   4.9. Bäsleşigiň şahsy bäsleşik görnüşiniň test soraglaryny ýerine ýetirmek üçin berilýän wagt – 120 minut.   4.10. Bäsleşigiň eminler topary Türkmen oba hojalyk institutynyň wekillerinden düzülýär.   4.11.   Eminler topary bäsleşige gatnaşýan talyplaryň işlerini bahalandyrýar we netijelerini jemleýär.   4.12.   Islendik gatnaşyjynyň arz-şikaýat bilen ýüz tutmaga hukugy bardyr.  Arz-şikaýat bilen diňe toparyň ýolbaşçysy eminler toparyna elektron poçta arkaly ýüz tutup biler.   4.13.   Arz-şikaýatlar eminler topary tarapyndan seredilýär we ahyrky netijäni eminler toparynyň başlygy kesgitleýär hem-de bu gutarnykly netije üýtgedilmäge degişli däl hasap edilýär.   V. Bäsleşigiň ýeňijilerini kesgitlemegiň we sylaglamagyň tertibi 5.1. Bäsleşigiň ýeňijileri toplanan ballaryň jemi boýunça kesgitlenilýär we şahsy hem-de toparlaýyn görnüşde hasaba alynýar.  5.2. Bäsleşigiň ýeňijileriniň sany, oňa gatnaşyjylaryň sanyna baglylykda kesgitlenilýär, ýagny talyplaryň 5 %-i I derejeli, 10 %-i II derejeli we 15 %-i                      III derejeli diplomlar bilen sylaglanar.  5.3. Bäsleşigiň netijeleri beýanlar arkaly resmileşdirilýär we eminler toparynyň netijenamasy esasynda ýeňijileriň düzümi tassyklanylýar.  5.4. Bäsleşigiň ýeňijileri barada maglumatlar institutyň www.tohi.edu.tm web sahypasynyň ýörite bölümine ýerleşdirilýär.   Habarlaşmak üçin tel.: +99363887557; +99365931638; e-mail: tohi_tm@sanly.tm  Türkmen oba hojalyk institutynyň guramaçylyk topary

ÝURDUMYZYŇ ÝOKARY OKUW MEKDEPLERINIŇ TALYPLARYNYŇ ARASYNDA TOPRAGY ÖWRENIŞ  BOÝUNÇA III INTERNET DERS BÄSLEŞIGI Bildirişler
11

ÝURDUMYZYŇ ÝOKARY OKUW MEKDEPLERINIŇ TALYPLARYNYŇ ARASYNDA TOPRAGY ÖWRENIŞ BOÝUNÇA III INTERNET DERS BÄSLEŞIGI

I. Umumy düzgünler   Şu Düzgünnama ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Topragy öwreniş boýunça III internet ders bäsleşigini (mundan beýläk - bäsleşik) guramagyň we geçirmegiň kadalaşdyryjy resminamasy bolup, ony geçirmegiň tertibini kesgitleýär. Türkmenistanyň bilim ulgamynyň dünýäniň ylym-bilim giňişligine sazlaşykly aralaşýan döwründe esasy mesele hökmünde Garaşsyz Watanymyza, mähriban halkymyza, Türkmenistanyň Prezidentine wepaly, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ýiti zehinli, ukyply we başarjaň ýaşlary ýüze çykarmakdan ybaratdyr. Bäsleşigiň guraýjysy hökmünde Türkmen oba hojalyk institutynyň Agrohimiýa we topragy öwreniş kafedrasy çykyş edýär. Bäsleşigiň geçirilýän möhletleri we geçirmegiň şertleri institutyň www.tohi.edu.tm web sahypasynyň ýörite bölümine goýulýar.   II. Bäsleşigiň maksady we wezipeleri   Bäsleşik talyplaryň taýýarlygynyň hilini kesgitlemek, olaryň bilimlerini we başarnyklaryny berkitmek we çuňlaşdyrmak hem-de döredijilik ösüşini höweslendirmek maksady bilen geçirilýär. Bäsleşigiň maksady: -       ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek we özara bähbitli ylmy maglumatlary alyş-çalyş etmek; -       ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň bilelikde ylmy pikir alyşmalaryny guramak; -       hünärmenleri taýýarlamakda Topragy öwreniş dersiniň ähmiýetine düşünmek; -       talyplaryň döredijilik işjeňligini höweslendirmek, özbaşdak işlemek endiklerini ýokarlandyrmak we giňişleýin pikirlenmäni ösdürmek; -       talyplary taýýarlamagyň hilini kesgitlemek, nazary we amaly okuwlarda alnan bilimlerini we başarnyklaryny berkitmek; -       önümçilik we gözleg işlerinde ýüze çykýan ylmy hem-de amaly meseleleri derňemäge ukyply ýaş hünärmenleri ýetişdirmek; -       halkara bäsleşiklerde ýokary okuw mekdebiniň adyndan üstünlikli wekilçilik edip bilýän zehinli talyplary kesgitlemek we goldamak; -       hünär taýdan taýýarlygyny ýokarlandyrmak.   III. Bäsleşigiň guramaçylyk-usulyýet üpjünçiligi   Bäsleşigi guramak we geçirmek boýunça umumy ýolbaşçylygy amala aşyrmak üçin Guramaçylyk topary döredilýär. Guramaçylyk topary: -       ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda bu bäsleşigi geçirmegiň esasy ýörelgelerini kesgitleýär hem-de ony guramak we geçirmek boýunça guramaçylyk işleri alyp barýar; -       bäsleşigi geçirmegiň tertibini we möhletini kesgitlemek boýunça teklipleri taýýarlaýar. IV. Bäsleşigi guramagyň we geçirmegiň tertibi   4.1. Bäsleşige Türkmenistanyň ähli ýokary okuw mekdepleriniň dürli ugurlarynyň, hünärleriniň ýokary bilim maksatnamalary boýunça okaýan 3-nji,          4-nji we 5-nji ýyl talyplary gatnaşyp bilerler.   4.2. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän ýokary okuw mekdebi düzümi 5 (bäş) sany talypdan köp bolmadyk toparyň we olaryň ýolbaşçy mugallymynyň maglumatlaryny (fakulteti, hünäri, ýyly, familiýasy we ady, ýolbaşçy mugallymynyň familiýasy we ady, işleýän kafedrasy, elektron poçtasynyň salgysy, telefon belgileri) 2026-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda çenli institutyň tohi_tm@sanly.tm elektron salgysyna ugratmaly.   4.3. Bäsleşige şahsy bäsleşik görnüşinde geçirilip, onda gatnaşyjylara 50 sany soragdan ybarat bolan test soragnamalary berler.   4.4. Bäsleşige 2026-njy ýylyň 26-njy oktýabrynda sagat 15:00-da geçiriler.   4.5. Bäsleşigiň geçişine “Zoom” programmasy arkaly gözegçilik alnyp barlar.   4.6. Bäsleşigiň ýumuşlary institutyň www.tohi.edu.tm web sahypasynyň ýörite bölümine goýlar.   4.7. Bäsleşigiň gatnaşyjylaryna aragatnaşyk serişdelerini, foto, audio we wideo enjamlaryny, gözükdiriji serişdeleri hem-de maglumat göterijileri, aragatnaşyk geçiriji islendik serişdeleri ulanmaga rugsat berilmeýär.   4.8. Bäsleşige gatnaşýan talyplar soraglary hem-de ýumuşlary özbaşdak işlemeli. Bäsleşigiň geçirilýän wagty, goşmaça kömek edilen, töweregindäki ýoldaşlary bilen özara gürrüň eden ýa-da kitap, internet maglumatlaryny ulanan gatnaşyjy bäsleşige gatnaşýanlaryň hataryndan çykarylar.   4.9. Bäsleşigiň şahsy bäsleşik görnüşiniň test soraglaryny ýerine ýetirmek üçin berilýän wagt – 90 minut.   4.10. Bäsleşigiň eminler topary Türkmen oba hojalyk institutynyň wekillerinden düzülýär.   4.11.   Eminler topary bäsleşige gatnaşýan talyplaryň işlerini bahalandyrýar we netijelerini jemleýär.   4.12.   Islendik gatnaşyjynyň arz-şikaýat bilen ýüz tutmaga hukugy bardyr.  Arz-şikaýat bilen diňe toparyň ýolbaşçysy eminler toparyna elektron poçta arkaly ýüz tutup biler.   4.13.   Arz-şikaýatlar eminler topary tarapyndan seredilýär we ahyrky netijäni eminler toparynyň başlygy kesgitleýär hem-de bu gutarnykly netije üýtgedilmäge degişli däl hasap edilýär.    V. Bäsleşigiň ýeňijilerini kesgitlemegiň we sylaglamagyň tertibi 5.1. Bäsleşigiň ýeňijileri toplanan ballaryň jemi boýunça kesgitlenilýär we şahsy hem-de toparlaýyn görnüşde hasaba alynýar. 5.2. Bäsleşigiň ýeňijileriniň sany, oňa gatnaşyjylaryň sanyna baglylykda kesgitlenilýär, ýagny talyplaryň 5 %-i I derejeli, 10 %-i II derejeli we 15 %-i                      III derejeli diplomlar bilen sylaglanar. 5.3. Bäsleşigiň netijeleri beýanlar arkaly resmileşdirilýär we eminler toparynyň netijenamasy esasynda ýeňijileriň düzümi tassyklanylýar. 5.4. Bäsleşigiň ýeňijileri barada maglumatlar institutyň www.tohi.edu.tm web sahypasynyň ýörite bölümine ýerleşdirilýär. Habarlaşmak üçin tel.: +99365894549; +99365276237; e-mail: tohi_tm@sanly.tm   Türkmen oba hojalyk institutynyň guramaçylyk topary

ÝURDUMYZYŇ ÝOKARY OKUW MEKDEPLERINIŇ  TALYPLARYNYŇ ARASYNDA METEOROLOGIÝA WE KLIMATOLOGIÝA BOÝUNÇA I INTERNET DERS  BÄSLEŞIGI Bildirişler
19

ÝURDUMYZYŇ ÝOKARY OKUW MEKDEPLERINIŇ TALYPLARYNYŇ ARASYNDA METEOROLOGIÝA WE KLIMATOLOGIÝA BOÝUNÇA I INTERNET DERS BÄSLEŞIGI

I. Umumy düzgünler   Şu Düzgünnama ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Meteorologiýa we klimatologiýa boýunça I internet ders bäsleşigini (mundan beýläk - bäsleşik) guramagyň we geçirmegiň kadalaşdyryjy resminamasy bolup, ony geçirmegiň tertibini kesgitleýär. Türkmenistanyň bilim ulgamynyň dünýäniň ylym-bilim giňişligine sazlaşykly aralaşýan döwründe esasy mesele hökmünde Garaşsyz Watanymyza, mähriban halkymyza, Türkmenistanyň Prezidentine wepaly, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ýiti zehinli, ukyply we başarjaň ýaşlary ýüze çykarmakdan ybaratdyr. Bäsleşigiň guraýjysy hökmünde Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalygynyň meliorasiýasy kafedrasy çykyş edýär. Bäsleşigiň geçirilýän möhletleri we geçirmegiň şertleri institutyň www.tohi.edu.tm web sahypasynyň ýörite bölümine goýulýar.   II. Bäsleşigiň maksady we wezipeleri   Bäsleşik talyplaryň taýýarlygynyň hilini kesgitlemek, olaryň bilimlerini we başarnyklaryny berkitmek we çuňlaşdyrmak hem-de döredijilik ösüşini höweslendirmek maksady bilen geçirilýär. Bäsleşigiň maksady: -       ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek we özara bähbitli ylmy maglumatlary alyş-çalyş etmek; -       ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň bilelikde ylmy pikir alyşmalaryny guramak; -       hünärmenleri taýýarlamakda Meteorologiýa hem-de Klimatologiýa dersleriniň ähmiýetine düşünmek; -       talyplaryň döredijilik işjeňligini höweslendirmek, özbaşdak işlemek endiklerini ýokarlandyrmak we giňişleýin pikirlenmäni ösdürmek; -       talyplary taýýarlamagyň hilini kesgitlemek, nazary we amaly okuwlarda alnan bilimlerini we başarnyklaryny berkitmek; -       önümçilik we gözleg işlerinde ýüze çykýan ylmy hem-de amaly meseleleri derňemäge ukyply ýaş hünärmenleri ýetişdirmek; -       halkara bäsleşiklerde ýokary okuw mekdebiniň adyndan üstünlikli wekilçilik edip bilýän zehinli talyplary kesgitlemek we goldamak; -       hünär taýdan taýýarlygyny ýokarlandyrmak.   III. Bäsleşigiň guramaçylyk-usulyýet üpjünçiligi   Bäsleşigi guramak we geçirmek boýunça umumy ýolbaşçylygy amala aşyrmak üçin Guramaçylyk topary döredilýär. Guramaçylyk topary: -       ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda bu bäsleşigi geçirmegiň esasy ýörelgelerini kesgitleýär hem-de ony guramak we geçirmek boýunça guramaçylyk işleri alyp barýar; -       bäsleşigi geçirmegiň tertibini we möhletini kesgitlemek boýunça teklipleri taýýarlaýar. IV. Bäsleşigi guramagyň we geçirmegiň tertibi   4.1. Bäsleşige Türkmenistanyň ähli ýokary okuw mekdepleriniň dürli ugurlarynyň, hünärleriniň ýokary bilim maksatnamalary boýunça okaýan 2-nji, 3-nji,          we 4-nji talyplary gatnaşyp bilerler.   4.2. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän ýokary okuw mekdebi düzümi 5 (bäş) sany talypdan köp bolmadyk toparyň we olaryň ýolbaşçy mugallymynyň maglumatlaryny (fakulteti, hünäri, ýyly, familiýasy we ady, ýolbaşçy mugallymynyň familiýasy we ady, işleýän kafedrasy, elektron poçtasynyň salgysy, telefon belgileri) 2026-njy ýylyň 22-nji oktýabryna çenli institutyň tohi_tm@sanly.tm elektron salgysyna ugratmaly.   4.3. Bäsleşige şahsy bäsleşik görnüşinde geçirilip, onda gatnaşyjylara 50 sany soragdan (40 test soragy 1 baldan, 10 test mesele görnüşde 2 baldan) ybarat bolan test soragnamalary berler.   4.4. Bäsleşige 2026-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda sagat 15:00-da geçiriler.   4.5. Bäsleşigiň geçişine “Zoom” programmasy arkaly gözegçilik alnyp barlar.   4.6. Bäsleşigiň ýumuşlary institutyň www.tohi.edu.tm web sahypasynyň ýörite bölümine goýlar.   4.7. Bäsleşigiň gatnaşyjylaryna aragatnaşyk serişdelerini, foto, audio we wideo enjamlaryny, gözükdiriji serişdeleri hem-de maglumat göterijileri, aragatnaşyk geçiriji islendik serişdeleri ulanmaga rugsat berilmeýär.   4.8. Bäsleşige gatnaşýan talyplar soraglary hem-de ýumuşlary özbaşdak işlemeli. Bäsleşigiň geçirilýän wagty, goşmaça kömek edilen, töweregindäki ýoldaşlary bilen özara gürrüň eden ýa-da kitap, internet maglumatlaryny ulanan gatnaşyjy bäsleşige gatnaşýanlaryň hataryndan çykarylar.   4.9. Bäsleşigiň şahsy bäsleşik görnüşiniň test soraglaryny ýerine ýetirmek üçin berilýän wagt – 90 minut.   4.10. Bäsleşigiň eminler topary Türkmen oba hojalyk institutynyň wekillerinden düzülýär.   4.11.   Eminler topary bäsleşige gatnaşýan talyplaryň işlerini bahalandyrýar we netijelerini jemleýär.   4.12.   Islendik gatnaşyjynyň arz-şikaýat bilen ýüz tutmaga hukugy bardyr.  Arz-şikaýat bilen diňe toparyň ýolbaşçysy eminler toparyna elektron poçta arkaly ýüz tutup biler.   4.13.   Arz-şikaýatlar eminler topary tarapyndan seredilýär we ahyrky netijäni eminler toparynyň başlygy kesgitleýär hem-de bu gutarnykly netije üýtgedilmäge degişli däl hasap edilýär.                  V. Bäsleşigiň ýeňijilerini kesgitlemegiň we sylaglamagyň tertibi   5.1. Bäsleşigiň ýeňijileri toplanan ballaryň jemi boýunça kesgitlenilýär we şahsy hem-de toparlaýyn görnüşde hasaba alynýar.   5.2. Bäsleşigiň ýeňijileriniň sany, oňa gatnaşyjylaryň sanyna baglylykda kesgitlenilýär, ýagny talyplaryň 5 %-i I derejeli, 10 %-i II derejeli we 15 %-i                      III derejeli diplomlar bilen sylaglanar.   5.3. Bäsleşigiň netijeleri beýanlar arkaly resmileşdirilýär we eminler toparynyň netijenamasy esasynda ýeňijileriň düzümi tassyklanylýar.   5.4. Bäsleşigiň ýeňijileri barada maglumatlar institutyň www.tohi.edu.tm web sahypasynyň ýörite bölümine ýerleşdirilýär.     Habarlaşmak üçin tel.: +99361978564; +99363775659; e-mail: tohi_tm@sanly.tm         Türkmen oba hojalyk institutynyň guramaçylyk topary

«Parahatçylyk: çagalaryň sesi» atly döredijilik bäsleşigi Bildirişler
79

«Parahatçylyk: çagalaryň sesi» atly döredijilik bäsleşigi

2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Parahatçylyk Gaznasynyň müdiriýeti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de «Güneş» žurnalynyň redaksiýasy tarapyndan ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 4–12-nji synplarynda okaýan okuwçylarynyň arasynda «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» ady bilen yglan edilýän döredijilik bäsleşigi   I.Umumy düzgünler   Şu Düzgünnama «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» atly döredijilik bäsleşiginiň (mundan beýläk – «Döredijilik bäsleşigi») maksatlaryny, wezipelerini, şertlerini we geçiş tertibini kesgitleýär. Bäsleşigiň esasy maksady – Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesli watançylyk, parahatsöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda hem-de milli gymmatlyklarymyzyň esasynda terbiýelemekden, ýaşlaryň tebigy zehinlerini ýüze çykarmakdan we olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmekden, ýaş nesilleriň arasynda parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk medeniýetini giňden wagyz etmekden hem-de çagalaryň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza bolan egsilmez buýsançlaryny aýan etmekden ybaratdyr.     II. Döredijilik bäsleşiginiň şertleri we geçiş tertibi   1.       Döredijilik bäsleşigine ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 4–12-nji synp okuwçylary gatnaşýarlar. Okuwçylaryň Watan ezizligini, bagtyýar çagalygy, parahatçylykly ösüşi, dostlukly gatnaşyklaryň ähmiýetini, hormatly Prezidentimize we berkarar döwletimize bolan çuňňur söýgüsini açyp görkezýän hem-de «Dünýä dursun parahat!» diýen temada ýazan düzmeleri, çeken suratlary we ýasan maketleri degişlilikde bäsleşigiň etrap (şäher), Aşgabat we Arkadag şäherleri hem-de welaýat tapgyrlarynyň Guramaçylyk toparyna hödürlenilýär. 2.       Döredijilik bäsleşiginiň her tapgyrynda, eminler topary tarapyndan ýerlerden saýlanyp alnan işler bäsleşigiň indiki tapgyryna gatnaşdyrylýar. 3.       Döredijilik bäsleşiginiň her bir tapgyrynyň ýeňijileri boýunça degişli resminamalar şol tapgyr tamamlanandan soň, nobatdaky tapgyryň Guramaçylyk toparyna 5 (bäş) günüň dowamynda hödürlenilmelidir: -           eminler toparynyň saýlanan döredijilik işleri boýunça çykaran çözgüdi we her bir işe berlen syn; - gatnaşyjynyň dogluş hakynda şahadatnamasynyň ýa-da raýat pasportynyň göçürmesi; - gatnaşyjynyň okaýan umumybilim berýän orta mekdebiniň müdiri tarapyndan tassyklanan kepilnamasy; - gatnaşyjynyň ýaşaýan ýeriniň salgysy we habarlaşmak üçin telefon belgileri; - 3x4 sm ölçegdäki 2 sany fotosuraty. 4.       Döredijilik bäsleşigine gatnaşýan okuwçylaryň hödürleýän işlerinde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň gazanýan ýokary ösüşleri, parahatsöýüjilik ýörelgeleri, döwletimizde durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler we ýetilen sepgitler, hemişelik Bitaraplygymyzyň gazananlary (şol sanda maket görnüşinde), «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň belent mazmuny, ýaşlaryň bagtyýar durmuşy hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň çeper keşbi wasp edilmelidir. 5.       Döredijilik bäsleşigine hödürlenýän «Dünýä dursun parahat!» diýen temadaky düzmeleriň möçberi 3 sahypadan köp bolmaly däldir. 6.       Döredijilik bäsleşigine hödürlenýän surat eserleri 50x70 sm ölçegdäki kagyza guaş reňkleri arkaly plakat görnüşinde çekilip, çarçuwa salnan (ramkalanan) bolmalydyr. Bäsleşige hödürlenýän maketleriň ölçegi hem 50x70 sm ululykda taýýarlanmalydyr. 7.       Döredijilik bäsleşiginiň welaýat, Aşgabat we Arkadag şäher tapgyrlarynda saýlanyp alnan hem-de jemleýji döwlet tapgyryna hödürlenýän işler welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň baş bilim müdirlikleri, Türkmenistanyň Parahatçylyk Gaznasynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň degişli ýerli bölümleri we Geňeşleri tarapyndan tassyklanan bolmalydyr.   8.       Döredijilik bäsleşigi aşakdaky tertipde we möhletlerde geçirilýär: ·  birinji tapgyr: 2026-njy ýylyň 1–7-nji oktýabry aralygynda umumybilim berýän orta mekdeplerde geçirilýär. Bu tapgyrda bäsleşigiň yglan edilen ugurlarynyň her biri boýunça tapawutlanan döredijilik işleriniň 2-si saýlanylyp alynýar we nobatdaky tapgyra hödürlenilýär; ·  ikinji tapgyr: 2026-njy ýylyň 12–20-nji oktýabry aralygynda etraplarda we şäherlerde geçirilýär. Bu tapgyrda ugurlar boýunça tapawutlanan işleriň 3-si saýlanylyp alynýar we indiki tapgyra hödürlenilýär. Ikinji tapgyrda ýeňiji bolan hem-de işeňňir gatnaşan okuwçylar gurnaýjy edaralaryň ýerli bölümleri tarapyndan sylaglanýar; ·  üçünji tapgyr: 2026-njy ýylyň 3–11-nji noýabry aralygynda welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde geçirilýär. Bu tapgyra etrap we şäher tapgyrlarynda ugurlar boýunça 1-nji, 2-nji hem-de 3-nji orunlary eýelän işler gatnaşdyrylýar. Tapgyrda ýeňiji bolan we işeňňir gatnaşan okuwçylar gurnaýjy edaralaryň ýerli bölümleri tarapyndan sylaglanýar. Üçünji tapgyryň ýeňijileriniň işleri 2026-njy ýylyň 20-nji noýabryna çenli Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Umumy orta bilim bölümine gowşurylmalydyr; ·  Jemleýji döwlet tapgyry: 2026-njy ýylyň dekabr aýynyň birinji ongünlüginde Aşgabat şäherinde geçirilýär. Bu tapgyra bäsleşigiň welaýat, Aşgabat we Arkadag şäher tapgyrlarynda ugurlar boýunça 1-nji hem-de 2-nji orunlary eýelän işler gatnaşdyrylýar. 9.            Bäsleşigiň jemleýji döwlet tapgyryny guramaçylykly geçirmek we eminlik etmek üçin Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Parahatçylyk Gaznasynyň müdiriýetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de «Güneş» žurnalynyň redaksiýasynyň wekillerinden, şeýle hem ýurdumyzyň tanymal döredijilik işgärlerinden ybarat Eminler topary döredilýär. 10.       Bäsleşigiň jemleýji döwlet tapgyrynda yglan edilen 3 ugruň her biri boýunça degişlilikde 1-nji, 2-nji we 3-nji orunlara mynasyp bolan döredijilik işleri kesgitlenilýär. Eminler toparynyň çykaran çözgüdi gutarnyklydyr. 11.       Bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa işjeň gatnaşanlara gurnaýjy edaralaryň (Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Parahatçylyk Gaznasynyň müdiriýetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de «Güneş» žurnalynyň redaksiýasynyň) Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşurylýar. Bäsleşikde ýeňiji bolan döredijilik işleri «Güneş» žurnalynyň sahypalarynda çap edilýär.   Habarlaşmak üçin telefonlar: Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 44-86-40; Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi: 44-89-99, 44-88-81. «Güneş» žurnalynyň redaksiýasy: 38-61-70.

«Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri» atly zehin telebäsleşigi geçiriler Bildirişler
79

«Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri» atly zehin telebäsleşigi geçiriler

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen bilelikde guramagynda ýurdumyzyň orta mekdepleriniň ýokary synp (11-12-nji synplar) okuwçylarynyň arasynda geçiriljek «Ahalteke atlary  ̶  parahatçylygyň ilçileri» atly zehin telebäsleşigi   I. Umumy düzgünler         1.1. Türkmenistanyň orta mekdepleriniň ýokary synp (11-12-nji synplar) okuwçylarynyň arasynda geçirilýän «Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri» atly zehin telebäsleşiginiň (mundan beýläk – telebäsleşik) şu Düzgünnamasy telebäsleşigiň guramaçylyk we geçiriliş tertibini, şeýle hem ýeňijileri we baýrakly orunlary kesgitlemegiň tertibini, olaryň hukuklaryny  düzgünleşdirýär. 1.2. «Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri» atly telebäsleşigiň esasy maksady Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň bagtyýar ýaşlarynyň umumadamzat gymmatlyklarynyň hataryna goşulan ajaýyp milli mirasymyza ­­– behişdi bedewlerimize we seýisçilik sungatymyza bolan beýik buýsanjy, çäksiz söýgüsini hem-de gyzyklanmany terbiýelemekden, olaryň bu babatdaky  gyzyklanmalaryny has-da ýokarlandyrmakdan, ylmy dünýägaraýşyny çuňlaşdyrmakdan, ýaşlary hünärlere ugrukdyrmakdan ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, telebäsleşik şu esasy wezipeleriň berjaý edilmegini maksat edinýär: ─ ýaşlaryň ylmy dünýägaraýşyny ösdürmek, olary türkmen halkynyň baý we gahrymançylykly taryhyndan nusgalyk görelde alyp, şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň atçylyk pudagynda we milli seýisçilik sungatymyzda, atly sportda gazanýan guwandyryjy üstünliklerini mynasyp ýörelge edinip, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen watansöýüji ýaşlary terbiýelemek; ─ ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleri ýetişdirmekde we seýislemekde halkymyzyň gadymdan gelýän köpasyrlyk asylly däplerini dowam etdirjek, täze taryhy eýýamda atçylyk pudagyny we atly sport ösdürmäge, ganatly bedewleriň şan-şöhratyny artdyrmaga mynasyp goşantlaryny goşmaga höwesli ýaşlary ýüze çykarmak; ─ ýalary atçylyk we seýisçilik, atly sport bilen baglanyşykly hünärlere ugrukdyrmak işini kämilleşdirmek; ─ telebäsleşige işjeň gatnaşyp we ýeňiji bolan has zehinli hem-de yhlasly mekdep okuwçylaryny – uçurymlary Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda öz isleg bildiren hünäri boýunça okamak üçin saýlap almaga hödürlemek;  ─ ýaşlarda ahalteke bedewleriniň tohum aýratynlyklaryny, türkmen milli seýisçilik sungatynyň özboluşlylygyny, şöhratly bedewlerimizi we olary seýislän tanymal seýislerimiziň iş usullaryny ýörite öwrenmek bilen baglanyşykly ylmy-barlaglary geçirmäge gyzyklandyrmak; ─ ösüp gelýän ýaş nesilde ýurdumyzyň «Galkynyş» milli at üstündäki toparynyň dünýä ýaryşlarynda we halkara bäsleşiklerinde at üstünde ýerine ýetirýän dürli tilsimlerine, bedewlere ussatlyk bilen erk etmeklerine, at çapmak sungatynyň özboluşly aýratynlyga eýedigini görkezmek boýunça yzygiderli gazanýan üstünliklerine buýsanjy terbiýelemek.          1.3. Bäsleşigiň guramaçylygyna we geçirilişine Türkmenistanyň Bilim ministrligi, «Türkmen atlary» döwlet birleşigi, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy,  Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, bäsleşigi ýazgy etmek we ýaýlyma goýbermek bilen baglanyşykly işlere Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti  ýardam edýär.           1.4. Telebäsleşik atçylyga we atly sporta, milli seýisçilik sungatymyza, şöhratly bedewlerimize, milli at üstündäki oýunlara, bedewlerimiz bilen baglanyşykly türkmen halkynyň däp-dessurlaryna, halk döredijiligine degişli ugurlar boýunça geçiriler. Telebäsleşigiň soraglary, ýumuşlary Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Hakyda göwheri»  atly we beýleki ajaýyp kitaplarynda  we «Döwlet guşy»  «Älem içre at gezer» atly romanlarynda,  şonuň ýaly-da Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar ─ Watanyň daýanjy», «Änew ─ müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet», «Magtymguly ─ dünýäniň akyldary» atly çuňňur mazmunly ajaýyp eserlerinde, şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen neşir edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitapda atçylyga  degişli nakyllardyr atalar sözi we atçylyk baradaky kitaplardaky maglumatlaryň  esasynda düzülýär.          1.5. Telebäsleşige ýurdumyzyň ähli künjeklerinden 11-12-nji synplarda okaýan mekdep okuwçylary gatnaşyp bilerler. Jemleýji tapgyra telebäsleşigiň deslapky tapgyrynda ýeňiji bolan we baýrakly orunlara eýe bolanlar gatnaşyp bilerler.          1.6. Telebäsleşik Türkmenistanyň döwlet dilinde − türkmen dilinde geçirilýär.          1.7. Telebäsleşigiň ähli tapgyrlarynyň netijelerini eminler topary kesgitleýär. Telebäsleşigiň eminler topary Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ylalaşylan hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektorynyň buýrugy bilen dörediler.Toparyň düzümi 3 sany bilermenden ybarat bolup, olar halypa seýislerden «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň hünärmenlerinden, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň  mugallymlaryndan  düzüler.   II. Bäsleşigiň geçiş tapgyrlary            2.1. Telebäsleşigi guramak we geçirmek bilen baglanyşykly işler ýylyň dowamynda alnyp barylýar, ol aşakdaky 8 tapgyrdan durýar: − saýlama tapgyry – bir sany; − teleýaýlymda ýazgy edilýän tapgyrlary – alty sany; − jemleýji tapgyry – bir sany.          2.2. Telebäsleşigiň saýlama tapgyrynda oňa gatnaşmaga isleg bildirýän mekdep okuwçylary öz ýaşaýan welaýatyndaky, Aşgabat şäherindäki Baş bilim müdirlikleriniň we Arkadag şäheriniň bilim müdirliginiň guramagynda sanly ulgam görnüşinde soragnamalara (testlere) jogap berýärler.          2.3. Eminler topary saýlama tapgyryň netijelerini seljermegiň esasynda, ýokary netije gazanan we has tapawutlanan mekdep okuwçylaryny telebäsleşigiň indiki tapgyrlaryna  gatnaşyjylaryň toparyny kesgitleýär.          2.4. Telebäsleşigiň teleýaýlymda ýazgy edilýän tapgyrlary Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda geçirilýär.          2.5. Telebäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň netijesinde I, II, III orunlary eýelän hem-de baş baýraga mynasyp bolan mekdep okuwçylary ýeňijiler hökmünde yglan edilýär. Telebäsleşigiň ýeňijileri altyn, kümüş, bürünç medallar hem-de baş baýrak – ýörite kubok bilen sylaglanýar.             III. Bäsleşigiň üpjünçiligi              3.1. Telebäsleşigiň guramaçylyk-usuly, hünärmen we maglumat üpjünçiligi Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ylalaşylan hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektorynyň buýrugy bilen döredilen telebäsleşigiň guramaçylyk topary tarapyndan amala aşyrylýar.            Telebäsleşigiň guramaçylyk toparynyň düzümi Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň hünärmenlerinden, telebäsleşigiň ýardamçylaryndan hem-de hemaýatkärlerinden ybarat bolar. Bäsleşigiň guramaçylyk topary: ̶  telebäsleşigiň hemmetaraplaýyn üpjünçiligini guraýar; ̶ telebäsleşigiň meýilnamasyny düzýär, geçiriljek wagtyny we senesini kesgitleýär; ̶̶  telebäsleşigiň geçirilişinde ýüze çykýan jedelli ýagdaýlary seljerýär we degişli çözgütleri çykarýar;          ̶  Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna geljekki okuw ýyly üçin bäsleşigiň geçirilmegine haýyşnamalary berýär we şol ýylda geçirilen bäsleşigiň netijeleri boýunça hasabatlary taýýarlaýar. 3.2. Telebäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän mekdep okuwçylaryna hödürleniljek sowallar we ýumuşlar Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň usulyýetçi alymlaryndan, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň professor-mugallymlaryndan, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň «Behişdi ahalteke atlary» habarlar-syn beriş žurnalynyň hünärmenlerinden, atşynaslardan ybarat bolan ýörite usulyýet topary tarapyndan taýýarlanylar. Usulyýet toparynyň agzalary telebäsleşige gatnaşýan zehinli mekdep okuwçylaryna hödürleniljek sowallaryň we ýumuşlaryň telebäsleşigiň maksadyna we wezipelerine laýyklygyny, çuňňur many-mazmunly, gyzykly, bilim we terbiýe berijilik häsiýetli bolmagyny üpjün edýärler.          3.3. Telebäsleşik baradaky maglumat Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň resmi sahypasynda ihba.edu.tm; Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň yashlar.gov.tm sahypalarynda ýerleşdiriler. 3.4. Telebäsleşik jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda öz işini amala aşyrar. 3.5. Telebäsleşigiň ýeňijileri “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hormat hatlary, ýörite diplomlary we şahadatnamalar bilen, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň, şeýle hem hususy telekeçileriň hemaýatkärlik etmeklerinde gymmatbaha ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanarlar.

Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Garaşsyzlyk – bagtymyz» atly makala ýazmak boýunça bäsleşik Bildirişler
125

Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Garaşsyzlyk – bagtymyz» atly makala ýazmak boýunça bäsleşik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan döwletimizde Watanymyzy kuwwatly ýurda öwürmegiň röwşen ýolunda beýik geljegimize gönükdirilen tutumly işler amala aşyrylýar. Arkadagly Gahryman  Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşlere, belent özgerişlere eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň il bähbitli, ýurt ähmiýetli belent maksatlary ýaş nesiller üçin görelde mekdebidir. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman  Serdarymyzyň beren döwlet ähmiýetli tabşyryklaryndan gelip çykýan wezipelerden ugur alyp,  ýaşlarda watansöýüjilik, agzybirlik, ata Watanymyza, merdana halkymyza bolan buýsançlaryny ösdürmek hem-de talyp ýaşlaryň döredijilik ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmen döwlet maliýe instituty tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Garaşsyzlyk – bagtymyz» atly makala ýazmak bäsleşigi yglan edilýär.   Bäsleşigiň maksady we wezipeleri Bäsleşigiň maksady: Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman  Serdarymyzyň ýaşlaryň arasynda döredijilik bäsleşiklerini yzygiderli geçirmek baradaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmekden, ýaşlaryň çuňňur manyly döredijilige bolan gyzyklanmalaryny artdyrmakdan, olaryň çeper pikirlenme, döredijilik ukyplaryny ösdürmekden, ýaşlaryň şahsyýet hökmünde kemala gelmegine, ata-babalarymyzyň ruhy-ahlak, agzybirlik, dost-doganlyk ýörelgelerine ygrarly bolup ýetişmeklerine ýardam etmekden, olarda Bitarap Watanymyza bolan egsilmez buýsanjyny ýokarlandyrmakdan ybarat. Bäsleşigiň wezipeleri: – talyp ýaşlaryň publisistik çykyşlaryny işjeňleşdirmek; – aýratyn zehinli ýaşlary ýüze çykarmak; –       döredijilik hyzmatdaşlygyny giňeltmek.   Bäsleşigi geçirmegiň we oňa gatnaşmagyň şertleri 1. Bäsleşigi geçirmek degişli ýokary okuw mekdeplerine hat ibermek esasynda we institutyň resmi saýtynda ýörite bildirişi ýerleşdirmek arkaly mälim edilýär. 2. Bäsleşige gatnaşyjy talybyň makalasy we olar baradaky maglumaty beýan edýän resmi hat Türkmen döwlet maliýe institutyna ugradylmaly (bäsleşige gatnaşýan talybyň familiýasy, ady, atasynyň ady, okaýan ýokary okuw mekdebiniň ady, hünäri ýa-da taýýarlyk ugry, ýyly, telefon belgisi we makalasynyň ady). 3. Bäsleşige öň hiç ýerde neşir edilmedik, 1 awtor (talyp) tarapyndan ýazylan makala «Garaşsyzlyk – bagtymyz» diýen ýazgy bilen kabul edilýär. 4. Makalanyň möçberi 2-5 sahypa bolmaly, elektron görnüşini Word formatynda (doc we docx giňeltmesi bilen), setir arasy 1,5, Times New Roman şriftinde, 14-lik ölçegde institutyň ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygyna 2026-njy ýylyň sentýabr aýynyň 21-ne çenli gowşurmaly. 5. Makalanyň adynyň ýokarsynda sag tarapdan «Garaşsyzlyk – bagtymyz» atly bäsleşige» diýen goýy gara bilen ýazylan ýazgy bolmaly.         6. Bäsleşige her ýokary okuw mekdebinden 2-den köp bolmadyk talybyň makalasy 2026-njy ýylyň 21-nji sentýabryna çenli kabul edilýär.         7. Bäsleşigiň jemleri 2026-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmen döwlet maliýe institutynyň resmi saýtynda ýerleşdiriler.   Bäsleşigiň eminleri Bäsleşige gatnaşýan talyplaryň makalalaryny bahalandyrýan eminler toparynyň agzalary institutyň professor-mugallymlaryndan, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerinden, gazet-žurnallaryň redaksiýalarynyň döredijilik işgärlerinden düzülýär. Bäsleşigiň eminleri özbaşdak işleýärler, çekeleşikli ýagdaý ýüze çykanda goşmaça şert girizmek ýa-da gatnaşyjylara sowal bilen ýüzlenmek hukugyny özünde saklaýar.   Bäsleşigiň ýeňijilerini yglan etmek Bäsleşigiň jemleri boýunça ýeňijiler bäsleşik tamamlanandan soňra eminler toparynyň agzalary tarapyndan saýlanylar we Türkmen döwlet maliýe institutynyň resmi saýtynda ýerleşdiriler. Bäsleşigiň jemi boýunça I, II, III orunlara mynasyp bolan talyplar institutyň adyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanylar. Guramaçylyk topary: habarlaşmak üçin telefon belgi: +99361663606 Maglumatlary ýollamak üçin elektron salgy: info@tdmai.edu.tm Türkmen döwlet maliýe instituty

«PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY» ATLY AKYL-PAÝHAS BÄSLEŞIGINIŇ VI MÖWSÜMI Bildirişler
214

«PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY» ATLY AKYL-PAÝHAS BÄSLEŞIGINIŇ VI MÖWSÜMI

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýörite karary bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda döredilen Ýaş diplomatlar mekdebiniň guramagynda geçirilýän «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň 2026-2027-nji okuw ýylynda VI möwsüminiň başlanýandygyny mälim edýäris. Bu möwsümde okuwçylar ýazmaça görnüşinde 100 sany test soraglaryna jogap bermek esasynda saýlanylar. Test sowallary orta mekdepleriň 9-12-nji synplarynyň Türkmenistanyň taryhy, dünýä taryhy, Türkmenistanyň medeni mirasy, Dünýä medeniýeti, iňlis dili, rus dili derslerinden bolar. Şeýle hem okuwçylaryň pikirlenişini barlamak maksady bilen akyl-paýhas (IQ, logiki) soraglary hem bolar. “Parahatçylygyň ýaş mekdebiniň çaparlary” atly akyl-paýhas bäsleşiginiň 2026-2027-nji okuw ýylynda geçiriljek VI möwsüminiň şygary – “Garaşsyz we Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty: parahatçylygyň we adamzat ösüşiniň hatyrasyna hyzmatdaşlyk”, “Parahatçylygyň ýaş çaparlary” atly akyl-paýhas bäsleşigine ýurdumyzyň 10-11-12-nji synp okuwçylary gatnaşyp biler. Bäsleşige gatnaşmak isleýän okuwçylar bilen saýlama test synagy 2026-njy ýylyň 9-njy sentýabrynda geçiriler. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän 10-11-12-nji synp mekdep okuwçylary özleri baradaky maglumatlary 2026-njy ýylyň 5-nji sentýabryna çenli möhletde şu elektron salga ibermeli: parahatchylygynchaparlary@gmail.com Maglumatlar şu aşakdaky tertipde ýazylmaly: 1.Şahsy maglumatlary (Ady we familiýasy, anyk ýaşaýan salgysy, okaýan mekdebi we synpy, öý we el telefon belgileri, elektron salgysy, mekdep formasynda resminama üçin düşülen 3x4 ölçegdäki suraty hem goşmak bilen); 2. Okuwda, döredijilikde we bäsleşiklerde gazanan üstünlikleri; 3. Bilýän hem-de öwrenmegi dowam etdirýän daşary ýurt dilleri; 4.Gyzyklanýan bilim ugurlary, gowy görýän güýmenjeleri we.ş.m.   Guramaçylyk topary 

Türkmen döwlet medeniýet instituty ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda “Türkmenistanyň taryhy” dersi  boýunça geçiriljek onlaýn bäsleşigi Bildirişler
143

Türkmen döwlet medeniýet instituty ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda “Türkmenistanyň taryhy” dersi boýunça geçiriljek onlaýn bäsleşigi

Türkmen döwlet  medeniýet instituty ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň  talyp ýaşlarynyň arasynda  “Türkmenistanyň taryhy” dersi boýunça geçiriljek onlaýn bäsleşigi Türkmen döwlet medeniýet instituty şanly Garaşsyzlygymyzyň 35  ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabryndaky 340 belgili Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmegiň Meýilnamasyny amala aşyrmak, bilim ulgamynda innowasiýalary ornaşdyrmak, 2024-nji 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýetimizi, edebiýatymyzy, şöhratly taryhymyzy täze nazaryýet esasynda düýpli öwrenmek hem-de ylmy taýdan beýan etmek” hakyndaky tabşyrygyny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly wezipeleriň durmuşa geçirilmegine ýardam etmek, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan buýsanjyny artdyrmak, ýaşlarda watansöýüjilik duýgusyny has-da berkitmek hem-de zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen “Türkmenistanyň taryhy” dersi boýunça onlaýn ders bäsleşigini geçirýär.                                         I. UMUMY DÜZGÜNLER         Şu düzgünnama Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Türkmenistanyň taryhy” dersi boýunça onlaýn ders bäsleşigini guramagyň we geçirmegiň kadalaşdyryjy resminamasy bolup, bäsleşigi geçirmegiň tertibini kesgitleýär.     “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” we Türkmenistanda durmuş-ynsanperwer ylymlaryny ösdürmegiň Döwlet Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde geçiriljek “Türkmenistanyň taryhy” dersi boýunça onlaýn  bäsleşigininiň esasy wezipeleri Garaşsyz Watanymyza, mähriban halkymyza, Türkmenistanyň Prezidentine wepaly ýaşlarymyzda türkmeniň taryhyny ylmy esasda çuňňur öwrenmek we taryhymyza bolan buýsançlaryny atrdyrmak, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti paýhasyndan çykan eserleriniň many-mazmunyna has-da giňişleýin düşünmek we ýaşlaryň arasynda wagyz işlerini ýokarlandyrmak maksady bilen ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ýiti zehinli talyplary ýüze çykarmakdan ybaratdyr.    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Internet tehnologiýalarynyň çalt depginler bilen ösýän, okatmagyň täze innowasion tehnologiýalarynyň döreýän we döwletimiziň dünýäniň  sanly bilim giňişligine goşulýan döwründe  esasan hem “Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzyň  ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýän onlaýn bäsleşikler ynsanperwer ugurly dersleriň okadylyşyny has-da kämilleşdirmäge, ýiti zehinli we başarjaň talyp ýaşlary ýüze çykarmaklyga ýardam eder.   II. BÄSLEŞIGIŇ GEÇIRILIŞ TERTIBI WE ŞERTLERI 1.    Bäsleşik 2026-njy ýylyň sentýabr  aýynyň 18-ine sagat 14:00-da hasaba alnan ýokary okuw mekdeplerinde bir wagtda  başlanar we  gatnaşýanlaryň ählisi  wideoşekilli        aragatnaşyk arkaly göni ýaýlymda görkeziler. 2. “Türkmenistanyň taryhy” dersi boýunça onlaýn bäsleşigi ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilip, her bir ýokary okuw mekdebinden 4 (dört) talyp gatnaşyp biler we guramaçy institutyň sanly bilim portalynyň binýadynda her ýokary okuw mekdebiniň özünde onlaýn gömüşinde gatnaşmak arkaly geçiriler. 3.   Bäsleşige gatnaşýan ýokary okuw mekdebi bäsleşige 25 sany test soragy hödürläp biler. Hödürlenen meseleler anyk jogaplary bilen bäsleşigi geçirýän ýokary okuw mekdebine ugradylmaly. Teklip edilýän test soraglary “Türkmenistanyň taryhy” dersine we Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň eserlerine degişli bolup biler. Bäsleşigi gurnaýan ýokary okuw mekdebi hödürlenen soraglaryň içinden 50 sany test soragy saýlanylar. Her bir sorag  4 sany  jogap  (Jogaplaryň biri dogry)  görnüşde taýýarlanar. Her bir dogry jogaba 2 bal berilýär. Testi işlemekligiň dowamlylygy 60 minut. 4.   Gatnaşyjylara bäsleşigiň geçýän wagtynda öz ýany bilen mobil enjamlaryny we        islendik gözükdiriji, serişdeleri, maglumat göterijileri we beýleki sanly serişdeleri ulanmaga rugsat berilmeýär. Talyplar sowaly özbaşdak işlemeli. 5.    Bäsleşigiň geçirilýän wagtynda goşmaça kömek edilen, töweregindäki adamlar bilen gürrüň eden ýa-da kitap-gazet makalalaryny ulanan ýagdaýynda gatnaşyjy bäsleşige gatnaşýanlaryň hataryndan çykarylar. 6. Wideo aragatnaşygy üpjün etmeklik üçin web kamera, internet arkaly Zoom programmasynda institut tarapyndan baglanşyk ssylkasyny bäsleşigiň geçirilmeli güninden 1 gün öň ugradylar. Bäsleşigiň dowamynda wideo gözegçini (Kamerany) öçürmek we mikrofony ýapmak gadagan edilýär. 7.   Bäsleşige gatnaşyjy talyplar toparyna ýolbaşçylyk edýän mugallymlaryň elektron poçtalaryna ugradyljak salgy boýunça birikdirilmelidir. 8.   Bäsleşige gatnaşjak talyplar we jogapkär mugallym baradaky maglumatlary hem-de ýokary mekdepleri öz taýýarlan testlerini (25 sany) 2026-njy ýylyň  sentýabr aýynyň 10-yna çenli aşakda görkezilen nusga laýyklykda word (*.docx) faýlynda)  tdmi@sanly.tm salgysyna ugratmaly. Institutyň saýtyna girmeli bolar we saýtda görkezilen ders bäsleşigi menýusyna girip amala aşyrylar.     ÝOKARY OKUW MEKDEBINIŇ ADY T/b Talybyň familiýasy, ady we atasynyň ady Ýyly, hünäri (El telefony, elektron ) poçtasynyň salgysy 1.       2.       3.       4         Jogapkär mugallymyň familiýasy, ady we atasynyň ady, wezipesi, telefon belgisi     III. BÄSLEŞIGIŇ  EMINLER WE GÖZEGÇILIK TOPARY   1.         Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda                   “Türkmenistanyň taryhy” dersi boýunça onlaýn  bäsleşigini üstünlikli        geçirmek we jemini jemlemek üçin Türkmen döwlet medeniýet instituty tarapyndan eminler topary döredilýär. 2.         Ýokary okuw mekdeplerinden jogapkär mugallymlar bäsleşigiň geçirilişine onlaýn wideoşekilli aragatnaşyk ulgamy arkaly gözegçilik edip biler. 3.         Bäsleşige gatnaşýan talyplarynyň işleriniň netijeleri boýunça düşünişmezlik ýüze çykan ýagdaýynda olara ýolbaşçylyk edýän mugallym guramaçylyk bahalandyryş toparyna arz-şikaýat bilen görkezilen elektron poçta arkaly ýüz tutup biler. 4          Arz-şikaýatlar, ýüz tutmalar eminler topary tarapyndan seredilýär we onuň ahyrky netijesini eminler toparynyň başlygy kesgitleýär. Gutarnykly netije üýtgedilmäge degişli däldir.                                 IV. NETIJELERINI JEMLEMEK WE ÝEŇIJILERI                                          SYLAGLAMAK    1.      Bäsleşikde toplanan ballaryň iň ýokary mümkinçiligi 100 bal.  2.      Bäsleşigiň netijesi her gatnaşyjynyň toplan ballarynyň jemi boýunça                  kesgitleniler we beýanlar arkaly reşmileşdiriler. 3.       Eminler toparynyň netijenamasy esasynda bäsleşige gatnaşan talyplaryň 50%                       ýeňiji diýip yglan ediler we olar I, II we III derejeli diplomlar bilen sylaglanar.                 Habarlaşmak üçin telefonlar: +993 482863,  +99365056749                      E-mail: tdmi.info@mail.ru, bmedeniýetagmail.com                                           I. UMUMY DÜZGÜNLER         Şu düzgünnama Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Türkmenistanyň taryhy” dersi boýunça onlaýn ders bäsleşigini guramagyň we geçirmegiň kadalaşdyryjy resminamasy bolup, bäsleşigi geçirmegiň tertibini kesgitleýär.     “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” we Türkmenistanda durmuş-ynsanperwer ylymlaryny ösdürmegiň Döwlet Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde geçiriljek “Türkmenistanyň taryhy” dersi boýunça onlaýn  bäsleşigininiň esasy wezipeleri Garaşsyz Watanymyza, mähriban halkymyza, Türkmenistanyň Prezidentine wepaly ýaşlarymyzda türkmeniň taryhyny ylmy esasda çuňňur öwrenmek we taryhymyza bolan buýsançlaryny atrdyrmak, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti paýhasyndan çykan eserleriniň many-mazmunyna has-da giňişleýin düşünmek we ýaşlaryň arasynda wagyz işlerini ýokarlandyrmak maksady bilen ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ýiti zehinli talyplary ýüze çykarmakdan ybaratdyr.    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Internet tehnologiýalarynyň çalt depginler bilen ösýän, okatmagyň täze innowasion tehnologiýalarynyň döreýän we döwletimiziň dünýäniň  sanly bilim giňişligine goşulýan döwründe  esasan hem “Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzyň  ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýän onlaýn bäsleşikler ynsanperwer ugurly dersleriň okadylyşyny has-da kämilleşdirmäge, ýiti zehinli we başarjaň talyp ýaşlary ýüze çykarmaklyga ýardam eder.   II. BÄSLEŞIGIŇ GEÇIRILIŞ TERTIBI WE ŞERTLERI 1.    Bäsleşik 2026-njy ýylyň sentýabr  aýynyň 18-ine sagat 14:00-da hasaba alnan ýokary okuw mekdeplerinde bir wagtda  başlanar we  gatnaşýanlaryň ählisi  wideoşekilli        aragatnaşyk arkaly göni ýaýlymda görkeziler. 2. “Türkmenistanyň taryhy” dersi boýunça onlaýn bäsleşigi ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilip, her bir ýokary okuw mekdebinden 4 (dört) talyp gatnaşyp biler we guramaçy institutyň sanly bilim portalynyň binýadynda her ýokary okuw mekdebiniň özünde onlaýn gömüşinde gatnaşmak arkaly geçiriler. 3.   Bäsleşige gatnaşýan ýokary okuw mekdebi bäsleşige 25 sany test soragy hödürläp biler. Hödürlenen meseleler anyk jogaplary bilen bäsleşigi geçirýän ýokary okuw mekdebine ugradylmaly. Teklip edilýän test soraglary “Türkmenistanyň taryhy” dersine we Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň eserlerine degişli bolup biler. Bäsleşigi gurnaýan ýokary okuw mekdebi hödürlenen soraglaryň içinden 50 sany test soragy saýlanylar. Her bir sorag  4 sany  jogap  (Jogaplaryň biri dogry)  görnüşde taýýarlanar. Her bir dogry jogaba 2 bal berilýär. Testi işlemekligiň dowamlylygy 60 minut. 4.   Gatnaşyjylara bäsleşigiň geçýän wagtynda öz ýany bilen mobil enjamlaryny we        islendik gözükdiriji, serişdeleri, maglumat göterijileri we beýleki sanly serişdeleri ulanmaga rugsat berilmeýär. Talyplar sowaly özbaşdak işlemeli. 5.    Bäsleşigiň geçirilýän wagtynda goşmaça kömek edilen, töweregindäki adamlar bilen gürrüň eden ýa-da kitap-gazet makalalaryny ulanan ýagdaýynda gatnaşyjy bäsleşige gatnaşýanlaryň hataryndan çykarylar. 6. Wideo aragatnaşygy üpjün etmeklik üçin web kamera, internet arkaly Zoom programmasynda institut tarapyndan baglanşyk ssylkasyny bäsleşigiň geçirilmeli güninden 1 gün öň ugradylar. Bäsleşigiň dowamynda wideo gözegçini (Kamerany) öçürmek we mikrofony ýapmak gadagan edilýär. 7.   Bäsleşige gatnaşyjy talyplar toparyna ýolbaşçylyk edýän mugallymlaryň elektron poçtalaryna ugradyljak salgy boýunça birikdirilmelidir. 8.   Bäsleşige gatnaşjak talyplar we jogapkär mugallym baradaky maglumatlary hem-de ýokary mekdepleri öz taýýarlan testlerini (25 sany) 2026-njy ýylyň  sentýabr aýynyň 10-yna çenli aşakda görkezilen nusga laýyklykda word (*.docx) faýlynda)  tdmi@sanly.tm salgysyna ugratmaly. Institutyň saýtyna girmeli bolar we saýtda görkezilen ders bäsleşigi menýusyna girip amala aşyrylar.     ÝOKARY OKUW MEKDEBINIŇ ADY T/b Talybyň familiýasy, ady we atasynyň ady Ýyly, hünäri (El telefony, elektron ) poçtasynyň salgysy 1.       2.       3.       4         Jogapkär mugallymyň familiýasy, ady we atasynyň ady, wezipesi, telefon belgisi     III. BÄSLEŞIGIŇ  EMINLER WE GÖZEGÇILIK TOPARY   1.         Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda                   “Türkmenistanyň taryhy” dersi boýunça onlaýn  bäsleşigini üstünlikli        geçirmek we jemini jemlemek üçin Türkmen döwlet medeniýet instituty tarapyndan eminler topary döredilýär. 2.         Ýokary okuw mekdeplerinden jogapkär mugallymlar bäsleşigiň geçirilişine onlaýn wideoşekilli aragatnaşyk ulgamy arkaly gözegçilik edip biler. 3.         Bäsleşige gatnaşýan talyplarynyň işleriniň netijeleri boýunça düşünişmezlik ýüze çykan ýagdaýynda olara ýolbaşçylyk edýän mugallym guramaçylyk bahalandyryş toparyna arz-şikaýat bilen görkezilen elektron poçta arkaly ýüz tutup biler. 4          Arz-şikaýatlar, ýüz tutmalar eminler topary tarapyndan seredilýär we onuň ahyrky netijesini eminler toparynyň başlygy kesgitleýär. Gutarnykly netije üýtgedilmäge degişli däldir.                                 IV. NETIJELERINI JEMLEMEK WE ÝEŇIJILERI                                          SYLAGLAMAK    1.      Bäsleşikde toplanan ballaryň iň ýokary mümkinçiligi 100 bal.  2.      Bäsleşigiň netijesi her gatnaşyjynyň toplan ballarynyň jemi boýunça                  kesgitleniler we beýanlar arkaly reşmileşdiriler. 3.       Eminler toparynyň netijenamasy esasynda bäsleşige gatnaşan talyplaryň 50%                       ýeňiji diýip yglan ediler we olar I, II we III derejeli diplomlar bilen sylaglanar.                 Habarlaşmak üçin telefonlar: +993 482863,  +99365056749                      E-mail: tdmi.info@mail.ru, bmedeniýetagmail.com

TÜRKMENISTANYŇ BILIM MINISTRLIGI 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş işini geçirýär Bildirişler
545

TÜRKMENISTANYŇ BILIM MINISTRLIGI 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş işini geçirýär

Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmek üçin binýatlyk bilimi umumy orta bilimden pes bolmadyk, 18 ýaşy dolýan we 25 ýaşdan geçmeýän hem-de iňlis dilini bilýän Türkmenistanyň raýatlarynyň resminamalary 2026-nji ýylyň 16-21-nji iýuny aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde kabul edilýär. Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde ýokary hünär bilimi maksatnamalary boýunça okadyljak hünärler we okuwa kabul etmegiň sany, şeýle hem okuwyň şertleri baradaky maglumatlary kabul ediş toparyndan alyp bolar. Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: Türkmenistanyň raýaty üçin bellenen nusgadaky arza we sowalnama; soňky okuw ýa-da iş ýerinden (harby bölümden) häsiýetnama; 3x4 sm ölçegde on iki sany fotosurat; Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdepleri üçin soralýan bellenen nusgadaky sowalnama; dogluş hakynda şahadatnama (göçürmesi we tassyklanan terjimesi); hemişelik ýaşaýan ýerini tassyklaýan kepilnama (göçürmesi we tassyklanan terjimesi); Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportynyň ilkinji 2 sahypasynyň nusgasy (pasportyň möhleti isleg bildirilýän okuw maksatnamasy başlanandan soň azyndan 6 aý hereket etmelidir); şahsy pasportynyň nusgasy; raýatyň adynyň üýtgedilendigini tassyklaýan resminamanyň (bar bolsa) göçürmesi we tassyklanan terjimesi; SAT (Scholastic Aptitude Test), TOEFL (Test of English as a Foreign Language) we IELTS (International English Language Testing System) hem-de HSK (Chinese Proficiency Test) akademiki bahalandyryş synaglarynyň birinden üstünlikli geçendigini tassyklaýan şahadatnamanyň asyl nusgasy (akademiki bahalandyryş synaglarynyň birinden üstünlikli geçendigini tassyklaýan şahadatnamasy bolan dalaşgärler artykmaçlykdan peýdalanýarlar); CSCA (China Scholastic Competency Assessment) synagynyň netijeleri; ýokary hünär bilim edaralaryna kabul edilende artykmaçlyklardan peýdalanýan mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijisidigini, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşandygyny tassyklaýan degişli resminamanyň we ýurduň ygtyýarly edaralary tarapyndan berlen okuw şahadatnamalarynyň asyl nusgasy (bar bolsa); umumy orta bilim, orta hünär ýa-da ýokary hünär bilimi baradaky resminamanyň asyl nusgasy. Eger dalaşgär orta mekdebiň gutardyş synpynda okaýan bolsa, şahsy jiltiniň (okuwa ýetişiginiň bahalary bilen bilelikde) tassyklanan göçürmesi. Bilim hakyndaky resminama daşary ýurt döwletinde berlen bolsa onuň Türkmenistanda ykrar edilendigi baradaky şahadatnamasy hem goşulýar; diplomyň goşundysynyň asyl nusgasy (hasap-synag sanawnamasyndan göçürme, transkript hem-de onuň göçürmesi we tassyklanan terjimesi); hytaý dili boýunça dil taýýarlygy okuwyny tamamlandygyny ýa-da hytaý dilini öwrenendigini tassyklaýan şahadatnama (bar bolsa); Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenen nusgadaky saglyk güwänamasy (Türkmenistanyň çäginden daşardaky ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmäge dalaş edýän raýatlaryň saglyk güwänamasy); Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde kabul ediş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar: - Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny hem-de Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny; - Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny (şahadatnamanyň nusgasy we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwä haty tabşyrylýar). Resminamalaryň terjimeleri iňlis dilinde bolmalydyr. Resminamalary kabul ediş topary zerur bolan halatynda dalaşgärden goşmaça maglumatlary sorap biler. Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär. Kabul edilen resminamalaryň netijeleri boýunça ýokary görkezijilere eýe bolan dalaşgärler bilen 2026-njy ýylyň 23-nji iýunynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde seçip alyş işi boýunça söhbetdeşlik geçiriler. Söhbetdeşlik umumybilim berýän derslerden geçiriler.   Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat ş., 1958-nji (Andalyp) köçesi, 169, tel.: (+993 12) 39-85-62, 39-85-25 elektron salgysy: admissioniuhd@gmail.com  

Logo Bilim ministrligi

Dil saýlaň