Tugra Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Bäsleşikler

Döwlet we halkara bäsleşikleri

Mugallymlaryň, terbiýeçileriň we talyplaryň arasynda zehinleri ýüze çykarmak üçin geçirilýän döwlet derejeli ýaryşlar.

Naýbaşy gymmatlyklara bagyşlandy Döredijilik bäsleşikleri
7

Naýbaşy gymmatlyklara bagyşlandy

Golaýda «Türkmen dünýäsi» gazetiniň redaksiýasynyň Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi bilen bilelikde yglan eden «Garaşsyz döwrümiň uçar ganaty, milletiň myrady — ganatly aty» atly hem-de Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti bilen bilelikde guran «Gözel türkmen tebigaty, ganatlydyr bedew aty» atly döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy we maslahat geçirildi. Turuwbaşdan uly ruhy joşguna beslenen aýdym-sazly maslahata köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň, Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň wekilleri, şeýle-de ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar. Baş baýramymyza — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuna barýan günlerimizde geçirilen maslahatda eziz Diýarymyzyň döwrebap ösüşleri, ýurdumyzyň ekologiýa syýasatynda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler, sebit we dünýä derejesinde ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary dogrusynda täsirli çykyşlar diňlenildi. Dutarda ýerine ýetirilen çykyşlar we Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň «Türkmen sährasy» toparynyň aýdymlary baýramçylyk çäresine aýratyn öwüşgin berdi. Dabaranyň ahyrynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen bäsleşikleriň ýeňijilerine ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Olaryň hatarynda ýurdumyzyň çar künjünden gelen, dürli wezipelerde zähmet çekýän ildeşlerimiz bilen bir hatarda, daşary ýurtly türkmenleriň hem bolmagy diýseň buýsandyryjydyr. Dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan doganlarymyz Garaşsyz Watanymyz Türkmenistan bilen ýakyn aragatnaşyk saklap, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yzygiderli çykyş edýärler. Dabaraly maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna hoşallyk sözleri aýdyldy. Toýly BABAÝEW, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby. Surata düşüren Dörtguly MYRATGULYÝEW.

ZEHINLI ÇAGALARYŇ «GARAŞSYZLYGYŇ MERJEN DÄNELERI - 2026» ATLY BÄSLEŞIGINIŇ ÝEŇIJILERI Döredijilik bäsleşikleri
16

ZEHINLI ÇAGALARYŇ «GARAŞSYZLYGYŇ MERJEN DÄNELERI - 2026» ATLY BÄSLEŞIGINIŇ ÝEŇIJILERI

Nurgözel Berdiýewa Aşgabat şäherindäki 99-njy orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy                                                         Sary Amanow Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabyndaky 26-njy orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy                                                       Leýla Çaryýewa  Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy                                                       Hudaýberdi Hojaberdiýew Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy                                                       Allanazar Annageldiýew Arkadag şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 3-nji orta  mekdebiň 8-nji synp okuwçysy                                                       Aýna Döwletýarowa  Lebap welaýatynyň Dänew etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy                                                       Baýramdurdy Çaryýew  Mary welaýatynyň  Oguzhan etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy                                                    

Halkara matematika bäsleşiginiň buýsançly netijesi Ders bäsleşikleri
28

Halkara matematika bäsleşiginiň buýsançly netijesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýen şygar astynda Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ylmy we amaly işleri ata Watanymyzy gysga döwrüň içinde durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde, ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmakda, ähli pudaklary innowasion esasda ösdürmekde we döwrebaplaşdyrmakda, ösen bazar gatnaşyklaryny ornaşdyrmakda uly ähmiýeti bardyr. Hormatly Prezidentimiz çykyşlarynyň birinde şeýle belläpdi - Her bir döwletiň binýadynyň berkligi, ösüşiniň ýokary depgini, ýaşaýyş-durmuş derejesi ýurtda alnyp barylýan bilim-ylym syýasaty bilen berk baglydyr.  Ajaýyp sözlerden ugur alyp Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ägirt uly işleri ýola goýdy. Golaýda, has takygy şu ýylyň 26-njy iýuly - 4-nji awgusty aralygynda Amerikanyň birleşen ştatlarynyň, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen  Patşylygynyň Londan uniwersitet koležiniň we Bolgariýa Respublikasyndaky Amerikan uniwersitetiniň bilelikde gurnamagynda Bolgariýa Respublikasynyň Blagoýewgrad şäherinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda geçirilen 33-nji Halkara matematika bäsleşigine Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň  Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň  4-nji ýyl talyby Öwezmyradow Batyr Wepaýewiç gatnaşyp Altyn medala mynasyp boldy. Berkarar döwletimizde ýaşlaryň hemmetaraplaýyn bilim almagy üçin ähli şertleri üpjün etmek, zehinli ýaşlara goldaw bermek, ýaşlaryň beden we ruhy ösüşine gönükdirilen şertleri döretmek işleri maksatnamalaýyn amala aşyrylýar. Mähriban Arkadagymyzyň ýaşlara bolan ynamyny ödemek biziň baş maksadymyzdyr. Arkadag Prezidentimiziň sargyt edişi ýaly, dogruçyl, akgöwünli, hoşniýetli, zähmetsöýer we watançy bolmak baş ýörelgämizdir.   Şu pursatdan peýdalanyp Ata Watanymyz Türkmenistan döwletimizi ähli taraplaýyn, köp ugurly ösdürýän Gahryman Arkadagymyza,  Gahryman Arkadagly Hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, mertebeli başlarynyň hemişe aman bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.  

Ekologiýa boýunça iň gowy taslama Taslama bäsleşikleri
24

Ekologiýa boýunça iň gowy taslama

Golaýda Özbegistan Respublikasynyň Şahrisabs şäherinde geçirilen «Ýaşlar — geljegi gurujylar» atly V Halkara ekologiýa gurultaýy daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak we ekologiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine bagyşlandy. Oňa Merkezi Aziýa döwletleri bilen birlikde, Russiýadan, Belarusdan, Azerbaýjandan, Türkiýeden we beýleki ýurtlardan wekiller gatnaşdylar. Halkara gurultaýyň çäklerinde geçirilen «Iň gowy halkara ekologik taslama» bäsleşigi netijeli häsiýeti bilen tapawutlandy. Onda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ekologiýa we ekologik tehnologiýalar kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Oguldurdy Baýramowa hem öz taslamasy bilen çykyş etdi. Türkmen hünärmeniniň ekologik taslamasy bäsleşigiň netijesinde I orna mynasyp boldy. Bu halkara üstünlik ýurdumyzyň bilim ulgamynda ylmy gözlegleriň, innowasion başlangyçlaryň we ýaş hünärmenleriň döredijilik mümkinçilikleriniň giňelýändiginiň nobatdaky aýdyň mysalyna öwrüldi. Şeýle hem ol ekologik meseleleriň ylmy taýdan öwrenilmegine we türkmen bilim işgärleriniň halkara tejribesiniň baýlaşmagyna goşant goşdy. Maksatmyrat ÇARYÝEW. «Türkmenistan»

Umumybilim berýän orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda  Biologiýa dersi boýunça bäsleşik Ders bäsleşikleri
42

Umumybilim berýän orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda Biologiýa dersi boýunça bäsleşik

MYRAT GARRYÝEW ADYNDAKY TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET LUKMANÇYLYK UNIWERSITETI   Umumybilim berýän orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda Biologiýa dersi boýunça bäsleşigi   Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynda innowasiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem bilimiň hiline garaşsyz monitoringi amala aşyrmak, Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026-2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2026-njy ýyl üçin Meýilnamasynda göz öňünde tutulan işleri durmuşa geçirmek hem-de 2023-nji ýylyň 21-nji iýulynda Türkmenistanyň Bilim ministriniň 291 belgili buýrugy bilen tassyklanan «Türkmenistanda ýaşlary hünäre ugrukdyrmak işlerini geçirmek barada Gözükdirijiniň» talaplaryny berjaý etmek maksady bilen “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda Biologiýa dersi boýunça bäsleşigi guramak we geçirmek üçin şu Düzgünnama işlenip taýýarlanyldy.   1.    UMUMY DÜZGÜNLER   Düzgünnama ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 11-nji we    12-nji  synp okuwçylarynyň arasynda geçiriljek  Biologiýa  dersi boýunça bäsleşigi guramagyň we geçirmegiň kadalaşdyryjy resminamasydyr. Türkmenistanyň bilim ulgamynyň dünýäniň ylym-bilim giňişligine sazlaşykly aralaşýan döwründe ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda biologiýa  dersinden bäsleşigi geçirmeklik Türkmenistanda tebigy ylmy ugurlar boýunça    bilim-terbiýe bermekdäki milli standartlary dünýäniň öňdebaryjy tejribesi bilen utgaşdyrmakdan hem-de okatmagyň hilini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Häzirki zaman döwrebap usullaryny hem-de  sanly bilim ulgamyny ulanmak arkaly ýaşlaryň bilimleri, başarnyklary we endikleri açylyp görkeziler. Bäsleşigiň geçirilmegi häzirki döwürde ýüze çykýan biologiýa dersine degişli ylmy we amaly meseleleri derňemäge ukyply ýaşlary ýetişdirmäge, barha ösýän jemgyýetde başarjaň, bilimli, döredijilikli, zehinli şahsyýetleri kemala getirmäge, zehinli ýaşlaryň biologiýa dersi boýunça bilimlerini has-da artdyrmaga, umumybilim berýän orta mekdepler bilen ýokary okuw mekdepleriň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de mekdep okuwçylaryny hünäre ugrukdyrmaga itergi berer.   II. BÄSLEŞIGIŇ MAKSADY WE WEZIPELERI   Bäsleşigiň maksady: a)  Türkmenistanyň  ýokary okuw mekdepleri bilen umumybilim berýän  orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda gatnaşyklary berkitmek we özara bähbitli ylmy-okuw maglumatlary alyş-çalyş etmek; b) ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň we orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylaryň  bilelikde ylym-bilim ulgamynda pikir alyşmalaryny guramak; ç) ýurdumyzyň dürli künjegindäki zehinli okuwçylary uniwersitetimize jemlemek arkaly uniwersitetimizde alnyp barylýan okuw-usuly we ylmy işler hem-de medeni çäreler bilen giňden tanyşdyrmak; d) häzirki döwürde ýüze çykýan ylmy we amaly meselelere gyzyklanma döredip, mekdep okuwçylaryň arasynda geljekde hünär ugurlaryny saýlamaklaryna ýardam bermek. Bäsleşigiň wezipesi: a)  häzirki zaman tehnologiýalary ulanmak arkaly nazary meseleleri çözmeklige gyzyklanma döretmek; b) zehinli we ukyply çagalary ýüze çykarmak, olaryň mundan beýläk intellektual ösüşi bilen bagly hünär saýlamaklaryna oňyn şertleri döretmek; ç)  sanly maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary arkaly ýokary okuw mekdepleriň we aýry-aýry ylmy merkezleriň özara aragatnaşygyny amala aşyrmak.   III. BÄSLEŞIGI GURAMAGYŇ WE GEÇIRMEGIŇ TERTIBI 3.1.         Bäsleşik ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 11-nji we       12-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçiriler we ýumuşlar synplar boýunça tapawutlandyrylmaz (11-nji we 12-nji synplar bilelikde bäsleşerler). 3.2.         Bäsleşigiň test ýumuşlary türkmen dilinde hödürlener. 3.3.         Bäsleşik 2 tapgyrdan, ýagny saýlawjy we jemleýji tapgyrlaryndan ybarat bolup, saýlawjy tapgyryny Welaýat we Aşgabat şäher Baş bilim müdirlikleri, Arkadag şäheriniň bilim müdirligi hem-de Ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internaty öz jogapkärçiliklerinde mekdep okuwçylarynyň arasynda bäsleşik esasynda ýeňijileri seçip alarlar. Saýlawjy tapgyryň yzygiderliligi:   her mekdep okuwçylarynyň arasyndan 3 okuwçyny bäsleşik esasynda saýlap, olary etrap tapgyryna gatnaşdyrmaly hem-de her etrapdan bäsleşik esasynda saýlanan 3 okuwçyny welaýat (şäher) tapgyryna hödürlemeli. Welaýat (şäher) tapgyry 2026-njy ýylyň sentýabr aýynyň 14-ne geçiriler  hem-de welaýatlardan we Aşgabat, Arkadag şäherlerinden saýlawjy tapgyryndan saýlanan 5 okuwçy, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän                  mekdep-internatyndan 3 okuwçy  jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanar. 3.4.         Bäsleşigiň jemleýji tapgyry 2026-njy ýylyň sentýabr  aýynyň 18-ne sagat 10:00-da saýlawjy tapgyrynda ýeňiji bolan okuwçylaryň arasynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde geçiriler; 3.6.         Gatnaşyjylar bäsleşigiň başlanmagyna 1 sagat galanda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetine gelmeli. Jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan okuwçylaryň welaýatlardan (şäherlerden) gelmekleri hem-de yzlaryna gaýtmaklary degişli ýolbaşçylaryň jogapkärçiliginde amala aşyrylmaly. 3.7.         Gatnaşyjylaryň ählisi häzirki zaman kompýuterleri bilen üpjün ediler hem-de test soraglary we ýumuşlar kompýuterde ýörite programmanyň kömegi bilen  geçiriler. 3.7.1.  Guramaçylyk topary tarapyndan gatnaşyjylara ulanyjynyň ady (login) we parol bäsleşik başlamazdan öň özlerine paýlanar; 3.7.2.  Ulanyjynyň ady (login hem-de paroly) bir gezek ulanmaga niýetlenendir we ony guramaçylyk topary tarapyndan rugsat berlen wagty ulgama girmek üçin ulanylyp bilner; 3.7.3.  Size berilen ulanyş sahypasyna gireniňizde dersiň okuw maksatnamasyna laýyklykda test görnüşinde ýumuşlar berler; 3.8.         Testleri işlemek üçin jemi berilýän wagt – 90 minut; 3.9.         Gatnaşyjy ýumuşlary ýerine ýetirýän wagtynda diňe bäsleşigi geçirmek üçin niýetlenen programma üpjünçiligi bilen işlemeli; 3.10.    Gatnaşyjy ýany bilen diňe ýazuw kagyzyny, ruçka, galam we kalkulýator alyp biler; 3.11.    Ýumuşlary ýerine ýetirmek üçin berlen wagtyň dowamynda gatnaşyjylara okuw kitaplaryndan, gollanmalaryndan, aragatnaşyk serişdelerinden, öýjükli telefonyndan, gözükdirijilerden, maglumat göteriji-geçiriji beýleki islendik serişdelerinden peýdalanmaga rugsat berilmeýär; 3.12.    Bäsleşige gatnaşýan okuwçylar hödürlenen meseleleri özbaşdak çözmeli. Bäsleşigiň geçirilýän wagty goşmaça kömek edilen, töweregindäki ýoldaşlary bilen gürleşen ýa-da kitap-gazet we beýleki maglumat serişdelerini ulanan ýagdaýynda okuwçy bäsleşige gatnaşyjylaryň hataryndan çykarylar; 3.13.    Okuwçylar ýumuşlary ýerine ýetirýän wagtynda degişli soraglary bilen bäsleşigi gurnaýjylara ýa-da kompýuter otagynyň tehniki işgärlerine ýüz tutup biler; 3.14.    Gatnaşyjylar we olary taýýarlan mugallymlar baradaky maglumatlary           2026-njy ýylyň 15-nji sentýabryna çenli aşakdaky nusga laýyklykda taýýarlap tdlu.iolimp@gmail.com salgysyna ugratmaly.   NUSGA   T/b Familiýasy we ady Okaýan/işleýän ýeri wezipesi/synpy Elektron poçtasy Telefon belgisi 3*4 lik suraty 1.        Ataýew Ata Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň hünärmeni ataýew@sanly.tm +99365112022 surat 2.        Meredow Meret Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň 11-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy       3.                      IV.BÄSLEŞIGIŇ ÝEŇIJILERINI KESGITLEMEGIŇ WE SYLAGLAMAGYŇ TERTIBI   2.      3.      4.      4.1.    Bäsleşigiň netijesi toplanan ballaryň jemi boýunça awtomatiki usulda ýörite kompýuter programmasy arkaly kesgitlenilýär. 4.2.    Bäsleşigiň netijeleri beýanlar arkaly resmileşdirilýär we eminler toparynyň netijenamasy esasynda ýeňijileriň düzümi Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanylýar. 4.3.    Bäsleşigiň ýeňijileri: 1-nji, 2-nji we 3-nji derejeli diplomlar bilen sylaglanýar. Habarlaşmak üçin telefon : +993-12-48-99-32 ;  +993 64 00 04 70 Email: tdlu.iolimp@gmail.com

Halkara ýaryşyň ýeňijisi Sport bäsleşikleri
29

Halkara ýaryşyň ýeňijisi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzyň beýleki ugurlary bilen bir hatarda sport ulgamyny ösdürmäge, sagdyn bedenli, giň dünýägaraýyşly ýaşlary kemala gelmegi ugrunda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda uly tutumly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň her bir künjeginde köpugurly sport toplumlarynyň gurulmagy, ulanylmaga berilmegi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen ýaşlary hakyndaky atalyk aladalaryndan aýdyň nyşandyr. Diňe bir öz ýurdumyzyň çäginde halkara derejesinde sport ýaryşlarynyň geçirilmegi bilen çäklenmän, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýan türgenleriň dünýä döwletlerinde geçirilýän ýaryşlara gatnaşmaklaryna giň mümkinçilikleriň döredilmegi hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen ýaşlary hakyndaky atalyk aladalarynyň aýdyň miweleridir. 2026-njy ýylyň awgust aýynyň 16-24-i aralygynda Hindistan Respublikasynyň Mumbaý şäherinde sportuň küşt görnüşi boýunça 20 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda Aziýa çempionaty geçirildi. Bu abraýly ýaryş Aziýanyň 10 döwletinden jemi 190 ýaş grossmeýstrlerini özünde jemläp örän çekeleşikli geçdi. Ýaryşyň netijesi boýunça Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby Şöhradowa Lala ýurdumyzyň adyndan wekilçilik edip, 1 altyn hem-de 1 kümüş medallary gazanyp türkmen baýdagymyzy al-asmana galdyrmagy başardy. Bu üstünlikler ýurdymyzda sportuň täze belentliklere çykmagy üçin öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň beýan edýär. Her bir ugurdaky yhlas siňdirilip amala aşyrylýan işleriň ýakasynda durup, olara ruhy ganat berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, ähli tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.   Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti

«Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri» atly zehin telebäsleşigi geçiriler Döredijilik bäsleşikleri
50

«Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri» atly zehin telebäsleşigi geçiriler

Türkmenistanyň Bilim ministrligi Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen bilelikde ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 11 – 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda «Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri» atly zehin telebäsleşigi geçirýändigini yglan etdi. Bu çäre «Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna bagyşlanýar. Bäsleşigiň esasy maksatlary ýaşlaryň arasynda atçylyk sungatyny, onuň köp asyrlyk taryhyny we milli däp-dessurlaryny giňden wagyz etmekden, şeýle hem bu ugur boýunça çuňňur bilimlere eýe bolan iň zehinli we başarnykly okuwçylary ýüze çykarmakdan ybaratdyr. Bäsleşik üç tapgyrdan ybarat bolar. Birinji, saýlama tapgyr 22-nji sentýabrda onlaýn test görnüşinde geçiriler. Ikinji we üçünji tapgyrlar oktýabr – dekabr aýlarynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň binýadynda ýüzbe-ýüz görnüşde geçiriler. Üçünji, jemleýji tapgyryň netijeleri boýunça iň gowy çykyş eden gatnaşyjylar kesgitlenip, olar bäsleşigiň birinji, ikinji we üçünji orunlarynyň eýeleri bolar. Ýeňijiler bäsleşigiň baş baýragy – ýörite kubok, altyn, kümüş we bürünç medallar, gymmatly hem-de ýadygärlik sowgatlary, şeýle hem «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Hormat hatlary, diplomlary we şahadatnamalary bilen sylaglanar. Bäsleşige gatnaşmak isleýän ýokary synp okuwçylary bäsleşigiň düzgünnamasynyň goşundysynda görkezilen nusgany dolduryp, ony info@ihba.edu.tm elektron poçta salgysyna ibermeli. Dalaşgärler, şeýle hem Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň https://ihba.edu.tm/ web sahypasynda ýerleşdirilen hasaba alyş bölümi arkaly bellige alnyp bilerler. Sahypada bäsleşigiň geçirilmegi bilen bagly giňişleýin maglumatlar ýerleşdirilendir.

“IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar Taslama bäsleşikleri
50

“IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar

2026-njy ýylyň 2-7-nji awgusty aralygynda Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň London şäherinde “IWISE Global Final London 2026” atly abraýly halkara bäsleşigi geçirildi. Dünýäniň 25 döwletinden okuwçylaryň gatnaşmagynda geçen bu bäsleşikde mekdep okuwçylarymyz üstünlikli çykyş etdiler. Bu halkara bäsleşigine ýurdumyzyň mekdeplerinden saýlanan jemi 10 okuwçy gatnaşdy. Okuwçylarymyza Myrat Sähetgulyýew (Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň informatika mugallymy) we Goçmyrat Baýramow (Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy) ýolbaşçylyk etdiler. Ýaryşda okuwçylarymyz çyzygy yzarlaýan robot (Line follower robot), labirintden çykalga tapýan robot (Maze solving robot), kiçi göreşiji robot (Mini-sumo robot) ýaly  ugurlary boýunça öz başarnyklaryny görkezdiler. Halkara bäsleşigiň netijeleri boýunça mekdep okuwçylarymyz 6 altyn we 4 kümüş medal gazanmagy başardylar. Bu ýaryşda Resulberdi Orazberdiýew, Salyh Kakalyýew, Resul Geldiýew (Aşgabat şäheriniň dil dersleri çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň okuwçylary), Selim Begmuradow (Aşgabat şäheriniň 7-nji orta mekdebiniň okuwçysy) hem-de Nurmyrat Kulow (Aşgabat şäheriniň dil dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 87-nji orta mekdebiniň okuwçysy), şeýle hem Mälikmyrat Annamuradow (Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň okuwçysy) altyn medala mynasyp boldular. Mundan başga-da Salyh Altyýew (Aşgabat şäheriniň dil dersleri çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň okuwçysy), Rozymyrat Ýagşymyradow (Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 13-nji orta mekdebiniň okuwçysy), Ebubekir Berdiýew (Arkadag şäheriniň ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiniň okuwçysy) we Umyt Atamyradow (Arkadag şäheriniň ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň okuwçysy) kümüş medala eýe boldular. Okuwçylarymyzyň bäşisiniň bu ýaryşda aýratyn tapawutlanyp, “Iň gowy gatnaşyjy” (Best of the best) diýlip yglan edilmegi we ýörite pul baýraklarynyň gowşurylmagy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Mekdep okuwçylarymyzyň bu halkara üstünlikleri ýaş nesliň döwrebap ylym-bilim almagy üçin ýurdumyzda döredilýän giň mümkinçiliklerden gözbaş alýar.   Türkmenistanyň Bilim ministrligi

Gökderede ýangyn-amaly sporty boýunça nobatdaky bäsleşik geçirildi Sport bäsleşikleri
33

Gökderede ýangyn-amaly sporty boýunça nobatdaky bäsleşik geçirildi

7-nji awgustda Gökdere jülgesinde ýerleşýän «Çynar» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde ýangyn-amaly sporty boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşige bu ajaýyp künjekde dynç alýan ýetginjeklerden ybarat ýaş ýangyn söndürijileriň 14 topary gatnaşdy. Bu barada “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň resmi saýtynda (https://tebigatchy.co.tm/tm/news/regular-competitions-in-fire-applied-sports-held-in-gokdere-jqw4) habar berildi.  10–14 ýaşly ýetginjek oglanlar ýangyna garşy göreşmek ukyplaryny 5 tapgyrdan ybarat bolan bäsleşikde görkezdiler. Olar agaç päsgelçiliklerden ylgap geçmek, ýangyn suw pürküji guraly suw geçirijä birikdirip hem-de aýryp ylgawyny dowam etdirmek, pökgüleri nyşananyň içine düşürmek, ýangyn söndürijini dogry ulanmak, emeli ýangyna garşy göreşmegiň dogry düzgünini ýerine ýetirip, ýangyny söndürmek boýunça bäsleşip, ýokary taýýarlyklaryny görkezdiler.  Bu çäre Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň, «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Ýangyna garşy meýletinçiler jemgyýetiniň, Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň hem-de Ýangyn-amaly sport federasiýasynyň bilelikde guramagynda geçirildi.  Eminler toparynyň gelen netijelerine görä, çekeleşikli geçen ýaryşda 1-nji orna «Ýaşlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň, 2-nji orna «Altyn damja» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň, 3-nji orna bolsa «Nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň höwesek toparlary mynasyp boldular.  Mundan başga-da, bäsleşigiň dowamynda aýratyn tapawutlanan türgenler we tälimçiler hem ýörite baýraklar boýunça sylaglandylar. Şeýlelikde, Muhammetmyrat Nyýazow adyndaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinden Hudaýberdiýew Allanur «Iň ýaş türgen», «Altyn Ýyldyz» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinden Begjanow Ahmet «Iň çalasyn türgen» diýlip yglan edildi. «Çynar» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň terbiýeçisi Pirliýew Kemalnazar bolsa, «Iň gowy tälimçi» diýen ada eýe boldy. Bäsleşigiň ýeňijilerine we aýratyn tapawutlanan gatnaşyjylara guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Logo Bilim ministrligi

Dil saýlaň