Tugra Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Bäsleşikler

Döwlet we halkara bäsleşikleri

Mugallymlaryň, terbiýeçileriň we talyplaryň arasynda zehinleri ýüze çykarmak üçin geçirilýän döwlet derejeli ýaryşlar.

Halkara ýaryşyň ýeňijisi Sport bäsleşikleri
29

Halkara ýaryşyň ýeňijisi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzyň beýleki ugurlary bilen bir hatarda sport ulgamyny ösdürmäge, sagdyn bedenli, giň dünýägaraýyşly ýaşlary kemala gelmegi ugrunda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda uly tutumly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň her bir künjeginde köpugurly sport toplumlarynyň gurulmagy, ulanylmaga berilmegi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen ýaşlary hakyndaky atalyk aladalaryndan aýdyň nyşandyr. Diňe bir öz ýurdumyzyň çäginde halkara derejesinde sport ýaryşlarynyň geçirilmegi bilen çäklenmän, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýan türgenleriň dünýä döwletlerinde geçirilýän ýaryşlara gatnaşmaklaryna giň mümkinçilikleriň döredilmegi hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen ýaşlary hakyndaky atalyk aladalarynyň aýdyň miweleridir. 2026-njy ýylyň awgust aýynyň 16-24-i aralygynda Hindistan Respublikasynyň Mumbaý şäherinde sportuň küşt görnüşi boýunça 20 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda Aziýa çempionaty geçirildi. Bu abraýly ýaryş Aziýanyň 10 döwletinden jemi 190 ýaş grossmeýstrlerini özünde jemläp örän çekeleşikli geçdi. Ýaryşyň netijesi boýunça Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby Şöhradowa Lala ýurdumyzyň adyndan wekilçilik edip, 1 altyn hem-de 1 kümüş medallary gazanyp türkmen baýdagymyzy al-asmana galdyrmagy başardy. Bu üstünlikler ýurdymyzda sportuň täze belentliklere çykmagy üçin öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň beýan edýär. Her bir ugurdaky yhlas siňdirilip amala aşyrylýan işleriň ýakasynda durup, olara ruhy ganat berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, ähli tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.   Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti

Gökderede ýangyn-amaly sporty boýunça nobatdaky bäsleşik geçirildi Sport bäsleşikleri
34

Gökderede ýangyn-amaly sporty boýunça nobatdaky bäsleşik geçirildi

7-nji awgustda Gökdere jülgesinde ýerleşýän «Çynar» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde ýangyn-amaly sporty boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşige bu ajaýyp künjekde dynç alýan ýetginjeklerden ybarat ýaş ýangyn söndürijileriň 14 topary gatnaşdy. Bu barada “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň resmi saýtynda (https://tebigatchy.co.tm/tm/news/regular-competitions-in-fire-applied-sports-held-in-gokdere-jqw4) habar berildi.  10–14 ýaşly ýetginjek oglanlar ýangyna garşy göreşmek ukyplaryny 5 tapgyrdan ybarat bolan bäsleşikde görkezdiler. Olar agaç päsgelçiliklerden ylgap geçmek, ýangyn suw pürküji guraly suw geçirijä birikdirip hem-de aýryp ylgawyny dowam etdirmek, pökgüleri nyşananyň içine düşürmek, ýangyn söndürijini dogry ulanmak, emeli ýangyna garşy göreşmegiň dogry düzgünini ýerine ýetirip, ýangyny söndürmek boýunça bäsleşip, ýokary taýýarlyklaryny görkezdiler.  Bu çäre Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň, «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Ýangyna garşy meýletinçiler jemgyýetiniň, Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň hem-de Ýangyn-amaly sport federasiýasynyň bilelikde guramagynda geçirildi.  Eminler toparynyň gelen netijelerine görä, çekeleşikli geçen ýaryşda 1-nji orna «Ýaşlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň, 2-nji orna «Altyn damja» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň, 3-nji orna bolsa «Nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň höwesek toparlary mynasyp boldular.  Mundan başga-da, bäsleşigiň dowamynda aýratyn tapawutlanan türgenler we tälimçiler hem ýörite baýraklar boýunça sylaglandylar. Şeýlelikde, Muhammetmyrat Nyýazow adyndaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinden Hudaýberdiýew Allanur «Iň ýaş türgen», «Altyn Ýyldyz» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinden Begjanow Ahmet «Iň çalasyn türgen» diýlip yglan edildi. «Çynar» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň terbiýeçisi Pirliýew Kemalnazar bolsa, «Iň gowy tälimçi» diýen ada eýe boldy. Bäsleşigiň ýeňijilerine we aýratyn tapawutlanan gatnaşyjylara guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy Sport bäsleşikleri
174

Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde her ýyl geçirilmesi asylly däbe öwrülen «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly sport ýaryşlary ähmiýetli çäreleriň merkezine öwrülen Watanymyzda sporty ösdürmekde, sagdyn durmuş ýörelgesini barkarar etmekde hem-de bedenterbiýäni gündelik hemrasyna öwren ýaşlaryň täze neslini kemala getirmekde möhüm ädim boldy. Munuň özi mekdep okuwçylaryndan başlap, uly ýaşly ildeşlerimiziň hem sportdaky başarnyklaryny we mümkinçiliklerini görkezmegine şert döredýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýyly» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylda hem bu sport baýramçylygy Watanymyzyň sport durmuşyna özboluşly many-mazmun çaýdy. 30-njy aprelde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Sportuň Olimpiýa görnüşleri fakultetiniň Köpugurly sport toplumynda “Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly sport ýaryşlarynyň ýeňiji toparlaryny sylaglamak dabarasy ýokary guramaçylykly geçirildi. Ady agzalan sport ýaryşlarynyň ýeňiji toparlaryna Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler Partiýasynyň sowgatlary, medallary, kuboklary hem-de Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bu ýyl «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly sport ýaryşlary ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda sportuň 11 (suwda ýüzmek, ýeňil atletika, kiçi futbol, woleýbol, basketbol, gandbol, küşt, düzzüm, tennis, stoluň üstünde oýnalýan tennis, türkmen milli göreşi) görnüşi boýunça ýaýbaňlandyryldy. Dartgynly geçen ýaryşlaryň netijesinde Aşgabat şäheriniň ýygyndy topary birinji orny eýelese, Daşoguz welaýaty ikinji, Ahal welaýaty üçünji boldy. Hünär-tehniki we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary bolsa sportuň 13 (suwda ýüzmek, ýeňil atletika, kiçi futbol, basketbol 3x3, küşt, şaşka, düzzüm, armlestling, stoluň üstünde oýnalýan tennis, milli göreş, woleýbol, tigir sürmek, tanap çekmek) görnüşi boýunça bäsleşdiler. Şunlukda, Aşgabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň ýygyndy topary öňdeligi elden bermedi. Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebiniň ýygyndy topary ikinji, Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebi bolsa üçünji orny eýeledi. Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda bolsa sportuň 21 (suwda ýüzmek, ýeňil atletika, woleýbol, sambo göreşi, milli göreş, küşt, şaşka, düzzüm, stoluň üstünde oýnalýan tennis, grek-rim göreşi, erkin göreş, futbol, futzal, gandbol, badminton, basketbol, tennis, bilýard, tigir sürmek, dzýu-do göreşi, armrestling) görnüşi boýunça ýaryşlar geçirildi. Bu bäsleşikler Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ýygyndy toparynyň ýeňşi bilen jemlendi. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty ikinji bolsa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ýygyndy topary öňdäki üçlügi jemlemegiň hötdesinden geldi. Mundan başga-da ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň sportuň 7 (woleýbol, badminton, suwda ýüzmek, küşt, stoluň üstünde oýnalýan tennis, düzzüm, kiçi futbol) görnüşi boýunça başarnyklaryny görkezdiler. Harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň bäsleşikleri sportuň 9 (woleýbol, basketbol, ýeňil atletika, stol tennisi, tennis, suwda ýüzmek, milli göreş, küşt, sambo göreşi) görnüşi boýunça ýaýbaňlandyrylyp, bu ýerde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýygyndy topary ýeňşi hiç kime bermedi. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ýygyndysy ikinji ýeri eýelese, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ýygyndy topary üçünji orna mynasyp boldy. Diýseň dartgynly hem gyzykly geçen ýaryşlaryň biri hem ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň arasyndaky bäsleşiklerdir. Sportuň 8 (woleýbol, basketbol, suwda ýüzmek, ýeňil atletika, stoluň üstünde oýnalýan tennis, tennis, milli göreş, küşt) görnüşinden guralan ýaryşlarda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň ýygyndy topary birinji bolmagy başardy. Şondan soňky iki orun Bilim ministrliginiň hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýygyndy toparlaryna degişli boldy. Ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň ýygyndy toparlarynyň arasynda guralan bäsleşikler sportuň 9 (stoluň üstünde oýnalýan tennis, tennis, milli göreş, küşt, dzýudo, erkin göreş, grek-rim göreşi, sambo göreşi, boks) görnüşini öz içine aldy. Ýokary ruhubelentlik derejesinde geçen ýaryşlarda Aşgabat şäheriniň ýygyndy topary öňe saýlandy. Lebap welaýatynyň ýygyndysy ikinji orny eýelese, Ahal welaýatynyň ýygyndy topary hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy. Diýseň ýokary guramaçylyk derejesi bilen tapawutlanan ýaryşlaryň netijeleri türkmen halkynyň Milli Lideriniň döwletli başlangyçlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taryhy ähmiýetli tutumlary bilen utgaşyp, ýurdumyzda milli sportuň eýe bolýan belent sepgitleriniň, sagdyn durmuş ýörelgesiniň watandaşlarymyzyň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülýändiginiň görkezijisine öwrüldi. Şeýle ähmiýetli ädimler bedenterbiýäni we sporty ösdürmekdäki taryhy taslamalaryň möhüm tapgyrydyr. Şol bir wagtyň özünde bolsa Watanymyzda ynsan saglygynyň ähli zatdan ileri tutulýandygynyň beýany bolup dabaralanýar.   Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Bedenterbýe we köpçülikleýin sport çärelerini guramak bölümi

«Zehinli ýaşlar – türgenleriň täze nesli» atly bedenterbiýe we sport bäsleşikleri Sport bäsleşikleri
194

«Zehinli ýaşlar – türgenleriň täze nesli» atly bedenterbiýe we sport bäsleşikleri

Bedenterbiýe we sport bäsleşikler 2026-njy ýylyň 4-9-njy maýy aralygynda günde sagat 14:00 – 18:00 aralygynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň köpugurly sport toplumynda geçiriler. Bedenterbiýe we sport bäsleşikleri haçan geçiriler? - Umumy beden taýýarlygy we sportuň tizlik-güýç alamatly görnüşleri boýunça bäsleşikler – 2026-njy ýylyň 4-6-njy maýy aralygynda; - sportuň oýun we göreş görnüşleri boýunça hem-de sportuň görnüşlerinden umumy we ýörite beden taýýarlygy boýunça test bäsleşikleri – 2026-njy ýylyň 7-9-njy maýy aralygynda. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň açyk çempionatlary haçan geçiriler? - Türkmen milli we guşakly göreş boýunça Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň açyk çempionaty – 2026-njy ýylyň 12-14-nji maýy aralygynda; - sportuň grek-rim we erkin göreş görnüşleri boýunça Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň açyk çempionaty – 2026-njy ýylyň 15-17-nji maýy aralygynda; - sportuň sambo göreş görnüşi boýunça Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň açyk çempionaty – 2026-njy ýylyň 22-24-nji maýy aralygynda. Gatnaşmaga isleg bildirýänler QR-kod ulgamy ýa-da tdbsi@sanly.tm elektron salgysyna ugratmak arkaly onlaýn görnüşde ýa-da bäsleşikler başlamazdan öň instituta gelip hasaba aldyryp bilerler. Bäsleşikleriň düzgünnamalary bilen www.tdbsi.edu.tm resmi saýtyna salgylanyp tanşyp bilersiňiz! Mähriban okuwçylar! Siziň ähliňizi Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda geçirilýän «Zehinli ýaşlar – türgenleriň täze nesli» atly bedenterbiýe we sport bäsleşiklerine işjeň gatnaşmaklyga çagyrýarys! Bäsleşiklere gatnaşyň, sportda zehiniňizi görkeziň!

Logo Bilim ministrligi

Dil saýlaň