Tugra Türkmenistanyň Bilim ministrligi

Ders bäsleşikleri

Zehinleri ýüze çykarmak üçin geçirilýän döwlet derejeli ýaryşlar.

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde geçirilen Biologiýa dersi boýunça bäsleşigiň döwlet tapgyrynyň jemi jemlendi Täzelik

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde geçirilen Biologiýa dersi boýunça bäsleşigiň döwlet tapgyrynyň jemi jemlendi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynda innowasiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem bilimiň hiline garaşsyz monitoringi ýokarlandyrmak, Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026-2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2026-njy ýyl üçin Meýilnamasynda göz öňünde tutulan işleri durmuşa geçirmek hem-de 2023-nji ýylyň 21-nji iýulynda Türkmenistanyň Bilim ministriniň 291 belgili buýrugy bilen tassyklanan «Türkmenistanda ýaşlary hünäre ugrukdyrmak işlerini geçirmek barada Gözükdirijiniň» talaplaryny berjaý etmek, ösüp gelýän ýaş nesliň lukmançylyk hünärlerine bolan höweslerini artdyrmak, zehinli mekdep okuwçylaryny ýüze çykarmak we goldamak maksady bilen 2026-njy ýylyň sentýabr aýynyň 18-ne Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýy mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda geçirilen Biologiýa dersi boýunça bäsleşigiň döwlet tapgyrynyň jemi jemlendi.  Bäsleşigiň çäginde uniwersitetimiz bilen tanyşlyk, paýtagtymyzyň gözel ýerlerine syýahat hem-de dabaraly ýagdaýda sowgat gowşurylyşyk ýaly çäreler gurnaldy.  Çekeleşikli geçen bäsleşikde has gowy netije görkezen Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň ýöriteleşdirilen 19-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Garaýew Sähetmyrat I orna, Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň 18-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Maksadowa Güljemal, Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň 20-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Annamämmedowa Aýnur II orna, Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň ýöriteleşdirilen 37-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Aşirow Şanazar, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň 20-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Esenowa Aýlar, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň ýöriteleşdirilen 10-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Atajanowa Mähri III orna mynasyp boldylar.  Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti

24
Doly oka
Umumybilim berýän orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda  Biologiýa dersi boýunça bäsleşik

Umumybilim berýän orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda Biologiýa dersi boýunça bäsleşik

MYRAT GARRYÝEW ADYNDAKY TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET LUKMANÇYLYK UNIWERSITETI   Umumybilim berýän orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda

42
Doly oka
2025-2026-njy okuw ýylynda ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň okuw dersleri boýunça «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly bäsleşikleriniň çäginde geçirilen ders bäsleşiginiň jemleýji umumy döwlet tapgyrynda informatika dersi boýunça ýeňijileri

2025-2026-njy okuw ýylynda ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň okuw dersleri boýunça «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly bäsleşikleriniň çäginde geçirilen ders bäsleşiginiň jemleýji umumy döwlet tapgyrynda informatika dersi boýunça ýeňijileri

Informatika 11-nji synp Suraty   Agajumaýew Ahmetýaz Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň 2-nji orta mekdebi I

199
Doly oka
2025-2026-njy okuw ýylynda ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň okuw dersleri boýunça «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly bäsleşikleriniň çäginde geçirilen ders bäsleşiginiň jemleýji umumy döwlet tapgyrynda astranomiýa dersi boýunça ýeňijileri

2025-2026-njy okuw ýylynda ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň okuw dersleri boýunça «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly bäsleşikleriniň çäginde geçirilen ders bäsleşiginiň jemleýji umumy döwlet tapgyrynda astranomiýa dersi boýunça ýeňijileri

Astronomiýa 11-nji synp Suraty    Şiriýew Mergen Aşgabat şäheriniň 12-nji orta mekdebi I   Orunow Rustam

121
Doly oka
Logo Bilim ministrligi

Dil saýlaň