Ders bäsleşikleri
Zehinleri ýüze çykarmak üçin geçirilýän döwlet derejeli ýaryşlar.
Täzelik
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde geçirilen Biologiýa dersi boýunça bäsleşigiň döwlet tapgyrynyň jemi jemlendi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynda innowasiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem bilimiň hiline garaşsyz monitoringi ýokarlandyrmak, Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026-2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2026-njy ýyl üçin Meýilnamasynda göz öňünde tutulan işleri durmuşa geçirmek hem-de 2023-nji ýylyň 21-nji iýulynda Türkmenistanyň Bilim ministriniň 291 belgili buýrugy bilen tassyklanan «Türkmenistanda ýaşlary hünäre ugrukdyrmak işlerini geçirmek barada Gözükdirijiniň» talaplaryny berjaý etmek, ösüp gelýän ýaş nesliň lukmançylyk hünärlerine bolan höweslerini artdyrmak, zehinli mekdep okuwçylaryny ýüze çykarmak we goldamak maksady bilen 2026-njy ýylyň sentýabr aýynyň 18-ne Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýy mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda geçirilen Biologiýa dersi boýunça bäsleşigiň döwlet tapgyrynyň jemi jemlendi. Bäsleşigiň çäginde uniwersitetimiz bilen tanyşlyk, paýtagtymyzyň gözel ýerlerine syýahat hem-de dabaraly ýagdaýda sowgat gowşurylyşyk ýaly çäreler gurnaldy. Çekeleşikli geçen bäsleşikde has gowy netije görkezen Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň ýöriteleşdirilen 19-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Garaýew Sähetmyrat I orna, Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň 18-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Maksadowa Güljemal, Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň 20-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Annamämmedowa Aýnur II orna, Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň ýöriteleşdirilen 37-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Aşirow Şanazar, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň 20-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Esenowa Aýlar, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň ýöriteleşdirilen 10-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Atajanowa Mähri III orna mynasyp boldylar. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti
"Makroykdysadyýet" dersi boýunça talyplaryň arasynda IV Açyk Halkara Internet olimpiadasy
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty ýokary okuw mekdepleriň talyplaryny 2026-njy ýylyň 10-njy aprelinde Makroykdysadyýet dersi boýunç
Aşgabat şäheriniň Ruhnama adyndaky takyk ugurly derslere ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiniň hem-de takyk we iňlis dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 6-njy orta mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda “Iňlis dili” dersinden test bäsleşigi
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli &n
Türkmen döwlet maliýe institutynyň guramagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Taýýarlygyň ugry boýunça iňlis dili” dersinden onlaýn test bäsleşigi
“Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli T