Tugra Türkmenistanyň Bilim ministrligi

Döredijilik bäsleşikleri

Zehinleri ýüze çykarmak üçin geçirilýän döwlet derejeli ýaryşlar.

BELENT ÜSTÜNLIKLERE TARAP Täzelik

BELENT ÜSTÜNLIKLERE TARAP

2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagy bilen ahalteke bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da artdyrmak, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, parahatçylyk we dostluk gatnaşyklaryny ilerletmek hem-de halkara jemgyýetçiligiň halkymyzyň medeni mirasy bilen tanyşdyrylmagy üçin uly mümkinçilikleri döredýär. Ahalteke bedewi türkmen halkynyň milli buýsanjy, dünýä medeni – mirasynyň gymmatly hazynalarynyň biridir. Ýaňy ýakynda Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke atlaryň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynyň çäklerinde ahalteke bedewleriniň gözelligini çeper beýan edýän «Ahalteke bedewi – gözelligiň naýbaşy nusgasy» atly halkara bäsleşigi geçirildi. Ýewropa yklymynda ilkinji gezek geçirilen bäsleşige gatnaşan sungat işgärleri ahalteke bedewleriniň tebigy gözelligini sungat eserlerinde çeper wasp etmekde nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, zergärçilik, haly we fotosurat eserleriniň üsti bilen olaryň taryhy ähmiýetini, gözelliginiň taryhy aýratynlyklaryny we halkara derejesindäki şan-şöhratyny giňden açyp görkezdiler. Bu bolsa şanly ýylda behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda ägirt uly goşant boldy. Halkara bäsleşige sungat ojagymyz bolan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň halypa suratkeş mugallymlary we ýaş zehinli talyplary hem gatnaşdylar. Behişdi bedewleriň gözelligini nakgaşçylyk eserlerinde wasp etmek boýunça Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň dizaýn kafedrasynyň mugallymy Arslan Atahanowyň «Garaşsyz» atly nakgaş eseri ýeňiji diýlip yglan edildi. Heýkel eserlerinde wasp etmek boýunça heýkeltaraşlyk kafedrasynyň mugallymlary Patdyk Patdykow «Maşgala» atly heýkel eseri I orna we Ahat Mälikow «At – myrat» atly heýkel eseri bilen II orna mynasyp boldular. Atlaryň gözelligini haly eserlerinde wasp etmek boýunça amaly-haşam sungaty kafedrasynyň mugallymy Bahar Pirgulyýewa «Bedew» atly eseri bilen ganaşyp,  II orna mynasyp boldy. Ahalteke atlarynyň gözelligini fotosuratlarda wasp etmek boýunça amaly-haşam sungaty fakultetiniň 6-njy ýyl talyby Nurmuhammet Ýolamanow «Behişdi bedewler» atly foto eserler toplumy bilen gatnaşyp, II orna mynasyp boldy. Bu halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň baýrakly orunlaryna mynasyp bolmagy bizi diýseň buýsandyrýar we begendirýär. Ahalteke bedewleriniň gözelligini dünýä ýüzünde ýaýmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak tutýan tutumly işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!   Hesel BEKMURADOWA, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti hünäriniň 2-nji ýyl talyby

12
Doly oka
Üs­tün­lik­li ge­çi­ri­len bäs­le­şik Makala

Üs­tün­lik­li ge­çi­ri­len bäs­le­şik

Lä­le HO­JA­GUR­BA­NO­WA,Bal­kan we­la­ýat ýö­ri­te sun­gat mek­de­bi­niň mu­gal­ly­my: — Bu gün ata Wa­ta­nyň gu­ja­gyn­da bag­ty­ýar­ly­gyň, er­ka­na­ly­gyň to­ýu­ny toý­la­ýan ag­zy­bir hal­ky­myz her bir gü­nü­ni bag­ta bes­läp gur­ýar, dö­red­ýär hem-de gel­je­ge uly ynam bi­len ga­ra­ýar. Hä­zir­ki ta­ry­hy döw­rü­miz­de äh­li ösüş­le­ri­mi­ziň esa­sy­ny düz­ýän go­şa ga­na­ty­myz — Ga­raş­syz­ly­gy­myz hem-de Bi­ta­rap­ly­gy­myz kö­ňül­le­re buý­sanç, yl­ham paý­la­ýar. «Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan — be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­ly­my­zyň şy­ga­ry­ny da­ba­ra­lan­dyr­mak, Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň gym­ma­ty­ny wa­gyz et­mek mak­sa­dy bi­len dür­li me­de­ni çä­re­ler, bäs­le­şik­ler ge­çi­ril­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Bi­lim mi­nistr­li­gi­niň, Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Mil­li mer­ke­zi­niň hem-de «Mu­gal­lym­lar ga­ze­ti» ga­ze­ti­niň re­dak­si­ýa­sy­nyň bilelikde gu­ra­ma­gyn­da «Mu­kad­des Ga­raş­syz­lyk — buý­san­jy­myz, bag­ty­myz» at­ly bäs­le­şi­gi hem dö­re­di­ji­lik işi bi­len meş­gul­lan­ýan bi­lim iş­gär­le­ri­ni tä­ze eser­le­ri dö­ret­mä­ge hö­wes­len­dir­di. Bi­lim iş­gär­le­ri bu gün döredilýän mümkinçiliklerden ruhlanyp, ýürek buý­sanç­la­ry­ny öz eserleriniň üsti bilen be­ýan ed­ýär­ler. Dö­re­di­ji­lik gö­zel­lik­den, er­ka­na ýa­şa­ýyş­dan has aja­ýyp­laş­ýan bol­sa, şol gö­zel­lik­ler bi­ziň dün­ýä­mi­zi, kal­by­my­zy gap­lap al­ýar. Döredijilik işgärleri döw­rüň was­py­na, bag­tyň ta­ry­py­na eý­le­nip, za­ma­na­my­zyň deň­siz-taý­syz keş­bi­ni ja­ha­na ýaý­ýar. Döw­rü­mi­ziň keş­bi köňüllere yl­ham bo­lup dol­ýar. Aja­ýyp za­ma­na­myz­da dö­re­di­ji­lik­li iş­le­mä­ge giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň jan­la­ry sag bol­sun, be­ýik iş­le­ri ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin! Taý­ýar­lan Bag­ty ÖDE­GU­LY­ÝE­WA, «Mu­gal­lym­lar ga­ze­ti»

20
Doly oka
Üs­tün­lik­li ge­çi­ri­len bäs­le­şik Makala

Üs­tün­lik­li ge­çi­ri­len bäs­le­şik

An­na­gel­di BE­KI­ÝEW,Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň Sa­par­my­rat Türk­men­ba­şy et­ra­byn­da­ky 33-nji or­ta mek­de­biň mu­gal­ly­my: — Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­ler mäh­ri­ban hal­ky­my­zy dö­re­di­ji­lik­li iş­le­mä­ge ruh­lan­dyr­ýar. Eziz Di­ýa­ry­my­zy ös­dür­mä­ge my­na­syp go­şan­dy­my­zy goş­ma­ga bo­lan yh­la­sy­my­zy art­dyr­ýar. Biz aja­ýyp za­ma­na­da ýa­şa­ýa­rys. Dö­re­dil­ýän giň müm­kin­çi­lik­ler bol­sa bi­zi ösüş­le­re go­şan­dy­my­zy goş­ma­ga borç­ly ed­ýär. Biz — mu­gal­lym­lar ösüp gel­ýän ýaş ne­sil­le­ri mil­li ruh­da ter­bi­ýe­le­me­gi, ola­ra döw­re­bap bi­lim öw­ret­me­gi mukaddes borç ha­sap­la­ýa­rys. Bi­ziň gel­je­gi­miz bo­lan ýaş­lar­da ata Wa­ta­ny­my­za, mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­za, ba­ky Bi­ta­rap­ly­gy­my­za, mer­da­na hal­ky­my­za, mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­ze, asyl­ly däp-des­sur­la­ry­my­za, ata-ba­ba­la­ry­my­zyň döw­let­li­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne çuň­ňur söý­gi­ni we çäk­siz we­pa­ly­ly­gy ter­bi­ýe­le­me­gi öz öňü­miz­de esa­sy mak­sat edip goý­ýa­rys. Men ata Wa­ta­ny­my­zy, mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zy hem-de mäh­ri­ban hal­ky­my­zy wasp ed­ýän goş­gu­la­rym bi­len bu bäs­le­şik­de ýe­ňi­ji bol­dum. Bu sy­lag-ser­paý me­ni gel­jek­de hem dö­re­di­ji­lik­li iş­le­mä­ge ruh­lan­dyr­ýar. Bi­ze dö­re­di­ji­lik­li iş­le­mä­ge äh­li müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň jan­la­ry sag bol­sun, il-ýurt bäh­bit­li iş­le­ri he­mi­şe ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

21
Doly oka
Üs­tün­lik­li ge­çi­ri­len bäs­le­şik Makala

Üs­tün­lik­li ge­çi­ri­len bäs­le­şik

Ogul­ni­ýaz AN­NA­TA­GA­NO­WA,Ýag­şy­gel­di Ka­ka­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti­niň uly mu­gal­ly­my: — Giň göw­rüm­li we halk bäh­bit­li be­ýik iş­le­ri mak­sat edip, dur­nuk­ly ösü­şiň röw­şen ýo­lun­da aba­dan­çy­ly­gyň we ro­waç­ly­gyň be­lent sep­git­le­ri­ne ta­rap be­dew ba­dy bi­len öňe bar­ýan ýur­du­myz­da şat­ly­ga bes­le­nip bel­le­nil­ýän mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 35 ýyl­lyk şan­ly baý­ram­çy­ly­gy­na ba­gyş­la­nyp ge­çi­ri­len «Mu­kad­des Ga­raş­syz­lyk — buý­san­jy­myz, bag­ty­myz» at­ly bäs­le­şik­de ma­ňa hem ýe­ňi­ji bol­mak pa­ýy mi­ýes­ser et­di. Mu­nuň özi mun­dan beý­läk-de yh­las­ly iş­le­mä­ge, ýaş­la­ry­my­za döw­re­bap bi­lim öw­ret­mä­ge ruh­lan­dyr­dy. Be­ýik we gu­wan­dy­ry­jy üs­tün­lik­le­re bes­len­ýän «Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan — be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­lyn­da bel­le­nil­ýän mu­kad­des baý­ram­çy­ly­ga taý­ýar­lan öz­bo­luş­ly dö­re­di­ji­lik sow­ga­dy­myň ýe­ri­ne dü­şen­di­gi­ne buý­san­jy­myň çä­gi ýok. Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da hal­ky­my­zyň aň-dü­şün­je­sin­de, me­de­ni we ru­hy dur­mu­şyn­da, yk­dy­sa­dy­ýet­de ägirt uly gu­wan­dy­ry­jy ösüş­ler, uly öz­ge­riş­ler bo­lup geç­di. Tä­ze jem­gy­ýet­çi­lik gat­na­şyk­la­ry ke­ma­la gel­di. Mäh­ri­ban döw­le­ti­mi­ze we­pa­ly, bi­lim­li-ylym­ly, tä­ze nes­li ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­dik. Eziz Di­ýa­ry­myz­da ga­za­ny­lan bu be­ýik üs­tün­lik­le­ri, ýe­ti­len be­lent sep­git­le­ri bü­tin dün­ýä ýü­zi gör­ýär. Ata Wa­ta­ny­my­zyň be­ýik ösüş­le­ri­, ýaş­la­ryň döw­re­bap bi­lim al­mak­la­ry üçin üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän iş­le­re mun­dan beý­läk hem öz my­na­syp go­şan­dy­my­zy go­şa­rys. Bi­ze iş­le­mä­ge, ha­lal zäh­met çek­mä­ge äh­li mümkinçilikleri dö­red­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň jan­la­ry sag bol­sun, be­ýik iş­le­ri ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

24
Doly oka
Üs­tün­lik­li ge­çi­ri­len bäs­le­şik Makala

Üs­tün­lik­li ge­çi­ri­len bäs­le­şik

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­myz­da äh­li ugur­lar bo­ýun­ça dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän iş­ler has-da gu­wan­dy­ry­jy­dyr. Ýur­du­myz­da giň­den bel­le­nil­ýän mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 35 ýyl­lyk to­ýu­na bar­ýan gün­le­ri­miz­de dür­li me­de­ni çä­re­ler giň­den ýaý­baň­lan­dy­ryl­ýar. Eziz Di­ýa­ry­myz­da şan­ly Ga­raş­syz­lyk baýramy my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­ýän da­ba­ra­ly çä­re­ler mäh­ri­ban hal­ky­my­zy ýat­dan çyk­ma­jak toý ru­hu­na bes­le­ýär. Toý­la­ry toý­la­ra, baý­ram­la­ry baý­ram­la­ra ulaş­ýan ýur­du­my­zyň aý­la­ry, gün­le­ri, ýyl­la­ry ýat­dan çyk­ma­jak ta­ry­hy wa­ka­la­ra bes­len­ýär. Ine, toý­ly Di­ýa­ry­myz­da şeý­le aja­ýyp gün­ler­de, ýag­ny 10-njy sent­ýabr­da Türk­me­nis­ta­nyň Bi­lim mi­nistr­li­gi­niň, Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Mil­li mer­ke­zi­niň, «Mu­gal­lym­lar ga­ze­ti» ga­ze­ti­niň re­dak­si­ýa­sy­nyň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 35 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li bi­lim iş­gär­le­ri­niň, mu­gal­lym­la­ryň ara­syn­da yg­lan eden «Mu­kad­des Ga­raş­syz­lyk — buý­san­jy­myz, bag­ty­myz» at­ly dö­re­di­ji­lik bäs­le­şi­gi­niň je­mi­ne ba­gyş­la­nyp da­ba­ra ge­çi­ril­di. Türk­me­nis­ta­nyň Jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň bi­na­syn­da ge­çi­ri­len da­ba­ra ýur­du­my­zyň bi­lim iş­gär­le­ri, mu­gal­lym­la­ry gat­naş­dy­lar. Bu gün ýur­du­my­zyň bi­lim iş­gär­le­ri mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 35 ýyl­ly­gy­na öz­le­ri­niň toý sow­gat­la­ry bi­len barýarlar. Olar ýur­du­my­zyň be­dew bat­ly ösüş­dir öz­ge­riş­le­ri­ni wasp ed­ýän go­wy ma­ka­la­la­ry, goş­gu­lar­dyr he­ka­ýa­la­ry bi­len ga­ze­ti­mi­ziň sa­hy­pa­la­ryn­da yzy­gi­der­li çy­kyş et­di­ler. Ine, ylym-bi­li­miň me­ka­ny Türk­me­nis­tan­da şu­lar dog­ru­syn­da çe­per be­ýan edil­ýän dö­re­di­ji­lik iş­le­r ga­ze­tiň sa­hy­pa­la­ry­ny has-da be­ze­ýär. Şo­nuň üçin eziz Di­ýa­ry­my­zyň ösüş­le­ri­ne ön­jeý­li go­şant goş­ýan bi­lim iş­gär­le­ri­niň asyl­ly zäh­met­le­ri aý­ra­tyn nyg­tal­ma­ga my­na­syp­dyr. Yn­ha, «Mu­kad­des Ga­raş­syz­lyk — buý­san­jy­myz, bag­ty­myz» at­ly dö­re­di­ji­lik bäs­le­şi­gi öň­de­ba­ry­jy bi­lim iş­gär­le­ri­ni ýü­ze çy­kar­dy. Mu­gal­lym­la­ry­myz ösüp bar­ýan ýaş nes­le asyl­ly ter­bi­ýe we bi­lim ber­mek ýa­ly jo­gap­kär­li iş­le­rin­de tej­ri­be top­lap, çe­per dö­re­di­ji­lik bi­len meş­gul­la­nyp, bäs­le­şik­de ýe­ňi­ji bol­du­lar. Biz hem bu bäs­le­şi­ge gat­na­şyp, baý­rak­ly orun­la­ra my­na­syp bo­lan mu­gal­lym­la­ryň ýü­rek buý­sanç­la­ry­ny ga­ze­tiň oky­jy­la­ry­na ýe­tir­me­gi ma­kul bil­dik.

21
Doly oka
Garaşsyzlyk bagynyň bilbilleri Makala

Garaşsyzlyk bagynyň bilbilleri

Baýramdurdy ÇARYÝEW,Oguzhan etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy: — Garaşsyzlyk baýramynyň 35 ýyllyk şanly senesiniň öňüsyrasynda geçirilen bu bäsleşikde ýeňiji bolup, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmat bahaly sowgatlaryna mynasyp bolmak uly üstünliklere höweslendirýär. Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda men «Şowhun» çagalar tans topary bilen «Gyratym» aýdymyny ýerine ýetirdim. Meni aýdym-saza imrindiren, bu sungatyň inçe syrlaryny öwredýän halypa mugallymlaryma köp sagbolsun aýdýaryn. Mundan beýläk-de ajaýyp aýdymlarymyz bilen Watanymyzy wasp edip, beýik ösüşlerimize goşandymyzy goşmakda yhlasymyzy gaýgyrmarys. Taýýarlan Aýşirin DÖWLETOWA, «Nesil».

21
Doly oka
Garaşsyzlyk bagynyň bilbilleri Makala

Garaşsyzlyk bagynyň bilbilleri

Aýna DÖWLETÝAROWA,Dänew etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy: — Biz Watany söýmegi Gahryman Arkadagymyzdan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzdan öwrenýäris. Bagtyýar nesilleriň buýsanjy Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýýär. Biz hem öz gezegimizde gowy okap, Watanymyzy wasp edip, eziz Diýarymyzyň saýrak bilbilleri bolup ýetişeris. Owadan bezelen sahnada çykyş etmek we ýeňiji bolmak geljekki döredijilik bäsleşiklerinde üstünliklere, arzyly maksatlaryma ýetmäge ruhlandyrýar.

22
Doly oka
Garaşsyzlyk bagynyň bilbilleri Makala

Garaşsyzlyk bagynyň bilbilleri

Hudaýberdi HOJABERDIÝEW,Görogly etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy: — Elkyssa, haýyr, ýagşy. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzda dünýäni haýrana goýup, bagy-bossan, jennet mekan, her güni bir dessan, güller açýan Watanymyzyň goýnunda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Şa sowgatlaryna mynasyp bolup, arassa, päk çaga kalbym joşa gelip, Watanymyzy wasp edip, bir nama aýdar boldum: Äleme uzaýar dostluk ýollary,Birleşdirdi milletleri, illeri.Dünýäň ykrar eden Milli Lideri —Pähim-parasatly Howandarym bar!

23
Doly oka
Garaşsyzlyk bagynyň bilbilleri Makala

Garaşsyzlyk bagynyň bilbilleri

Sary AMANOW,Gyzylarbat etrabyndaky 26-njy orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy: — Bu gün meniň ýüregim Awazanyň tolkunlary ýaly joşa gelýär. Ine-de, men köp wagt bäri arzuwlap ýören arzyly maksadyma ýetdim. Garaşsyzlygyň merjen dänesi bolup, şeýle uly sahnalarda çykyş etmek ähli deň-duşlarym üçin ýatdan çykmajak pursatlardyr. Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda «Ruhubelent çagalar» tans topary bilen «Sport — sagdynlyk» atly aýdymy ýerine ýetirdim. Bu gün bolsa arzuwlarymyz wysalyna gowuşdy. Bize döwletli döwrany döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.

19
Doly oka
Garaşsyzlyk bagynyň bilbilleri Makala

Garaşsyzlyk bagynyň bilbilleri

Leýla ÇARYÝEWA,Kaka etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy: — Aýdymçy çagalaryň her ýyl sabyrsyzlyk bilen garaşýan ajaýyp bäsleşiginde ýeňiji bolup, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Şa serpaýyna mynasyp bolmak bagty meniňem nesibämde bardygyna diýseň begenýärin. Eziz Arkadagymyz bize hemişe gowy okamagy, öwrenmegi, geljekde Watanyň daýanjy bolup ýetişmegimizi ündeýär. Çagalar üçin edilýän atalyk aladalary biz her pursatda duýup ýaşaýarys. Biz — bagtly döwrüň bagtyýar nesilleri. Ýeňiji bolan ähli deň-duşlarymy gutlaýaryn.

19
Doly oka
Garaşsyzlyk bagynyň bilbilleri Makala

Garaşsyzlyk bagynyň bilbilleri

Allanazar ANNAGELDIÝEW,Arkadag şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy: — «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginde Arkadag şäheriniň birleşen çagalar tans topary bilen «Alkyş Size, Arkadag!» aýdymyny ýerine ýetirdim. Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eseri bolan Arkadag şäheriniň adyndan çykyş edip, ýeňiji bolmak meniň üçin iň uly buýsanç. Arkadag şäheri — bagtyň şäheri. Arkadag şäheri — geljegiň şäheri. Biz — ýaş nesiller bolsa, jennet ýaly ýurdumyzyň bagtyýarlygyny wasp edýän saýrak bilbilleri. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaç alsyn!

23
Doly oka
Garaşsyzlyk bagynyň bilbilleri Makala

Garaşsyzlyk bagynyň bilbilleri

Nurgözel BERDIÝEWA,Aşgabat şäherindäki 99-njy orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy: — Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda zehinli çagalaryň arasynda her ýyl geçirilýän «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly şowhunly bäsleşigiň ýeňijisi bolmak bagty maňa-da nesip etdi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda çykyş edip, ýurdumyzyň baş baýramyna sowgatly gelmek çaga ýüregimde uly joşgun döredýär. Alkyşlarym goşgy setirlere, aýdymdyr sazlara öwrülýär. Bize ajaýyp zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

21
Doly oka
Garaşsyzlyk bagynyň bilbilleri Makala

Garaşsyzlyk bagynyň bilbilleri

9-njy sentýabrda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli zehinli çagalaryň arasynda «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylaryň jemleýji konserti uly şatlyk-şowhuna beslenip geçirildi. Bu ajaýyp baýramçylyk ýurdumyzyň bagtyýar çagalygyň mekanydygyny ýene bir ýola aýdyň görkezdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşiginiň çäklerinde ýaş nesliň wekilleriniň arasynda ýylyň-ýylyna geçirilýän bu döredijilik festiwalyna ýurdumyzyň ähli künjeklerinden etrap, şäher we welaýat tapgyrlarynda ýeňiji bolan zehinli çagalar gatnaşdylar. Gazetimiziň şu sanynda bäsleşigiň ýeňijileriniň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

20
Doly oka
Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Atda wepa-da bar, sapa-da” eseri boýunça “Kitap bilen dünýä syry açylýar” atly kitap okamak bäsleşigi

Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Atda wepa-da bar, sapa-da” eseri boýunça “Kitap bilen dünýä syry açylýar” atly kitap okamak bäsleşigi

2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybet

176
Doly oka
“Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň edebi eserleriniň many-mazmun baýlygy, çeperçilik ussatlygy” diýen tema boýunça Türkmen döwlet medeniýet institutynda geçirilýän ylmy makalalaryň bäsleşigi

“Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň edebi eserleriniň many-mazmun baýlygy, çeperçilik ussatlygy” diýen tema boýunça Türkmen döwlet medeniýet institutynda geçirilýän ylmy makalalaryň bäsleşigi

Ýurdumyzda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň Gar

193
Doly oka
Üns beriň, bäsleşikler!

Üns beriň, bäsleşikler!

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Watanymyzy ähli ugurlar boýunça ösdürmäge, gözel tebigatymyza bolan söýgini has-da artdyrma

138
Doly oka
Logo Bilim ministrligi

Dil saýlaň