Tugra Türkmenistanyň Bilim ministrligi

Halkara hyzmatdaslyk

Turkmenistan dunyanin ondebaryjy dowletleri we halkara guramalary bilen bilim ulgamynda netijeli gatnasyklary osduryar.

BILIM BOÝUNÇA HALKARA YLMY-AMALY MASLAHAT: TÜRKMENISTANYŇ TEJRIBESI АLYMLARYŇ WE MUGALLYMLARYŇ ÜNS MERKEZINDE Täzelik

BILIM BOÝUNÇA HALKARA YLMY-AMALY MASLAHAT: TÜRKMENISTANYŇ TEJRIBESI АLYMLARYŇ WE MUGALLYMLARYŇ ÜNS MERKEZINDE

Ýakynda Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherinde geçirilen «Häzirki zaman bilimi. Wajyp meseleler we çözgütler» atly halkara ylmy-amaly maslahata türkmenistanly alymlar we bilim işgärleri hem onlaýn görnüşinde gatnaşyp, çykyşlary etdiler. Ylmy-amaly maslahaty Russiýanyň Tebigy bilimler akademiýasynyň (RANH) professory hem-de Alymlaryň, mugallymlaryň we hünärmenleriň Halkara assosiasiýasynyň ýerine ýetiriji direktory Kirill Aleksandrowiç Bizenkow alyp bardy. Bu ylmy-amaly maslahata Russiýanyň, Belarusyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, usulyýetçi alymlary gatnaşdylar. Ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar halkara we pudagara aýratynlyklaryny — didaktikadan we ruhy-ahlak biliminden başlap, bilimiň sanlylaşdyrylmagyna we ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň lukmançylyk taýýarlygyna çenli häzirki döwrüň wajyp meseleleri barada nygtap bellediler. Gozgalan şol möhüm meseleleriň çözgüdiniň ylmy we usulyýet esaslaryny beýan ediler hem-de meseleleri çözmegiň anyk ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň Bilim işgärleriniň hünärini kämilleşdiriş bölüminiň müdiri, biologiýa ylymlarynyň doktory, dosent S.K. Durdyýewiň hem-de şol institutyň Tebigy we takyk bilimler bölüminiň uly ylmy  işgäri A.S.Sähetmyradowanyň «Türkmenistanyň mekdeplerinde geografiýa biliminde döwrebapsanly tehnologiýalary ulanmak» atly çykyşy, şeýlehem S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Tokaý hojalygy we tokaý seýilgählerini dolandyrmak kafedrasynyň mugallymy, ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesine dalaşgär G.A.Allakuliýewanyň «Bezeg bagçylygy» okuw dersini okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek» diýen temalarda eden täsirli çykyşlary ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylarda aýratyn gyzyklanmany döretdi. Bu maglumatlar umumy orta bilim berýän hem-de ýokary okuw mekdepleriniň halkara ylmy dialoglarda özara hyzmatdaşlyk etmekleri we Russiýadan, Merkezi Aziýa ýurtlaryndan gatnaşan kärdeşleri bilen tejribe alyşmaklary dogrusyndaky meseleleri öz içine aldy. Ylmy-amaly maslahatda edilen çykyşlar häzirki zaman bilimiň esasy ugurlaryny öz içine aldy: emeli aň intellekti bilim-terbiýeçilik we ylmy işlere ornaşdyrmak, orta mekdeplerde we ýokary okuw mekdeplerinde bilimi sanlylaşdyrmak, okatmagyň ruhy-ahlak esaslaryny berkitmek we lukmançylykdan oba hojalygyna çenli dürli ugurlarda okaýanlaryň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak, bilim-ylym ulgamynda halkara hymatdaşlygyny işjeňleşdirmek. Şeýle halkara platformalary öňdebaryjy tejribeleriň alyş-çalşyny hem-de alymlaryň we mugallymlaryň arasynda täze gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny, şonuň ýaly-da ýurtlaryň arasynda ylym-bilim hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagy we yzygiderli kämilleşdirmegi üpjün edýär. Munuň özi bolsa, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti tarapyndan kesgitlenen bilim ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine laýyklykda dörebaplaşdyrmak babatyndaky anyk maksatlara we aýdyň wezipelere laýyk gelýär.   Türkmenistanyň Milli Bilim Instituty

17
Doly oka
Türkmen wekiliýeti Tokio şäherindäki sebit seminarynda öňdebaryjy tejribäni öwrenýär Täzelik

Türkmen wekiliýeti Tokio şäherindäki sebit seminarynda öňdebaryjy tejribäni öwrenýär

Tokio şäherinde 16-njy sentýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň (UNODC) sebit maslahaty öz işine başlady. Ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek, sanly durnuklylygy ýokarlandyrmak hem-de Merkezi Aziýada zorlukly ekstremizmiň öňüni almak maksady bilen strategik aragatnaşyklary ösdürmek meselesine bagyşlanan bu çärä Türkmenistan hem işjeň gatnaşýar. Ýurdumyza wekilçilik edýän toparyň düzümine bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, raýat jemgyýetiniň wekilleri hem-de Merkezi Aziýanyň Sebit Ýaşlar torunyň (RYNCA) agzalary girýär. Ýaponiýanyň Hökümetiniň goldawy bilen geçirilýän seminara Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň wekilleri, halkara bilermenler, döwlet edaralarynyň we öňdebaryjy tehnologiýa kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşýar. Duşuşygyň ilkinji gününde sanly giňişlikde çagalaryň we ýaşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça Ýaponiýanyň tejribesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Gatnaşyjylar ene-atalar tarapyndan gözegçilik, ýaş aýratynlyklary boýunça tassyklama mehanizmleri, kiber howplara garşy göreşmegiň usullary, şeýle hem döwlet edaralarynyň halkara internet we oýun platformalary bilen hyzmatdaşlygynyň ugurlary barada pikir alyşdylar. Seminarda dünýä belli tehnologiýa kompaniýalarynyň wekilleri hem öz tejribelerini paýlaşdylar. Hususan-da, Nintendo, Roblox kompaniýalarynyň wekilleri hem-de sanly howpsuzlyk boýunça halkara bilermenler häzirki zaman çözgütleri bilen çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda ýaşlaryň sanly giňişlikdäki orny aýratyn nygtaldy. Gatnaşyjylar ýaşlaryň diňe bir öňüni alyş maglumatlaryny kabul edijiler bolman, eýsem sanly çözgütleriň, jemgyýetçilik başlangyçlarynyň we oňyn mazmunlaryň döredilmegine işjeň gatnaşýan taraplar bolmalydygyny bellediler. Türkmen wekiliýeti geçirilen pikir alyşmalarda sanly durnuklylyk düşünjesine has giňişleýin çemeleşmegiň möhümdigini öňe sürdi. Türkmen tarapy bu düşünjäniň diňe zyýanly mazmundan goragy däl, eýsem ýaşlaryň sanly serişdeleri peýdalanmak medeniýetini ýokarlandyrmagy, tankydy pikirlenme ukybyny ösdürmegi, bilim almaga höweslendirmegi we sanly giňişligi şahsy hem-de hünär taýdan ösüş üçin netijeli ulanmaga şert döretmegi öz içine almalydygyny belledi. Türkmenistanyň wekilleri öňüni alyş işleriniň iki esasy ugry özünde jemlemelidigini nygtadylar. Olar howpsuz sanly gurşawy döretmek we ýaşlaryň gyzyklanmalaryny bilim, döredijilik hem-de taslama işlerine gönükdirmekden ybaratdyr. Şeýle çemeleşme ýaşlary diňe bir daşarky howplardan goramak bilen çäklenmän, eýsem olaryň töwekgelçilikleri özbaşdak tanamak ukybyny hem güýçlendirýär. Ýaşlar mejlisiniň çäklerinde Merkezi Aziýanyň Sebit Ýaşlar torunyň Türkmenistandan wekili Şükürgeldi Myradow «Ýaşlaryň durnukly başlangyçlary merkezini» döretmek baradaky teklibini hödürledi. Bu başlangyç ýaşlaryň döwlet edaralary, raýat jemgyýeti we halkara hyzmatdaşlar bilen bilelikde sanly mazmunlary, jemgyýetçilik ähmiýetli taslamalary işläp taýýarlap biljek hemişelik meýdançasyny döretmegi göz öňünde tutýar. Teklip edilýän merkeziň çäklerinde ýaşlar häzirki zaman tehnologiýalary, strategik aragatnaşyklar, media sowatlylygy boýunça bilimlerini artdyrar, şeýle hem zähmet bazarynda zerur bolan amaly başarnyklary ösdürmäge mümkinçilik alarlar. Seminaryň ilkinji güni ýaşlaryň, döwlet edaralarynyň we hususy tehnologiýa pudagynyň arasynda sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly gyzyklanma bardygyny görkezdi. Duşuşygyň işi 17–18-nji sentýabrda dowam eder. Maksatnamanyň çäklerinde CAPVE toruny ösdürmek, strategik aragatnaşyklar, ýaşlaryň gatnaşygyny giňeltmek hem-de Ýaponiýanyň öňüni alyş we jemgyýete gaýtadan goşmak boýunça tejribesini öwrenmek maksatly amaly maslahatlar geçiriler.

27
Doly oka
Aşgabat — Seul: bilim bilen beýik geljek gurulýar Täzelik

Aşgabat — Seul: bilim bilen beýik geljek gurulýar

Gülşat ÝUSUPOWA,Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory: — Häzirki zaman dünýä syýasaty diňe bir döwletara gatnaşyklaryň nusgawy usullaryny däl, eýsem, ylmyň we tehnologiýanyň iň soňky gazananlarynyň utgaşmasyny, çeýe diplomatik çemeleşmeleri-de talap edýär. Şoňa görä, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty hem ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň çäklerinde halkara hyzmatdaşlygy täze belentliklere götermäge ukyply, giň gözýetimli diplomatlary taýýarlamak boýunça özüne ynanylan möhüm wezipäni yzygiderli amala aşyrýar. Ýurdumyzyň beýleki ýokary okuw mekdepleri ýaly, türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi hem Koreýanyň bilim ojaklary bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. 2019-njy ýylyň aprelinde Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Koreý milli diplomatik akademiýasy bilen hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi bu ugurdaky bilelikdäki işleriň hukuk binýadyny emele getirdi. Şol resminama laýyklykda, dürli ýyllarda türkmen diplomatlarydyr mugallymlarymyz bu dostlukly ýurtda guralan gysga möhletleýin okuwlara gatnaşdylar, bilim ojagymyzyň talyplary meýletinçileri taýýarlamagyň halkara tejribesini öwrenmek üçin Koreýada saparda boldular. Ýokary okuw mekdebimizde ýurdumyza gelýän koreý wekiliýetleriniň agzalary bilen yzygiderli gepleşikler geçirilýär. Şu ýylyň fewralynda Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň degişli maksatnamasynyň çäginde ýokary okuw mekdebimize tehniki enjamlary we esbaplary gowşurmak boýunça duşuşygyň guralandygyny-da aýtmak gerek. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Säher tämizliginiň ülkesi» diýlip atlandyrylýan Koreýa amala aşyran ilkinji döwlet saparyna sapardaş bolmak bize-de nesip etdi. Saparyň maksatnamasynyň çäginde guralan ýokary derejeli duşuşyklardyr beýleki çäreler iki tarapyň hem özara hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga taýýardygyny subut etdi. Gol çekilen möhüm resminamalaryň arasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi bilen Seul milli uniwersitetiniň Aziýa merkeziniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk-da bar. Bu resminamalaryň ählisi ylmy we akademiki hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge, bilim ulgamyna öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmaga, mugallymlardyr talyplary alyşmak işini işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. Aslynda, bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlyk diňe bir şu günüň däl, eýsem, geljegiň hem derwaýys wezipelerini çözmegi göz öňünde tutýar. Çünki bilimli, başarnykly, täzeçil pikirlenýän ýaşlar ösüşiň esasy hereketlendiriji güýjüdir. Pursatdan peýdalanyp, bilim ulgamynda gazanylýan ähli üstünlikleriň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyza, ýurdumyzda bilim ulgamyny dünýä ülňülerine, öňdebaryjy tejribelere laýyklykda kämilleşdirmäge giň mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirip, döwletli tutumlarynyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris. Taýýarlan Aýgül RAHYMOWA. «Türkmenistan».

17
Doly oka

Hyzmatdaş döwletler

Logo Bilim ministrligi

Dil saýlaň