Her bir halkyň taryhynda onuň ykbalyny, mertebesini we geljegini kesgitleýän şanly seneler bolýar. Emma türkmen halky üçin Garaşsyzlyk diňe bir taryhy waka däl-de, eýsem, pederlerimiziň asyrlarboýy kalbynda beslän, iň mukaddes arzuwynyň hasyl bolmasydyr. Ol Gorkut atanyň boýlarynda, Görogly begiň namasynda, Magtymguly Pyragynyň ylahy ylhamynda hem-de merdana pederlerimiziň guran kuwwatly döwletleriniň binýadynda ýaşan barlyk güýjüdir.
1991-nji ýylyň altyn güýzünde Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazanyp, özbaşdak ösüşiň aýdyň ýoluna düşdi. Bu mukaddeslik halkymyzyň milliligini, ene dilini, medeniýetini we däp-dessurlaryny gaýtadan dikeltmäge, dünýä medeniýetiniň sahnasyna täzeçe milli öwüşgin bilen çykmaga giň mümkinçilikler döretdi. Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy bolsa Garaşsyzlygymyzyň kuwwatly ganatyna öwrülip, eziz Diýarymyzy sebitde parahatçylygyň we durnukly ösüşiň pajarlaýan merkezine öwürdi.
Garaşsyzlyga eýe bolan ata Watanymyzda gysga wagtda asyrlara barabar işler bitirildi. Ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat, sebitde deňi-taýy bolmadyk, «akylly» şäher konsepsiýasyna eýe bolan Arkadag şäheri, galyberse-de, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlup ulanmaga berlen ençeme binagärlik toplumy Garaşsyzlygyň halkymyza beren bagtydyr. Gahryman Arkadagymyzyň: «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy türkmen halkynyň hasyl bolan köňül arzuwydyr, galkynan ykbalydyr» diýen ganatly jümleleri bu aýdylanlary aýdyň tassyklaýar. Türkmen halky üçin Garaşsyzlyk diňe bir syýasy düşünje bolman, eýsem, ýurduň erkinligidir, öz topragyňda öz saýlan ýoluň bilen dünýä çykmakdyr.
Bu gün ata-babalarymyzyň asyrlarboýy gorap saklan mukaddes topragynda Garaşsyzlygyň saýasynda agzybirligiň, dostlugyň we parahatçylygyň ajaýyp owazy ýaňlanýar. Häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiz dünýäniň dürli ýurtlarydyr halkara guramalarynyň ençemesi bilen dostana gatnaşyklary ýola goýdy. Bu bolsa hemişelik Bitaraplyk syýasatymyzyň ähmiýetiniň uludygyny, berkarar Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilik diplomatiýasynyň bütin dünýäde dabaralanýandygyny äşgär edýär. Munuň özi döwletimiziň halkara abraýyny görkezmek bilen birlikde her bir türkmen raýatynyň, aýratyn hem biz — ýaşlaryň kalbynda çäksiz buýsanç duýgusyny oýarýar.
Umuman, Garaşsyzlyk biziň her birimiziň ýüregimizdäki Watana bolan söýginiň öçmejek alawy bolup, berkarar döwletimizi has-da belent sepgitlere alyp barýar. Beýik sepgitlere ýetmekde gujur-yhlasyny gaýgyrmaýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!