Türkmençilikde il-ýurt bähbitli meseleleriň maslahatlarda çözülmegi örän gadymy döwürlerden gözbaş alýar. Asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan halk häkimiýetiniň ýörelgelerini, demokratik däpleri özünde jemlän halk maslahatlarynda pederlerimiz syýasy, jemgyýetçilik we hukuk meseleleri boýunça wajyp kararlar çykarypdyrlar. Ata-babalarymyzyň iňňän uly ähmiýet berip, geňeşmeleridir maslahatlary guramagy, birek-biregiň garaýşyny öwrenmek, özara düşünişmek we ylalaşykly goldaw ýaly jemgyýetçilik gatnaşyklaryň işjeňleşmegine, bular bolsa öz gezeginde raýat jemgyýetiniň ýörelgeleriniň — milli demokratiýamyzyň kemala gelmegine getiripdir. Şonuň üçin hem häzirki zaman türkmen halk häkimiýetiniň gadymyýete uzaýan taryhy-syýasy we medeni-jemgyýetçilik kökleri bar. Bu hakykata gadymy «Oguznamalar» bilen içgin tanşanyňda anyk-aýdyň göz ýetirýärsiň.
Halkymyzyň aňyýetinde baryp oguzlar zamanasyndan bäri ýaşap gelýän «Geňeşli salamat bolar», «Il gözi — terezi», «Iliň agzy bir bolsa, dagy goparar», «Geňeşene — giň dünýä», «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýen pähimleriň özeninde jemgyýetiň bitewüligi, ynsanlaryň raýdaşlygy, il-ýurda wepadarlyk ýaly döwletli dessurlarymyz jemlenýär. Oguzlar taryhyň ähli döwürlerinde hem döwletiň we milletiň ykbalyna dahylly düýpli meseleleri çözmek üçin ýaşulular geňeşlerini hem-de halk maslahatyny çagyrypdyr. Bu geňeşlerde tüýs demokratik däplere eýerilipdir. Muňa, ilkinji nobatda, oguzlaryň şöhratly taryh ýazgylary bolan «Oguznamalar» güwä geçýär.
Oguzlaryň adaty — baş kanunlary ata-babalaryň tejribesine, paýhasyna we asylly ýoluna ygrarlylykdan başlanypdyr. Çünki ata-babasynyň mertebesini saklamagy başarmaýan, sözüne gulak asmaýan adam özüniň-de, özgeleriň-de mertebesini saklap bilmeýär. Muňa has anyk göz ýetirmek üçin mysala ýüzleneliň: «Oguz han ýagşy maslahatlar we geňeşler beren Garasülüge hem köp engam we sowgatlar berdi we ondan sorady:
— Munça ýagşy geňeşleri ne ýerden bilerdiň?
Ol ýaşyrman diýdi:
— Garry kişileri goýup, ýanyňyz bilen äkitmäňiz diýip, ýarlyk we höküm edipdiňiz. Men atamy sandyga salyp, özüm bilen äkidipdim. Her bir müşgil iş ýüze çykanda, men baryp, oňa aýdyp, ondan jogap alyp, size aýdýardym». Oguzlaryň urp-adatyny şundan oňat düşündirjek çeşme ýok bolsa gerek. Pederlerimiz ýöne ýere «Ata razy — Alla razy» diýmändir. Peder ýoly asyrlaryň synagyndan geçen, ata-babalarymyzyň paýhas eleginde elenen, taryhy tejribeden ýüki ýeten hazynadyr. Hususan-da, ata pendi türkmen üçin mukaddes parzdyr, üýtgewsiz kanundyr we baky wesýetdir. Şonuň üçin hem türkmen halky özüne hoş maslahat, ýagşy geňeş beren her bir ynsany ata-babasy kimin ezizläp, oňa «ata» diýip, «baba» diýip ýüzlenipdir. Muňa göz ýetirmek üçin Gorkut ata, Mäne baba, Sarahs baba, Baba Gammar, Ak işan ata ýaly parasatly pederlerimiziň atlaryny ýatlamak ýeterlikdir. Bu ýörelgeler türkmeniň diňe bir aňyna däl, eýsem, ganyna siňen, süňňüne ornan aýratynlykdyr. Muny «Oguznamalarda» belentden waspy ýetirilýän oguz soltanlarynyň her bir edähedinde görmek bolýar.
Türkmen halky ata-babasyny mertebeläp, abraý tapan, döwlete ýeten, ykbaly galkynan milletdir. Bu bolsa biziň üçin pederlerimiziň geçmiş mirasyny, paýhas gaznasyny we urp-adatyny içgin öwrenip, häzirki zamanyň şertleri we gazananlary bilen utgaşdyryp, döwrebap ruhda dowam etdirmegiň biziň üçin hemişelik dogry ýol-ýörelgedigini aňladýar.