Tugra Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Hünär — akar bulak, ylym — ýanar çyrag

Hünär — akar bulak, ylym — ýanar çyrag

15 Sentýabr, 2026 Makalalar
13

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, Watanyna we halkyna çäksiz sarpa goýýan, bilimli, ylymly we ýokary ahlakly şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilýär.

Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagynda geljegimiz bolan ýaş nesli watançylyk we milli ruhda terbiýelemekde, döwrebap ylym-bilim bermekde paýhasly maslahatlary berdi. Ýaşlaryň terbiýeçilik işinde olaryň watançylyk duýgusyna doly düşünmeklerine, halkymyzyň gadymy taryhyna, medeni gymmatlyklaryna we Magtymguly Pyragy ýaly beýik akyldarlarynyň mirasyny öwrenmäge bolan höwesini artdyrmagyň zerurdygyny öňe sürdi. Şeýle hem merdana pederlerimiziň durmuş tejribesiniň ýaşlar üçin mukaddes mekdep we ruhy çeşmedigini aýratyn nygtady. Ýaşlaryň häzirki zaman ylmy-tehniki ösüşlerden baş çykarmalydygy, innowasion barlaglara işjeň gatnaşmalydygy we täze tehnologiýalary döretmäge ukyply bolmalydygy barada çuňňur pähime ýugrulan pikirleri öňe sürdi. Okuw sapagynda pähim-paýhasa ýugrulan her bir jümle türkmen ýaşlary üçin bahasyna ýetip bolmajak durmuş mekdebi boldy. Şeýle hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýylynda gazanylan ajaýyp üstünlikler, ýetilen belent sepgitler barada Gahryman Arkadagymyz giňişleýin gürrüň edip, bu buýsandyryjy ösüşleriň binýadynda halkymyzyň agzybirliginiň, parahatçylygynyň we döredijilikli zähmetiniň bardygyny belledi. Halkymyzyň däp-dessurlaryna, maşgala mukaddesligine, ýaş nesli milli ruhda terbiýelemegiň ähmiýetine aýratyn üns berilmeginiň möhümdigi barada gymmatly maslahatlar berildi.

Eziz Watanymyzyň bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde ýaş nesle çuňňur bilim we asylly terbiýe bermek bilen bir hatarda, olary geljekki hünärlerine ugrukdyrmak hem möhüm orun eýeleýär. Esasanam, ýaşlary belli bir ugra gönükdirmekde we saýlap alan hünärlerine söýgi döretmekde türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan milli ýörelgelerinden giňden peýdalanmak möhüm ähmiýete eýedir. Bu ýörelgeler ýaşlarda watançylyk, zähmetsöýerlik, ynsanperwerlik we jogapkärçilik ýaly asylly häsiýetleriň kemala gelmegine ýardam edýär. Bu işler geljekki nesiller üçin hem abadançylygyň we rowaçlygyň berk binýadyny döredýär.

Şeýle ajaýyp durmuşda ýaşap, Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly pähim-paýhaslaryna eýerip, bilim almaga, döredijilikli zähmet çekmäge döredilýän giň mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.

Arzuw HOJAGELDIÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 46-njy orta mekdebiň mugallymy.
Logo Bilim ministrligi

Dil saýlaň