«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 2-nji sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde okuw sapagyny geçdi. Gahryman Arkadagymyz çykyşynda «Ynsany kämillige we belent mertebä ýetirýän gymmatlyk, ilkinji nobatda, ylym we bilimdir. Şoňa görä-de, kämil bilim almak, okamak, döretmek, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak bagtyýar ýaşlarymyzyň mukaddes borjudyr» diýdi. Bu jümle Türkmenistanyň her bir raýaty üçin mukaddes ýol-ýörelgedir.
Gahryman Arkadagymyzyň halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda milli bilim ulgamynyň gurluşyny döwrebaplaşdyrmaga, bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, bilim işini kämilleşdirmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeler alnyp barylýar. Milli tejribeleriň dünýäniň öňdebaryjy gazananlary bilen utgaşdyrylmagy esasynda bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzda çagalar baglaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli bilim işi milli ýörelgelere, öňdebaryjy dünýä tejribelerine hem-de halkara ülňülere laýyklykda tapgyrlaýyn kämilleşdirilýär. «Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasyna», «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna», «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna», «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, bilim ulgamynda ýaş nesliň sagdyn ösmegi, okamagy, öwrenmegi ugrundaky işler üznüksiz ýokarlandyrylýar. Bilim edaralary many-mazmun, bilim-terbiýe berijilik taýdan ýokary hilli okuw kitaplary, okuw-usuly gollanmalar bilen yzygiderli üpjün edilýär. Okuw maksatnamalaryna laýyklykda, kitaplaryň hiliniň ýokarlandyrylmagyna we mazmunynyň baýlaşdyrylmagyna, gazet-žurnallar arkaly bilim işinde halkara tejribäniň öwrenilmegine hem-de okatmagyň usulyýetiniň kämilleşdirilmegine aýratyn üns berilýär. 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda 1-nji synpa gelen çagalar hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan «Bilimli» atly noutbuk kompýuteri sowgat aldylar. Ýurdumyzda uly dabaralara beslenip geçirilen Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyp ulanmaga berilmegi bolsa, Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň watansöýüji bolup ýetişmekleri ugrunda döwletimiz tarapyndan edilýän tagallalaryň aýdyň subutnamasydyr.
Gahryman Arkadagymyz Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen okuw sapagynda: «Biz ylym-bilim ulgamynda toplan baý tejribämiz esasynda ajaýyp geljegimizi gurýarys. Watanyň, halkyň ykbaly ugrunda ýokary jogapkärçilik duýýan päk ahlakly, watansöýüji, bilimli, ylymly nesilleri terbiýeleýäris» diýip belledi.
Ýurdumyzyň ýaşlary üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!