Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde amala aşyrylýan beýik işler bedew bady bilen öňe barýan eziz Watanymyzyň ösüşlerini üpjün edýär. Milli ýörelgelerimiziň esasynda her ýylda geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde il-ýurt bähbitli işleriň çözgüdine giňden itergi berilýär. Häzirki bagtyýar zamanada ýurdumyzda halkymyzyň agzybirligine, milli demokratiýanyň ösdürilmegine uly üns berilýär. Jemgyýetimizi öňe alyp gitmekde, ýurdumyzyň ösüşini üpjün etmekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň orny uludyr.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda halkymyz ýurdumyzda gazanylýan üstünliklere buýsanyp, döwletimiziň beýik geljegine uly ynam bilen garap, jebislikde, agzybirlikde zähmet çekýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetimiziň agzybirligini, jebisligini berkitmek, döwlet ähmiýetli meseleleri ilatyň ähli gatlaklarynyň wekillerini giňden çekmek arkaly maslahatlaşyp çözmek baradaky başlangyçlar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şeýle hem il içinde abraýdan peýdalanýan, öz halal zähmeti bilen ýokary zähmet üstünliklerini gazanan watandaşlarymyz aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Halkymyzyň agzybirlikli hem-de döredijilikli zähmeti bilen jemgyýetimiziň ösüşleri, üstünlikleri üpjün edilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde hem ýurdumyzyň ösüşleri hakynda beýan ediler we geljek üçin aýdyň maksatlar kesgitleniler. Ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşylýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine jemgyýetiň ähli wekilleriniň, ýaşulularyň, aýratyn-da, ýaşlaryň gatnaşmagy il-ýurt bähbitli çözgütleri kabul etmekde uly güýç bolar.
Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gülläp ösmeginde, ata Watanymyzyň şan-şöhratynyň, at-abraýynyň has-da belent derejelere göterilmeginde ildeşlerimiziň her biriniň mynasyp paýy bardyr. Ýurdumyzda raýatlaryň döredijilikli işlemegi, ýaşlaryň bilim öwrenmekleri üçin ägirt uly mümkinçilikler döredilýär. Şeýle mümkinçilikler ildeşlerimizi täze belentliklere ýetmäge ruhlandyrýar. Bu maslahatda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpgöter gowulandyrmaga ýardam etjek işleri, öňde duran wezipeleri çözmek üçin edilýän taýsyz tagallalar öz çözgüdini tapar.
Eziz Watanymyzyň durmuşynda bolup geçýän özgertmeler, dabaraly çäreler we taryhy wakalar taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda bu möhüm syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetli maslahat çuňňur many-mazmuna eýedir. Ýurdumyzyň baş baýramçylygynyň öň ýanyndaky toýly günlerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilmegi halkymyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak möhüm ähmiýetli wakalaryň utgaşmasy bolup taryha girer. Çünki öňde aýdyň maksatlar bar, halkymyzyň agzybirligi täze ösüşlere binýat bolýar. Ýurdumyzy bedew batly ösüşler bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!