Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli, toplumlaýyn işler beýik ösüşlerimiziň taryhy ýyl ýazgysyna aýratyn many-mazmun, öwüşgin çaýyp, bagtyýar türkmen halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuny täze zähmet üstünlikleri bilen garşylaýar. Eziz Diýarymyzy has-da gülledip ösdürmek, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň abraý-mertebesiniň mundan beýläk-de dünýä ýaýylmagyna mynasyp goşant goşmak biziň her birimiziň mukaddes borjumyz bolup durýar.
Garaşsyzlyk bilen galkynýan berkarar döwletimiz häzirki ajaýyp döwrümizde bedew batly ösüşleriň aýdyň ýolundan ynamly öňe barýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe merdana türkmen halkymyzyň asylly maksatlary we ynsanperwer ýörelgeleri rowaçlanýar. Ata Watanymyzda amala aşyrylýan çuňňur oýlanyşykly oňyn özgertmeler ýurdumyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň abadan durmuşynyň rowaçlanmagyna kuwwatly itergi berýär.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuna uly zähmet üstünlikleri we belent sepgitler bilen barýan ata Watanymyzda ähli ugurlar boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Şanly ýylymyzda gazanylýan uly üstünlikler, bedew batly ösüşler bolsa durmuş-ykdysady özgertmeleriň rowaçlyga beslenýändigini görkezýär. Garaşsyz döwletimiziň syýasy hem-de jemgyýetçilik durmuşy taryhy wakalar bilen has-da baýlaşýar. Agzybir halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen möhüm çözgütleriň kabul edilmeginde aýratyn ähmiýete eýe bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi bolsa döwletimiziň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyndaky möhüm wakalaryň esasylarynyň hatarynda kesgitlenýär.
Merdana halkymyzyň öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan milli demokratik däpleri we döwletlilik ýörelgeleri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen häzirki döwürde has-da baýlaşdyrylyp, üstünlikli dowam edýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine ýurdumyzyň ähli ýerinde ýokary derejede uly taýýarlyk görülýär. Maslahatlaşmak, il-gün bilen geňeşmek ýaly asylly däpler öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan milli demokratik ýörelgelere daýanýar.
Ýurdumyzda döwletli tutumlara we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen taryhy maksatnamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, senagat-gurluşyk, ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynda hem-de halkara hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarynda gazanylýan uly üstünlikler, bedew batly ösüşler Garaşsyz Watanymyzyň syýasy-ykdysady binýadyny has-da berkidýär.