Gahryman Arkadagymyz tarapyndan esaslandyrylan döwletliligiň synmaz sütünlerini berkidýän hormatly Prezidentimiz milli bilim özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirýär. Häzirki ajaýyp döwürde ylym-bilim has-da ösdürilýär. Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäherindäki Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagynyň mysalynda hem muňa göz ýetirmek bolýar. Şu nukdaýnazardan, innowasion tehnologiýalary döretmäge ukyply, ýokary derejeli ýaş hünärmenleri taýýarlamak, ýaşlaryň intellektual aýratynlyklaryny, zehin-başarnyklaryny, aň-bilim, ylym, medeniýet we beýleki ukyplaryny ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek üçin doly we dogry ulanmak, olary halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen iş bilen üpjün etmek döwlet syýasatynyň wajyp ugurlarynyň biridir.
Häzirki zaman dünýäsinde bilim ösüşiň binýadyny düzýär we bäsdeşligiň çeşmesi bolup çykyş edýär. Täze bilimleri döretmäge, olary guramaçylykly dolandyrmaga, täze tehnologiýalary we önümleri öndürmäge, ulanmaga ukyply ýurtlar, sebitler, edara-kärhanalar öňdäki orunlary eýeleýärler. Şonuň üçin bilimi ösdürijiler we göterijiler bolup zehinli ýaşlar çykyş edýärler. Şeýle hem ýokary we orta bilimiň arabaglanyşygyny ýola goýmak, orta mekdebiň okuwçylarynyň ýokary hilli bilim almak, höweslendirmek, olaryň aýratyn zehinlilerini saýlap almak, geljekde kämil inženerleri we tehnologlary ýetişdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly integrirlenen olimpiadany we Innowasion tehnologiýasy taslama bäsleşigini geçirmek däbe öwrüldi. Bu olimpiada fizika, himiýa, biologiýa, informatika we iňlis dili ugurlary boýunça üç tapgyrda geçirilýär we zehinli ýaşlar ýüze çykarylýar.
Uniwersitetimizde şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilmegi daşary ýurt hünärmenlerinde hem uly gyzyklanma döredýär. Şu ýylky geçirilen taslama bäsleşigine daşary ýurtly myhmanlar hem gatnaşdylar we emin agzasy hökmünde işlere baha berdiler. Dünýä uniwersitetleriniň reýtingini bahalandyrýan «Times Higher Education» guramasy «THE Awards Asia» bäsleşigini geçirdi. Zehinli ýaşlary uniwersitete okuwa çekmek üçin geçirilýän «Student Recruitment Campaign of the year» ugry boýunça bäsleşikde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti Aziýa uniwersitetleriniň arasynda ilkinji sekizlige düşmegi başardy. Munuň özi zehinli ýaşlary bilime we ylma höweslendirmäge, yhlasly, erjel talyplaryň jemgyýetini döretmäge doly mümkinçilik berýär. Uniwersitetiň saýtynda ýeňijileriň sanawy, meseleleri çözmegiň usullary yzygiderli ýerleşdirilýär.
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň garamagynda Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Ýaponiýanyň ýolbaşçy wekilleriniň gatnaşmagynda 2016-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda açylyp ulanmaga berildi. Uniwersitetde dil öwreniş bölümi we 30 sany hünär boýunça 5 sany fakultet hereket edýär. Gysga wagtyň içinde uniwersitet diňe ýurdumyzda däl, eýsem, sebit we halkara derejesinde köp ugurlar boýunça tejribe gazanmagy, dürli derejeli çäreleri üstünlikli guramagy we geçirmegi, dürli bäsleşiklerde we sergilerde uly üstünlikleri gazanmagy başardy. Uniwersitetde okuwlar iňlis we ýapon dillerinde tölegli esasda alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ylmyň, önümçiligiň we senagatyň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürmek, innowasion tehnologiýalary döretmäge ýaşlary işjeň çekmek hakynda birnäçe anyk tabşyryklary bermegi geljekde bu ugurlarda alnyp baryljak işleriň öňe ilerlemegine amatly şertleri döreder.
Türkmen ylmynyň täze galkynyşlarynyň nyşany bolan «Oguz han» ylmy-tehnologiýalar merkeziniň döredilmegi ýurdumyzda alnyp barylýan ylmy-barlaglaryň depginini mundan beýläk-de ýokarlandyrar. Ol ylmyň, önümçilik babatda işewürligiň hem-de täjirçiligiň täze innowasion usullaryny işläp taýýarlamaga, ösdürmäge, innowasiýa ulgamynyň netijeli işlemegi üçin häzirki zaman taslamalaryny taýýarlamaga, kibersport inženerçilik we tehnologik bilimler we ylymlar boýunça okuw-usuly, ylmy-barlag, analitik maslahat beriş babatda işleri alyp barmaga mümkinçilik berer.
Ýurdumyzyň ykdysady bähbitlerinden ugur alyp, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň, hyzmatlaryň ornuny tutýan ýokary tehnologiýaly innowasion önümleri, şol sanda kompýuter, mobil programmalaryny, kompýuter oýunlaryny, okuw-usuly animasiýalary, gollanmalary, elektron kitaplardyr sözlükleri öndürmäge ukyply täze tehnologiýalary, bilimleri döretmek, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek merkeziň esasy maksatlarynyň biri hasaplanýar. Ylmy-tehnologiýalar merkezinde dörediljek dürli ugurlara degişli innowasion tehnologiýalary ykdysadyýetiň pudaklaryna, senagata ornaşdyrmak, ýokary tehnologiýalar babatda ykdysadyýetiň döwlet we hususy bölekleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek göz öňünde tutulýar. Şeýle-de merkezde ýurdumyzyň senagat kärhanalarynda döredilýän nano, bio, maglumat ulgamlary, sanly ykdysadyýet, kiberhowpsuzlyk, «akylly» we sanly tehnologiýalar babatda ylmy talap edýän meseleler doly öwrenilip, olaryň çözgüdini tapmak, önümçilige ornaşdyrmak üçin teklipleri taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.
«Oguz han» ylmy-tehnologiýalar merkeziniň esasy wezipeleri hakynda aýdylanda, ýurdumyzyň ähli zehinli ýaşlaryny bilim, ylym, innowasiýalar we ýokary tehnologiýalaryň işewürligi ulgamlaryna işjeň çekmek, adam maýasyny ösdürmek we rejeli peýdalanmak işgärleri amatly dolandyrmak, milli we daşary ýurtlaryň ýaş, zehinli hünärmenlerini ýokary tehnologiýalar ulgamyna işe çekmek, ýurdumyzyň bilim, ylym kuwwatyny bir bitewi ulgama jemlemek, mümkinçiliklerini artdyrmak, bilimleriň ykdysadyýetini kemala getirmek, dünýäniň innowasiýalar giňişliginde bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak ileri tutulýar. Geljekde ýurdumyzda täze bilimlere, ylmy-barlaglara, nano, bio, sanly we «akylly», emeli aň, neýron torlar, kiberhowpsuzlyk, kompýuter lingwistikasy, ýokary tehnologiýalaryň işewürligi, täjirçiligi ýaýbaňlandyrylar. Merkeziň innowasion ekoulgamyny ösdürmek maksady bilen dürli sergiler, forumlar, bäsleşikler, «tegelek stollar», duşuşyklar, olimpiadalar we beýleki çäreler guralýar. Ýokary tehnologiýalar bilen işleşýän ýaşlary ykdysadyýet, menejment, marketing ugurlary boýunça okatmak we taýýarlamak, olaryň hünär, hukuk, ykdysady we dolandyryş ukyplaryny kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiziň goldawlary netijesinde ýokary okuw mekdebimiziň daşary ýurtlaryň abraýly uniwersitetleri, kompaniýalary, ylmy guramalary we merkezleri bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürilýär. Halkara ylmy-amaly maslahatlar, bäsleşikler, çäreler geçirilýär we professor-mugallymlarymyz daşary ýurtlarda iş saparlarynda bolup, hünärlerini kämilleşdirýärler.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti inženerçilik bilimini standartlaşdyrmak maksady bilen, CDIO (Oýlap tapmak. Dizaýn etmek. Ornaşdyrmak. Dolandyrmak) atly bütindünýä başlangyjyna goşuldy. Bu başlangyç dünýäniň 40 ýurdundan 200 töweregi uniwersiteti bir ýere jemleýär. Uniwersitetimiz Merkezi Aziýa boýunça şeýle konsepsiýany kabul eden ilkinji ýokary okuw mekdepleriniň biridir. Bu bütindünýä başlangyjynyň esasy maksadynda dünýäniň çar künjeginde inženerleriň, tehnologlaryň ylymlary, bilimleri, pikirlenmek başarnyklarydyr ukyplary, jogapkärçilikleri hem-de telekeçilik hilleri üçin umumy standartlar göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti 2023-nji ýylda uniwersitetleriň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekdäki goşantlaryna esaslanýan «Times Higher Education Impact» sanawynda orun aldy. Bilim ojagymyz «Bilimiň hili», «Howanyň üýtgemesi», «Durnukly şäherler», «Gender deňligi», «Suw gurşawy», «Gury gurşaw» ugurlary boýunça öňdäki orunlary eýelemegi başardy. Şeýle-de uniwersitetimiz «UI GreenMetric World University Ranking» sanawyna gatnaşdy we bu sanawda dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň arasynda öňdäki orna mynasyp boldy.
Talyplarymyz Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Bilim ministrligi we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan ýaşlaryň arasynda geçirilýän ylmy işler boýunça «Ýokary tehnologiýalar we innowasion işläp taýýarlamalar» atly we «Climat science Olympiad semi-final» ýaly halkara bäsleşiklere yzygiderli gatnaşyp, ýeňiji bolýarlar. Uniwersitetimizde ýaşlaryň arasynda Ylymlar gününe bagyşlanyp innowasion tehnologiýalaryň bäsleşigi guralýar.
Uniwersitetiň çäginde hereket edýän umumy we amaly biologiýa institutynyň esasy maksady ýurdumyzda ylmyň umumy biologiýa, öýjük biologiýasy, molekulýar biologiýa, genetika, biotehnologiýa, bioinženeriýa, bioinformatika, ekologiýa ugurlaryny ösdürmek, tebigy baýlyklar bolan ösümlikler, haýwanat we mikroorganizmler dünýäsini öwrenmek, olaryň biohimiki, fiziki-himiki, dermanlyk häsiýetlerini anyklamak, ösümlik hem haýwanat dünýäsini goramak we rejeli peýdalanmak, oba hojalyk ekinleriniň we mallarynyň seçgi-tohumçylyk işlerini talabalaýyk alyp barmak, täze görnüşlerini döretmek boýunça düýpli hem-de amaly-ylmy barlaglary geçirmekdir.
Uniwersitetde häzirki wagtda alnyp barylýan ylmy-barlag işler:
1. «Köpetdagyň ösümlik serişdelerini innowasion tehnologiýalar arkaly köpeltmek we olary milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ornaşdyrmagyň ylmy esaslaryny işläp düzmek».
2. «Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasynyň dermanlyk florasy we onuň ylmy seljermesi».
3. «Türkmenistanyň milli gerbariý gaznasy üçin Merkezi Köpetdagyň biodürlüliligini seljerip, täze nusgalaryny toplamak».
THE (Times Higher Education) guramasy Beýik Britaniýadaky ýokary okuw mekdeplerine baha bermek maksady bilen 1971-nji ýylda Beýik Britaniýanyň «The Times» žurnaly tarapyndan döredildi. Wagtyň geçmegi bilen bu gurama ylmy-seljeriş merkezine we dünýäniň ýokary bilim ulgamyna baha berýän iň uly özbaşdak guramasyna öwrüldi. Ol dünýäniň ýüzlerçe ýurtlarynda ýerleşýän müňlerçe ýokary okuw mekdepleriniň işlerini seljerip, olaryň bilim, ylmy-barlag, innowasiýa, halkara hyzmatdaşlygy we jemgyýete ýetirýän oňyn täsirini dürli görkezijiler arkaly bahalandyrýar.
THE Aziýa baýragy — THE guramasy tarapyndan guralýan Aziýa yklymynda ýerleşýän ýokary okuw mekdepleriniň üstünliklerini görkezýän abraýly halkara baýrak. Bu baýrak diňe abraýly ýokary okuw mekdepleriniň sanawy bolman, eýsem, ýokary okuw mekdepleriniň hakyky üstünliklerini, täze çeşmelerini we jemgyýete ýetirýän oňyn täsirini ýüze çykarýar. Onuň esasy maksady Aziýa ýurtlarynyň ýokary bilim ulgamynda alyp barýan öňdebaryjy tejribelerini dünýä derejesinde tanatmakdyr.
Şol ýokary okuw mekdepleri tarapyndan «THE Aziýa baýragy 2026» bäsleşigine 10 sany ugur boýunça 500-den gowrak iş gatnaşyp, netijeli iş alyp baran diňe iň gowy 8 sany uniwersitet «gysga sanawa» girmegi başardy.
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti Aziýanyň iň abraýly halkara baýraklarynyň biri bolan «THE Aziýa baýragy 2026» bäsleşiginiň gysga sanawyna, ýagny iň gowy uniwersitetleriň sekizligine «Ýylyň STEM ylmy taslamasy» ugry boýunça saýlandy.
Bu sanawda, ýurdumyz bilen bir hatarda, Ýaponiýa, Singapur, Koreýa Respublikasy, Taýland, Malaýziýa, Türkiýe, Hindistan we Gonkong ýaly ylmy-tehnologik taýdan ösen döwletleriň iň gowy ýokary okuw mekdepleri bar.
Ýurdumyzda ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, daşary ýurt dillerini bilýän kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Häzirki döwrümiz iň täze tehnologiýalardan baş çykarýan, döwrüň gazananlary bilen aýakdaş gitmäge ukyply hünärmenleri talap edýär. Tehnologiýalaryň asyry hasaplanylýan häzirki döwrüň hünärmenine işleri üstünlikli guramakda günsaýyn sanlylaşdyrylýan ykdysadyýetimizden baş çykarmak, daşary ýurt dillerini bilmek möhümdir.
Bu günki günde türkmen ýaşlaryna berilýän ylym-bilimiň hilini hem mazmunyny döwrüň talaplaryna görä has-da kämilleşdirmeklige hem-de bilimiň çuňlaşdyrylyp öwredilmegine örän uly üns berilýär.
Şonuň üçin bu ugurda ýaşlara bilim bermek we hünär öwretmek boýunça ýörite döwlet syýasaty alnyp barylýar. Şol syýasatdan ugur alyp, 2022-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň garamagynda «Goşmaça we üznüksiz bilim» okuw merkezi öz işine başlady.
«Goşmaça we üznüksiz bilim» okuw merkezinde şu aşakdaky ugurlar boýunça diňleýjilere bilim berilýär: mugallymçylyk işi we pedagogik tehnologiýa; sanly ykdysadyýet; matematika; fizika; biologiýa; himiýa; iňlis dili; ýapon dili; kompýuter sowatlylygy; programmirlemek; robot tehnikasy; kompýuterde inženerçilik grafikasy we animasiýasy; kiberhowpsuzlyk.
Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen, ýurdumyzda kibersporty ösdürmek maksady bilen Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde ýurdumyzda ilkinji we ýeke-täk Kibersport merkezi döredildi. Ösüp gelýän ýaş nesilleriň diňe bir bilimini ösdürmek bilen çäklenmän, olaryň berk bedenli, sagdyn dünýägaraýyşly bolmagy ugrunda döwletimizde bimöçber işleriň durmuşa geçirilmegi hem diýseň guwandyryjy ýagdaýdyr. Ýurdumyzda sportuň diňe bir fiziki görnüşleri däl, eýsem, sanly görnüşlerine hem uly üns berilýär. Kibersport (elektron sport) — bu wideo oýunlaryň esasynda guralýan professional ýaryşlaryň görnüşidir. Ol adaty sport ýaly çalt depginler bilen ösýän we dünýäde millionlarça muşdagy bolan aýratyn bir ulgama öwrüldi.
Uniwersitetiň «Oguz han» ylmy-tehnologiýalar merkeziniň kibersport bölümi Türkmenistanda kibersportuň ähli görnüşlerini ösdürmek, zehinli kibertürgenleriň ýaş neslini kemala getirmek we bir ýere jemlemek, kibersportuň dürli görnüşleri boýunça halkara ýaryşlara taýýarlamak, kibersport boýunça tälimçileri we türgenleri taýýarlamak, kibersporty ylmy esasda ösdürmek, kibersport boýunça ýörite tölegli okuwlary alyp barmak, kibersportuň görnüşlerine we kibertürgenleriň ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda tälimçilik işlerini alyp barmak, ýaşlaryň arasynda kibersporty ýaýbaňlandyrmak we mahabatlandyrmak, oýunlaryň senagatyny ösdürmek, täze oýunlary döretmek we satmak, ylmyň, önümçiligiň, senagatyň we işewürligiň ileri tutulýan ugurlaryny sanly ykdysadyýetiň kömegi bilen ösdürmek maksady bilen döredildi.
Bularyň ählisi Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim we ylym ulgamynyň öňünde goýýan wajyp meselelerini oňyn çözmäge, pajarlap ösýän, özgerýän Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň, senagatynyň ähli pudaklary üçin döwrebap bilimlerden, tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän ýaş hünärmenleri çagalykdan taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Öňde goýlan meseleleri döwrebap usullar arkaly çözmekde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň tejribesiniň, ähli zerur şertleriniň we mümkinçilikleriniň bardygyny aýratyn belläp geçmek bolar. Şeýle giň möçberli işler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde amala aşyrylýar.
Mähriban Watanymyzyň geljekki ösüşleriniň kepili bolan bilim we ylym ulgamyny ösdürmekde alyp barýan işleri we döredýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden buýsanjymyzy beýan edýäris. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik işleri hemişe rowaç bolsun!