Türkmen dili sapagy okuwçylaryň iň gyzyklanýan dersidir. Çünki ene dilimiziň baýlyklaryny, dil biliminiň aýratynlyklaryny öwrenmek örän täsirli bolýar. Şunda mugallymyň sapagy täsirli guramagy, düşündirmegi esasy şertdir. Orta mekdepleriň 5-nji synpynda söz hem-de goşulma boýunça tema geçilýär. Şunda okuwçylara asyl söz we goşulmalar, goşulmalaryň üsti bilen ýasalan sözler hakynda düşündirýäris. Munuň üçin okuw kitabyndaky kesgitlemäni okuwçylara düşündirýäris we multimedia tagtasynda degişli mysallary görkezýäris.
Multimedia tagtasynda sözleriň böleklere bölünýändigi ýa-da bölünmeýändigi hakyndaky mysallary görkezýäris. Mysal üçin, iş we işçi sözlerini alyp göreliň. Bulardan iş sözi böleklere bölünmeýär, şonuň üçin bu asyl söz bolýar. Emma işçi sözi iş we -çi ýaly böleklere bölünýär. Munuň iş bölegi many aňladyp, -çi bölegi many aňlatmaýar. Şular ýaly böleklere bölünýän sözleriň many aňladýan bölegine asyl söz, many aňlatmaýan bölegine goşulma diýilýär. Şunuň bilen baglanyşykly sözleri multimedia tagtasynda görkezmek gerek.
Suw — suwçy.
Kömek — kömekçi.
Synp — synpdaş.
Il — ildeş.
Duz — duzly.
Çaga — çagajyk.
Bu mysallary okuwçylar depderlerine bellik edýärler. Depdere bellemek bilen okuwçylar bu sözleri ýatlarynda saklaýarlar. Çünki ýazmak okuwçynyň ýatkeşligini hem-de pikirlenişini ösdürýär. Bu babatda olaryň ýazuw endigini ösdürmek hem zerurdyr. Şonuň üçin hem okuwçylar bu sözler bilen baglanyşykly özbaşdak sözlemleri düzýärler. Bu sözlemlerde başga hem asyl söz we goşulma bardygyny düşündirýäris. Şeýlelikde, her bir okuwçy sapaga işjeň gatnaşýar we sözleri seljerýär, asyl sözleri we goşulmalaryny tapýar.
Okuwçylara söz we goşulmalar düşündirilende, türkmen dilinde diňe söz ýasaýjy goşulmalar däl-de, eýsem, söz üýtgediji goşulmalaryň hem söze goşulýandygyny düşündirýäris. Munuň üçin multimedia tagtasynda birnäçe sözleri ýazyp görkezýäris:
Ýaz — ýazýar.
Gatnaş — gatnaşjak.
Ýyl — ýylyň.
Okuwçy — okuwçylar.
Sapagy şeýle usulda guramak arkaly okuwçylar asyl sözlere we goşulmalara has oňat düşünýärler. Sapagyň dowamynda gönükmeleri işlemek, sözlemlerdäki asyl sözleri derňemek bilen okuwçylar has-da kämilleşýärler.
Ýaş nesilleri döwrebap ruhda terbiýelemek olaryň sowatly, kämil ahlakly, sagdyn, watansöýüji bolup ýetişmegine oňyn täsir edýär. Türkmen dili sapagynda okuwçylaryň ene dilimize bolan gyzyklanmasy artýar, olaryň sözleýiş we ýazuw endikleri ösdürilýär.