Ýurdumyzyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler ýaş nesle dünýä derejesinde bilim-terbiýe berilmegine, şahsyýetiň hemmetaraplaýyn ösüşiniň üpjün edilmegine gönükdirilendir. Bu özgertmeler çagalaryň akyl ýetiriş işjeňligini ösdürmek meselesine, logiki pikirlenmegine düýpli çemeleşmegi talap edýär. Belli bolşy ýaly, çagalaryň akyl ýetiriş işjeňliginiň binýady başlangyç synplarda tutulýar. Okuwçylaryň başarnyklaryny ösdürmäge gönükdirilen matematika sapaklarynda olaryň işjeňligini ýokarlandyrmaga ýardam berýän usullar we iş tärleri gürrüňdeşliklerden başlap, mysallary suratlar arkaly görkezmek ýa-da suratlandyrma, meseleleri işlemäge girişmek, mysal we meseleleri işlänimizde subut etmek usulyny giňişleýin öwretmekden ybarat bolup durýar.
Çaganyň okuwa bolan gatnaşygy, bilim almak başarnygy, dünýägaraýşy onuň akyl ýetiriş işjeňliginiň derejesine baglydyr. Akyl ýetiriş işjeňligi çaga öz-özüne, daş-töwerege akyl ýetirmäge, durmuşda öz ornuny tapmaga mümkinçilik berýär. Akyl ýetiriş işjeňligi, esasan, okamaga bolan höwes, bilimlere bolan gyzyklanma, özüni erkin we maksada okgunly alyp barmagy, okuwa ýönekeý ýa-da guramaçylykly çemeleşmesi ýaly endiklerden ybaratdyr. Bular çagada okuwa gatnap başlan döwründe ýüze çykýar we mugallymyň okuwa höweslendirmek başarnygy ýokary bolsa, okuwçyda hem okuwa bolan jogapkärçilik ýokarlanýar.
Mugallym, esasan, okuw-terbiýeçilik işinde oňyn netije gazanmak üçin okuwçylaryň akyl ýetiriş işjeňliginiň aýratynlyklaryny bilmelidir, çagalar bilen işlemegiň dogry usullaryny saýlamagy başarmalydyr. Akyl ýetiriş durmuş tejribesinde öz-özünden hem ösüp biler, ýöne bu ýagdaý has uzaga çekip biler. Okatmakda we terbiýe bermekde innowasion tehnologiýalardan, okatmagyň döwrebap usullaryndan peýdalanmak çaganyň akyl ýetirişiniň has dogry we gysga ýol bilen kämilleşdirilmegini üpjün edýär. Sebäbi jemgyýetimizde ylmyň-tehnologiýanyň ösen döwründe okuwçylar maglumatlary çalt kabul edýärler. Şu nukdaýnazardan, akyl ýetiriş işjeňligini, okuw meselesini çözmäge okuwçynyň gatnaşmagyny talap edýän, bilim beriş gyzyklanmalaryny we döredijilik pikirlenmesini ösdürýän döwrebap tehnologiýalaryň ähmiýetiniň örän uludygyny bellemek ýerliklidir. Şeýle çemeleşme çagalarda bilimleri, düşünjeleri özleşdirmegiň esasy serişdesi bolan özbaşdak pikirlenmek endigini terbiýeleýär. Şol bir wagtda bolsa onuň aňynda akyl we duýgy işjeňligini artdyrýar, döredijilik işine höweslendirýär. Okuwçy goýlan meseläniň çözgüdiniň ýollaryny we usullaryny mugallymyň gatnaşmagynda ýa-da özbaşdak tapýar. Mysal üçin, okuwçylara şeýle aňlatmalar hödürlenýär:
5+2*3=21 we 5+2*3=11.
Mysaly çözmek okuwçynyň özüne tabşyrylýar. Şunda logiki yzygiderlilikde pikirini beýan etmek talap edilýär. Özbaşdak pikir ýöretmäniň netijesinde okuwçy dogry jogaby tapýar.
Ynha, şeýle mesele: «Stoluň üstünde 5 sany alma bardy. Aman almalaryň birini aldy-da, deň iki bölege böldi we ýene-de ýerinde goýdy. Stoluň üstünde näçe alma bar?». Bu meseläni çözmek üçin okuwçy eýýäm pikirlenmeli bolýar we pikirlenýär. Meseledäki belli we näbelli sany anyklaýar, olary özara çözýär. Bu ýerde okuwçynyň pikirleniş ukyby artýar we akyl ýetiriş işjeňligi ösýär. Kiçi ýaşly mekdep okuwçylarynyň, aýratyn hem, 1‒2-nji synplarda akyl ýetiriş işjeňligini ösdürmekde oýun usulyndan peýdalanmak has-da netijelidir. Umuman, okatmagyň oýun usulynda öwretmek, terbiýelemek çagalaryň täze başarnyklary ele almagynda, olarda okuwa gyzyklanmany artdyrmakda ähmiýetlidir.
Başlangyç synplarda sapaklar guralanda, innowasion tehnologiýalardan peýdalanmagyň esasy aýratynlyklarynyň biri-de, okuwçylaryň gyzyklanmalarynyň we ünsleriniň bir ýere çalt jemlenýänligidir. Sapakda
okuwçy → kompýuter → mugallym ýaly halkaly aragatnaşyk yzygiderli alnyp barylýar. Bu düzgün okuwçylaryň başga zada üns bermeginiň öňüni alýar hem-de mugallymyň sapagyny üstünlikli geçmeginde ähmiýetli usuldyr.