Tugra Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Gyz ede­bi — il ede­bi

Gyz ede­bi — il ede­bi

16 Sentýabr, 2026 Makalalar
10

Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gahryman Arkadagymyz 2-nji sent­ýabr­da Arkadag şä­he­ri­niň Ru­hy­ýet köş­gün­de Bi­lim­ler we ta­lyp ýaş­lar gü­ni hem-de tä­ze okuw ýy­ly­nyň baş­lan­ma­gy my­na­sy­bet­li ge­çen umu­my okuw sa­pa­gyn­da şah­sy­ýe­ti ke­ma­la ge­tir­mek, ýaş nes­liň dur­muş­da­ky or­nu­ny we ah­lak göz­ýe­ti­mi­ni kes­git­le­mek bi­len bag­ly me­se­le­le­re gi­ňiş­le­ýin sel­jer­me ber­di. Şun­da Gahryman Arkadagymyz eziz Wa­ta­ny­my­zyň gel­je­gi bo­lan ýaş nes­li bag­ty­ýar za­ma­na­my­za my­na­syp adam­lar edip ýe­tiş­dir­mek­de türk­men hal­ky­nyň milli ter­bi­ýe mek­de­bi­niň, pä­him­dar pe­der­le­ri­miz­den mi­ras ga­lan na­kyl­lar­dyr ata­lar söz­le­ri­niň äh­mi­ýe­ti­niň ulu­dy­gy­ny aý­ra­tyn nyg­tap geç­di.

Gürrüňi edilýän umumy okuw sapagynda Gahryman Arkadagymyz: «Gyz­ja­ga­zyň eli­ne iň­ňe-sa­pak ber, og­lan­jy­gyň eli­ne pil ber!» di­ýen paý­has­ly pe­der­le­ri­miz gyz-og­la­nyň zäh­met ter­bi­ýe­si­ne aý­ra­tyn üns be­rip­dir­ler» diý­mek bi­len, bu ata­lar sö­zü­niň çuň­ňur ma­na eýe­di­gi­ne, onuň ýaş nes­liň hü­nä­re hö­we­si­ni art­dyr­mak­da äh­mi­ýe­ti­niň örän ulu­dy­gy­na diň­leý­ji­le­riň aý­ra­tyn ün­sü­ni çek­di.

Türk­men hal­ky he­mi­şe-de ne­sil ter­bi­ýe­si­ne uly üns be­rip­dir. Esa­san-da, ösüp gel­ýän kör­pe­ler­de zäh­me­te, hü­när öw­ren­mä­ge hö­wes dö­ret­mek işi­ne nä­çe ir baş­la­nyl­sa, şon­ça-da oňyn ne­ti­je ga­za­nyl­ýan­dy­gy­na heň­ňam­la­ryň tej­ri­be­sin­de göz ýe­ti­ren ata-ba­ba­la­ry­myz şeý­le paý­has­ly jüm­le­le­ri dö­re­dip­dir­ler. Ça­ga dil bi­tip, ýa­ňy aga-ga­ra dü­şü­nip baş­lan­dan beý­läk, tö­we­re­gin­dä­ki zat­la­ra bi­le­si­ge­li­ji­lik bi­len ga­ra­ýar, «O nä­me üçin eý­le?», «Bu nä­me üçin beý­le?» di­ýen ýa­ly so­rag­la­ry köp be­re­gen bol­ýar, ýe­ne bi­raz ula­ly­be­ren­de şol «nä­me üçin­ler» uly adam­la­ryň ed­ýän işi­ni özi edip gör­mä­ge hö­we­sek­li­ge ge­tir­ýär. Ça­ga, eger og­lan­jyk bol­sa, ka­ka­sy­nyň, ata­sy­nyň ýa-da aga­sy­nyň ýa­nyn­da bo­lup, ola­ryň ed­ýän iş­le­ri­ni — ma­la ot-iým ber­mek, ekin-di­ki­ne se­ret­mek ýa-da öý ho­ja­ly­gyn­da kä­bir en­jam­la­ryň bo­zu­lan-döw­len ýe­ri­ni be­jer­mek ýa­ly he­re­ket­le­ri­ni syn­lap, şol iş­le­ri özi hem ede­si gel­ýär. Şol dö­wür­de ça­ga­nyň zäh­me­te bo­lan hö­we­si­ni art­dyr­mak, kä­bir ýö­ne­keý­je ýu­muş­la­ry bu­ýur­mak ýa-da öz edip du­ran işi­ňe de­giş­li «ony ge­tir, mu­ny äber, şu­ny sak­la» di­ýen ýa­ly söz­ler bi­len ýüz­len­mek, ylaý­ta-da, onuň «be­re­kel­la­sy­ny» ýe­tir­mek go­wy ne­ti­je ber­ýär. Şo­nuň üçin ça­ga­nyň zäh­met ter­bi­ýe­si­ne äh­mi­ýet ber­ýän ata edil özü­niň­kä meň­zeş, türk­me­niň gu­lak­ly pil­ja­ga­zy­ny ýö­ri­te ýa­sa­dyp, ekin ýe­rin­de iş­län­de agtyjagyny hem ýa­ny­na al­ýar. Ine, şu-da «...og­lan­jy­gyň eli­ne pil ber!» di­ýil­ýä­ni bol­ýar. Şeý­dip, ki­çi ýaş­dan zäh­me­te hö­wes­len­di­ri­len ça­ga ýet­gin­jek­li­ge ýe­ten­de, ata­nyň ha­ky­ky kö­mek­çi­sine öwrülýär.

Halk pä­hi­min­de «...og­lan­jy­gyň eli­ne pil ber» di­ýil­mek bi­len, ça­ga­ny zäh­me­te gö­zük­dir­mek me­se­le­si­ne bir hü­nä­riň — daý­han­çy­ly­gyň my­sa­lyn­da ga­ral­ýar. Giň ma­ny­da al­nan­da, bu aýt­gy­da is­len­dik hü­nä­re-de ýaş­lyk­da hö­wes dö­ret­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Şeý­le hem bu pä­him­li jüm­le eli­ne iň­ňe-sa­pak ber­len gyz­ja­ga­zy hem, pil ber­len og­lan­jy­gy hem göz as­tyn­dan aýyr­ma­ly däl­di­gi, ki­çi­jik ça­ga­nyň iş et­jek ki­şi bo­lup, özü­niň bir ýe­ri­ne şi­kes ýe­ti­räý­mez­li­gi üçin howp­suz­lyk ka­da­la­ry­ny ber­jaý et­mek ýa­ly, kän-kän zat­la­ry öz içi­ne al­ýar.

Gyz­ja­ga­za hü­när öw­ret­mek has çyl­şy­rym­ly. Se­bä­bi ze­nan­la­ryň ho­ja­lyk iş­le­ri­niň ot-suw, py­çak-dürt­güç, hä­zir­ki dö­wür­de bol­sa elekt­rik en­jam­la­ry bi­len bag­ly­dy­gy üçin ju­da hüş­gär bol­ma­ly bol­ýar. Hat­da ça­ga bir­ne­me ula­lyp, na­har-şor taý­ýar­la­ma­ga çyn­la­kaý kö­mek­le­şer ýa­şa ýe­ten­de-de, ony ot­dan, gaý­nag suw­dan, tok­ly ýa-da ýi­ti tyg­ly en­jam­lar­dan goraglamak zerur. Ga­raz, enä­niň eli iş­de, gö­zi ça­ga­syn­da bol­ma­ly. Ki­çi­jik­li­gin­den her bir owun­jak işi­niň «be­re­kel­la­sy» ýe­ti­ri­lip, ulal­dy­gy­ça-da çyl­şy­rym­ly­rak iş­le­re gö­zük­di­ri­len gyz ça­ga biş-dü­şe ök­de, içe­ri­ni-da­şa­ry­ny aras­sa, ter­tip­li sak­la­ýan ho­ja­lyk­çy maş­ga­la bo­lup ýe­tiş­ýär.

Türk­men dur­mu­şyn­da gyz maş­ga­la­nyň esa­sy et­me­li iş­le­ri­niň bi­ri hem ti­kin-ça­tyn, keş­de-gaý­ma bi­len bag­ly hü­när­le­ri ele al­mak bo­lup dur­ýar. Maş­ga­la ag­za­la­ry­nyň hem­me­si­niň geý­ýän eşik­le­ri­ni bi­çip-tik­mek, keş­de çe­kip, gaý­ma ga­ýa­mak, ha­ly-pa­las do­ka­mak her bir gy­zyň hök­man öw­ren­me­li-ba­şar­ma­ly işi ha­sap­la­ny­lyp­dyr, şo­lar­dan ba­şy çyk­ma­sa, aýyp gör­lüp­dir. Şo­nuň üçin gyz­ja­gaz ça­ga­lyk­dan saý­la­nyp-saý­lan­man­ka, onuň eli­ne iň­ňe-sa­pak be­rip­dir­ler, iň­ňä sa­pak sap­ma­gy, keş­dä­niň san­jy­my­ny, gaý­ma ga­ýa­ly­şy­ny yh­las bi­len öw­re­dip­dir­ler.

Ýaş­lyk­dan zäh­me­te ug­ruk­dy­ry­lan ça­ga hem­me ba­bat­da-da ter­bi­ýe­li yn­san bo­lup ýe­tiş­ýär. Çün­ki adam­da­ky iň go­wy hä­si­ýet­ler öz göz­ba­şy­ny zäh­met­sö­ýer­lik­den alyp gaýd­ýar, zäh­me­ti söý­ýän ada­myň kal­by owa­dan bol­ýar. Ylaý­ta-da, gyz ça­ga­nyň edep-ek­ram­ly, asyl­ly, sa­ly­hat­ly maş­ga­la bo­lup ýe­tiş­me­gin­de ony ýaş­lyk­dan ha­ly do­ka­mak, keş­de çek­mek, gaý­ma ga­ýa­mak ýa­ly iş­le­re ug­ruk­dyr­ma­gyň örän uly äh­mi­ýe­ti bar. Çün­ki bu iş­le­ri et­mek üçin ba­sa otur­ma­ly, bar ün­süň ed­ýän işiň­de bol­ma­ly, sä­hel ge­ze­gen­räk bol­saň, el işi ön­me­ýär. Şo­nuň üçin el işi­ne im­rinen gyz öý­de­çil bol­ýar. Bu-da gyz maş­ga­la­da iň go­wy gö­rül­ýän hä­si­ýet­le­riň bi­ri. On­soň hem ha­ly do­ka­mak, keş­de çek­mek diý­me­giň özi gö­zel­lik dö­ret­mek­dir. Gö­zel­lik dö­red­ýän ki­şi­niň bol­sa iç­ki dün­ýä­si owa­dan, di­li süý­ji, söz­leý­şi sy­pa­ýy, he­re­ke­ti saý­hal­ly bol­ýar.

Milli Liderimiziň şol ta­ry­hy çy­ky­şyn­da: «Hal­ky­myz­da gyz ede­bi il ede­bi­ne de­ňel­ýär» diý­şi ýa­ly, türk­men gy­zy­nyň edep­li­li­gi, sa­ly­hat­ly­ly­gy beý­le­ki adam­la­ra-da tä­sir ed­ýär. Me­se­lem, er­kek og­lan­lar, as­lyn­da, be­den taý­dan güýç­li, he­re­ket­le­ri ta­ga­şyk­syz­rak bol­ýar. Şo­lar hem bir­nä­çe og­lan bo­lup, bi­rek-bi­re­ge gö­deg­räk söz­ler bi­len oýun-he­nek edi­şip, deg­şip-gül­şüp, war­sa­ky ur­şup otyr­ka­lar, go­laý­la­ryn­dan gyz maş­ga­la­nyň ge­çip bar­ýa­ny­ny gör­se­ler, der­rew ses­le­ri­ni ke­sip, sa­ly­hat­ly sy­pata girip, yk­jam­la­nyp otur­ýan­dyr­lar. Öý­de-de maş­ga­la­ba­şy og­lan­la­ryň bi­ri­ne ga­ty­rak kä­ýin­jek bol­sa, baş­ga ota­ga ge­çip ýa-da da­şa­ryk çy­kyp, ge­lin-gyz­la­ra eşit­dir­män dü­şü­niş­ýän­dir. Se­bä­bi edep-ek­ra­myň nus­ga­sy bo­lan ze­nan maş­ga­la­ny sy­la­mak, sar­pa­sy­ny be­lent tut­mak türk­me­niň zan­dyn­da bar­. Ine, şu-da Gahryman Arkadagymyzyň «Gyz ede­bi — il ede­bi» diý­ýä­ni­niň bir my­sa­ly­dyr.

Türk­men­çi­lik­de ýag­şy ene­den gö­rel­de alyp ýe­ti­şen gy­zyň edep-ek­ram­ly­ly­gyň nus­ga­sy ha­sap­la­nyl­ýan­dy­gy üçin onuň bi­len bag­ly meň­zet­me­li-de­ňeş­dir­me­li dur­nuk­ly söz dü­züm­le­ri­niň hem en­çe­me­si dö­re­di­lip, di­li­miz­de ula­ny­lyp ýör. Türk­men gy­zyn­da asyl­ly ter­bi­ýe ýag­şy enä­niň gö­rel­de­si bi­len ke­ma­la gel­ýär. Bu ba­bat­da Gahryman Arkadagymyz şol ta­ry­hy çy­ky­şyn­da: «Ýag­şy ene — ýag­şy gy­za gö­rel­de» ýa­ly na­kyl­da hem türk­men maş­ga­la­syn­da ze­nan ede­bi­ne, gyz ça­ga­nyň ter­bi­ýe­si­ne aý­ra­tyn üns ber­len­di­gi­ni gör­mek bol­ýar» diý­mek bi­len, bu asyl­ly ýö­rel­gä­niň asyr­lar­dan aşyp gel­ýän­di­gi­ni nyg­ta­ýar. Çün­ki halk na­kyl­la­ryn­da dö­wür­le­riň sy­na­gyn­dan ge­çen, mil­le­tiň ru­hu­na si­ňen gym­mat­lyk­lar öz be­ýa­ny­ny tap­ýar.

Hor­mat­ly mu­gal­lym, aka­de­mik Arkadagymyzyň öwüt-ün­dew edi­şi ýa­ly, ýaş­la­ry­myz ata-ba­ba­la­ry­myz­dan do­wam edip gel­ýän milli ýö­rel­ge­le­ri­mi­ze eýer­me­li­dir­ler, paý­has­ly pe­der­le­ri­miz­den mi­ras ga­lan na­kyl­lar­dyr ata­lar söz­le­rin­den ugur alyp, ola­ry dur­muş sa­pa­gy edin­me­li­dir­ler. Şol dür­dä­ne­le­riň bi­ri hem Gahryman Arkadagymyzyň ta­gal­la­sy bi­len ne­şir edi­len «Paý­has çeş­me­si» at­ly na­kyl­lar ýy­gyn­dy­syn­da­ky «Ene sö­zü­ni ýaş­lyk­da tut, ata sö­zü­ni — baş­lyk­da» di­ýen pä­him­li jüm­le­dir. Bu ata­lar sö­zün­de ün­del­ýän öwüt-ne­si­ha­tyň ma­ny­sy­na has aý­dyň göz ýe­tir­mek üçin, il­ki bi­len, on­da­ky «sö­zü­ni tut» di­ýen jüm­lä­niň gu­lak as, diň­le, ýat­da sak­la, pi­kir ber ýa­ly giň ma­ny­sy­nyň bar­dy­gy­ny ýat­la­sak, mak­sa­da­la­ýyk bo­lar.

Bu ata­lar sö­zün­de enä­niň aýd­ýan söz­le­ri­ne, ber­ýän tab­şy­ryk­la­ry­na ýaş­lyk­da gu­lak sal, ony ýe­ri­ne ýe­tir di­ýil­me­gi­niň se­bä­bi yn­san ba­la­sy ýaş­ka, ça­ga­ka, köp­lenç, eje­si­niň gö­zeg­çi­li­gin­de­dir. Ata­sy (ka­ka­sy) ýa iş­de ýa-da öýüň da­şar­da­ky iş­le­ri bi­len meş­gul bol­ýar. Şo­nuň üçin ýaş ça­ga: «Üs­ti-ba­şy­ňy ha­pa­la­ma!», «el-ýü­zü­ňi ýuw!», «di­şi­ňi aras­sa­la!», «oku­wy­ňa oňat­ja taý­ýar­lan!», «ga­ra­gol­luk et­me!», «özüň ýa­ly­lar bi­len uruş­ma-sö­güş­me!», «ulu­la­ryň di­ýe­ni­ni et!» di­ýen ýa­ly kän-kän öwüt-ün­dew­le­ri eje­si ýat­la­dyp dur­ýar. Özem şol öwüt-ün­dew­ler ça­ga­nyň sag­dyn be­den­li, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly, zäh­met­sö­ýer, oňat gy­lyk-hä­si­ýet­li, il­ha­lar adam bo­lup ýe­tiş­me­gi üçin örän äh­mi­ýet­li. Şo­nuň üçin hem ýaş­kaň ejeň aýd­ýan zat­la­ry­ny diň­le-de, ýe­ri­ne ýe­tir di­ýen ma­ny­da: «Ene sö­zü­ni ýaş­lyk­da tut...» di­ýil­ýär.

Ata­lar sö­zü­niň ikin­ji bö­le­gin­de bol­sa ata­nyň (ka­ka­nyň) ber­ýän ne­si­hat­la­ry­nyň, dur­muş tej­ri­be­si­ne esas­la­nyp ed­ýän gür­rüň­le­ri­niň ça­ga ula­lyp, özi maş­ga­la­ba­şy bo­lan­da, haý­sy­dyr bir işiň ba­şy­na ba­ran­da ze­rur ýol­gör­ke­zi­ji bol­ýan­dy­gy aý­dyl­ýar. Dur­mu­şyň kä­te te­kiz, kä­te-de kö­tel­li ýol­la­ryn­da büd­re­mez­lik üçin ata­nyň (ka­ka­nyň) her bir aý­dan sö­zü­ne pi­kir ber­mek, ýat­da sak­la­mak, dur­muş­da şo­lar­dan ugur al­mak bi­len bag­ly pi­kir «...ata sö­zü­ni — baş­lyk­da (tut)» di­ýen jüm­lä­niň üs­ti bi­len öňe sü­rül­ýär.

Gahryman Arkadagymyz şu ge­zek­ki umu­my okuw sa­pa­gyn­da şu­lar ýa­ly na­kyl­lar­dyr ata­lar söz­le­ri­ne giň orun ber­mek bi­len, milli mi­ra­sy­my­za sar­pa goý­ma­gyň be­lent nus­ga­sy­ny gör­kez­di. Milli Liderimiziň ta­ry­hy çy­ky­şyn­da­ky ata­lyk ne­si­hat­la­ry ýur­du­my­zyň mu­gal­lym­la­ry, mek­dep okuw­çy­la­ry hem-de ta­lyp ýaş­la­ry üçin wa­tan­sö­ýü­ji­li­giň, maş­ga­la mu­kad­des­lik­le­ri­ne, pa­ra­hat­çy­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne sar­pa goý­ma­gyň gö­rel­de mek­de­bi bol­dy.

Eje­gyz ÇA­RY­ÝE­WA,
Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Dil, ede­bi­ýat we milli gol­ýaz­ma­lar ins­ti­tu­ty­nyň esa­sy yl­my iş­gä­ri, fi­lo­lo­gi­ýa ylym­la­ry­nyň kan­di­da­ty.
Logo Bilim ministrligi

Dil saýlaň