■ Ýazyjylar kitaby başlaýar, okyjylary ony jemleýär.
■ Kitaplar wagt ummanynyň şamçyragydyr.
■ Gowy kitap, ýagşy dost, rahat wyždan — ajaýyp durmuş.
■ Hemmeleriň okaýan kitabyny okasaňyz, hemmeler ýaly pikirlenersiňiz.
■ Kitapdan wepaly ýaran ýokdur.
■ Elinde gowy kitaby bar ynsan hiç haçan ýalňyz däldir.
■ Gowy kitaplary okamak — geçmişiň danalary bilen söhbet etmek.
■ Kitaplar ynsan kalbynyň iň päkize ülşüdir.
■ Akylly bolmak üçin on sany kitaby okamak ýeterlikdir, ýöne şol on kitaby tapýançaň müň kitaby okamaly bolýar.
■ Kitabyň birinji sahypasynda gahryman arzuwda ýaşaýar, iň soňky sahypasynda bolsa ykbalynda.