Ýakynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň mejlisler zalynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň arasynda 2025-2026-njy okuw ýylynda ýerine ýetirilen işleriň görkezijilerini kesgitleýän möhüm çäre — ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň reýting bahalandyrmasynda we bu bilim ojaklarynyň professor-mugallymlarynyň arasynda guralan «Ýylyň mugallymy — 2026» döwlet bäsleşiginde ýokary netijeleri gazanan bilim işgärlerini sylaglamak dabarasy geçirildi.
«Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň reýting bahalandyrmasy hakynda Düzgünnama» laýyklykda, 2025-2026-njy okuw ýylynyň jemleri boýunça ýokary okuw mekdepleriniň, fakultetleriň, kafedralaryň we professor-mugallymlaryň işleriniň netijelerine baha berildi. Reýting görkezijileri rating.bilim.tm sanly portalynda awtomatik usulda jemlenen bal hasaplamalarynyň netijeleri esasynda kesgitlenildi.
Reýting bahalandyrma işi «Times Higher Education» (THE), «QS World University Rankings» we «Shanghai Ranking» ýaly öňdebaryjy halkara reýting guramalarynyň usulyýet çemeleşmelerini ulanmak arkaly amala aşyryldy. Reýting bahalandyrmasynyň netijeleri boýunça pedagogik işgärleriň sanyna baglylykda, her bir professor-mugallyma düşýän ortaça baly köp bolan ýokary okuw mekdepleriniň arasynda Türkmen döwlet maliýe instituty birinji, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy ikinji, Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bolsa üçünji derejeli diplomlara mynasyp boldular.
Ýokary okuw mekdepleriniň düzümindäki öňdebaryjy fakultetleriň arasynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň maglumat tehnologiýasy fakulteti birinji, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakulteti ikinji, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň aragatnaşygyň radiotehnologiýalary fakulteti üçünji orny eýeledi.
Kafedralaryň arasynda hem ýokary netijeler gazanyldy. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň takyk we tebigy ylymlar kafedrasy birinji, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň kiberhowpsuzlyk kafedrasy ikinji, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň diller kafedrasy üçünji derejeli diploma mynasyp boldy.
Reýting bahalandyrmasynyň aýratyn ähmiýetli ugurlarynyň biri professor-mugallymlaryň halkara ylym-bilim giňişligindäki netijelerini kesgitlemekden ybaratdyr. Bu ugur boýunça Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymy Bekgylyç Agaýew Hirşiň indeksi boýunça iň ýokary görkeziji bilen öňdebaryjy bolup, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň diplomyna mynasyp boldy.
Ylmy žurnallaryň CiteScore Q2 reýtingine girizilen neşirlerde çap edilen ylmy makalalar boýunça hem ýokary netijeler gazanyldy. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy Maksat Bugraýew «Перспективы науки и образования» atly ylmy žurnalda neşir edilen «Tutoring as a form of support for the adaptation of foreign students at the university» atly makalasy bilen, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy Dinmuhammet Tekäýew «Журнал БГУ. История» atly ylmy žurnalda çap edilen «Дискуссия вокруг адресата ахд-наме эпохи Ануштегинидов» atly makalasy bilen, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň professor-mugallymlar topary bolsa «The European Physical Journal (EPJ)» atly ylmy žurnalda neşir edilen «Superstatistics properties of the Kane oscillator» atly makala bilen öňdebaryjy netijeleri görkezdiler.
Dabaranyň ýene bir möhüm bölegi ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň arasynda geçirilen «Ýylyň mugallymy — 2026» döwlet bäsleşiginiň jemlerine bagyşlandy. Bu bäsleşigiň netijeleri hem ýokary okuw mekdepleriniň reýting bahalandyrmasynyň degişli görkezijileri we rating.bilim.tm sanly portalynyň awtomatik hasaplamalary esasynda jemlendi. Bäsleşigiň iň ýokary netijesini Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň matematiki analiz kafedrasynyň müdiri, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty, uly mugallym Nurmuhammet Gurbanmämmedow görkezdi. Ol bäsleşigiň baş baýragyna mynasyp bolup, «Ýylyň mugallymy» diýlip yglan edildi.
Bäsleşigiň birinji orunlarynyň eýeleri hökmünde, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň uly mugallymy Pirmyrat Gurbanow, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy Maksat Bugraýew, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy Musa Ýazymow I derejeli diplom bilen sylaglandylar.
II derejeli diplomlar Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň uly mugallymy Şiraly Baýekowa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy Allamyrat Amanmädowa, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy Wepa Sabyrowa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy Maksat Çüriýewe hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy Ýolly Myradowa gowşuryldy.
III derejeli diplomlara Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy Ýagmyr Tulekow, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy Murat Çaşemow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymlary Bibihajar Kerimowa, Muhammetnur Ataýew, Akmyrat Ýagmyrow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň dosenti Ahmet Penjiýew, şol institutyň uly mugallymy Ogulnabat Saryýewa, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy Aýbölek Perdäýewa, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy Yslam Begenjow, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy Şaberdi Gylyçtaganow we Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň uly mugallymy Han Muhammetkuliýew mynasyp boldular.