Tugra Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Buýsançly wakanyň şanyna

Buýsançly wakanyň şanyna

19 Sentýabr, 2026 Makalalar
9

Düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Koreýa Respublikasynyň Songýungwan uniwersitetiniň syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesiniň berilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Oňa Daşary işler ministrliginiň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, syýasy partiýalaryň agzalary, institutyň professor-mugallymlary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiziň Koreýa Respublikasyna amala aşyran döwlet sapary uly üstünliklere beslenip, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze gözýetimlerini açdy. Saparyň dowamynda Arkadagly Gahryman Serdarymyza Koreýa Respublikasynyň Songýungwan uniwersitetiniň syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesiniň berilmegi hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän parasatly syýasatynyň dostlukly döwletde hem giň goldaw tapýandygynyň güwäsidir. Munuň özi ylmy jemgyýetçiligimizi, bu ugurda iş alyp barýan hünärmenleri, şeýle hem türkmen halkyny buýsandyrdy.

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň aprelinde hormatly Prezidentimize Ýaponiýanyň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Sukuba uniwersitetiniň hormatly doktory diýen at dakylypdy. Ýeri gelende, Gahryman Arkadagymyza hem 2015-nji ýylyň martynda Sendaý şäherinde Sukuba uniwersitetiniň hormatly doktory diýen alymlyk derejesiniň berlendigini nygtamak gerek. Şu ýylyň iýunynda bolsa Ylymlar güni mynasybetli geçirilen çäreleriň çäklerinde döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady we syýasy ylymlar boýunça akademikligine saýlanyldy, şeýle hem Ýokary attestasiýa komitetiniň prezidiumynyň çözgüdi esasynda ykdysady we syýasy hünärler boýunça professor alymlyk adyna eýe boldy.

Könelerimiziň «Hünär — akar bulak, ylym — ýanar çyrag», «Ylym akyldan dem alar» diýşi ýaly, ylma, bilime ähli döwürlerde-de uly gadyr goýlupdyr. Gahryman Arkadagymyz, hormatly Prezidentimiz hem gadymyýetden gözbaşly ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdirmek, ylym ulgamyny döwrebaplaşdyrmak ugrunda ýadawsyz tagalla edýärler. Munuň şeýledigini her ýylda ýurdumyzda Ylymlar gününiň dabaraly ýagdaýda bellenilmegi hem aýdyň görkezýär. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary ylmyň täze gazananlary esasynda iş alyp barýar. Durmuşa geçirilýän özgertmeler, ýetilýän üstünlikler kämil ylmy binýada daýanýar.

— Hormatly Prezidentimiz 20 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda döwlet edaralarynda, daşary işler, senagat önümçiligi we ykdysadyýet ýaly giň ugurlarda baý iş tejribesini gazandy. Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary esasynda sanly ulgama geçmek, senagaty döwrebaplaşdyrmak ýaly wajyp özgertmeler durmuşa geçirilýär. Şeýle hem sanly dolandyryş ulgamy, maglumat we kommunikasiýa infrastrukturasy döwrebaplaşdyrylýar, importyň ornuny tutýan ýerli önümçiligiň ösdürilmegi bilen, milli ykdysadyýet diwersifikasiýalaşdyrylyp, durnukly ösüş üpjün edilýär.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda we baý syýasy tejribesi esasynda diplomatik gatnaşyklary, halkara hyzmatdaşlygy berkitmek, BMG we beýleki abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak ugrunda uly işler bitirilýär. Koreýa Respublikasynda döwlet Baştutanymyzyň dolandyrmak başarnyklary esasynda Türkmenistanyň döwlet ösüşini, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, dünýä giňişliginde ýurdumyzyň abraýyny artdyrmak babatda bitiren hyzmatlaryna uly baha berilýär. Elbetde, munuň özi ýurdumyza we tutuş türkmen halkyna goýulýan uly hormatdan nyşandyr — diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasynyň müdiri, syýasy ylymlaryň doktory, Türkmenistanyň Gahrymany Aksoltan Ataýewa dabarada eden çykyşynda belledi.

Çykyş edenler hormatly Prezidentimizi gazanan ylmy üstünligi bilen gutlap, şeýle derejeleriň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdiler. Şeýle hem bu ähmiýetli wakanyň ýaş alymlarymyzy, ylmy işgärlerimizi, mugallymlarymyzy täze gözleglere ruhlandyrandygy dogrusynda aýratyn nygtadylar. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Ýüzlenme kabul edildi.

Baýnazar BAÝHANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.
Logo Bilim ministrligi

Dil saýlaň