Tugra Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Garaşsyzlyk — göwünleriň ganaty

Garaşsyzlyk — göwünleriň ganaty

19 Sentýabr, 2026 Makalalar
9

Türkmen halky mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramyny agzybirlikde, ruhubelentlikde garşy alýar. Munuň bilen baglanyşykly toý dabaralary «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny özboluşly many-mazmun bilen baýlaşdyrýar. Garaşsyz ösüş ýyllarynda ýurdumyzda halk hojalygynyň dürli ugurlarynda gazanylan üstünlikler, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda amala aşyrylan özgertmeler her bir ildeşimiziň göwnüni ganatlandyrýar.

Garaşsyzlyk mizemez gymmatlykdyr. Ondan egsilmez güýç alyp, türkmen halky täze taryhy döwri, beýik geljegi gurýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary we hormatly Prezidentimiziň tutanýerli tagallalary bilen zähmetkeş halkymyz Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny has-da pugtalandyrýar, täze ýeňişlere tarap ynamly öňe barýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly eserinde: «Bu ýer türkmen topragy, onda topraga atan her bir dänäň dessine şineläp, boý alyp, ösmek bilen bolýar. Oturdan her bir daragtyň tiz wagtda saýa hem hasyl berýär. Bu toprak şeýle bir ýer, ýürekden aýdylan, orta atylan her bir ýagşy pikir, süýji hyýal hakykata öwrülmäge ukyplydyr» diýip, türkmen halkynyň gurmak, döretmek güýjüne ýokary baha berýär. Täze taryhy döwrüň ylym-bilimli, terbiýeli, sagdyn bedenli, ruhubelent neslini ýetişdirmek hem döwlet syýasatynyň esasy ugry hökmünde barha rowaçlanýar. Bilim işgärleriniň täzeçil işleri-de bu ugurdaky özgertmeleriň çarhyna bat berýär. Ýylyň-ýylyna ýurdumyzda mekdebe çenli we umumybilim edaralarynyň, orta hünär, ýokary okuw mekdepleriniň täze binalarynyň gurlup ulanmaga berilmegi ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilýändigini görkezýär. Bilim maksatly binalaryň ýyl-ýyldan artyp barşy perzendiniň ýagty geljegini arzuwlaýan her bir ata-enäniň hem göwnüni galkyndyrýar.

Mälim bolşy ýaly, ýaş türkmenistanlylaryň häzirki nesli hut Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala geldi. Döwlet berkararlygy türkmen ýaşlarynyň öňünde uly mümkinçilikleri açdy. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýaş nesliň hukuklary we azatlyklary üpjün edilýär, döwletimiziň we jemgyýetimiziň syýasy, ykdysady, medeni durmuşyna ýaşlaryň doly hukukly gatnaşmagy üçin oňaýly şertler döredilýär. Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 2-nji sentýabrynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren umumy okuw sapagynda: «Biziň döwletimiziň iň täze taryhy dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen Garaşsyzlygymyzdan başlanýar. 35 ýylyň dowamynda ýurdumyzyň demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşy düýpli berkidildi. Ýakyn wagtdan bolsa biz ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny belläp geçeris. Bu beýik sene berkarar döwletimiziň durmuşynda tutuş bir döwürdir. Biziň bolsa buýsanara-guwanara zadymyz örän köp» diýip belledi. Milli Liderimiziň umumy okuw sapagynda beýan eden atalyk nesihatlary ýaşlaryň berkarar Watanymyza söýgüsini, bagtyýar döwrümize buýsanjyny has-da artdyryp, geljekki üstünliklere ruhlandyrdy. Ýaş türkmenistanlylar şeýle belent ynama, döredilýän giň mümkinçiliklere jogap edip, Watanymyzyň ykdysady, medeni, ylym-bilim kuwwatyny ýokarlandyrmaga, halkara abraýyny artdyrmaga mynasyp goşant goşarlar.

Garaşsyz Watanymyzyň bagtyýar neslini beýik işlere ruhlandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun!

Gülnäzik WELIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.
Logo Bilim ministrligi

Dil saýlaň