Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçirilen sergide öz beýanyny tapdy
Täze taryhy döwrümizde milli we dünýä tejribesini öwrenmek, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly innowasion ösüşi üpjün etmek Türkmenistanyň halk hojalygy toplumynyň okgunly ösmeginiň baş şertidir. Şunuň bilen baglylykda, 17 — 19-njy sentýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisiniň geçirilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Bu sergide ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýylynyň dowamynda ähli pudaklarda gazanylan üstünlikler, garaşsyz ösüşiň ýolunda ykdysadyýetde, syýasatda, durmuş ulgamynda, medeni-ynsanperwer, ylym we tehnologik ugurlarda ýetilen belent sepgitler öz beýanyny tapdy. Bu giň möçberli sergä ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, türkmen işewürleri gatnaşdylar. Biz hem olaryň käbirleriniň alyp barýan işleri barada gyzyklanyp, okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.
«DÖWLETLI DÖWRAN»: NUSGALYK TEJRIBE, ÝOKARY HIL
Garaşsyzlyk ýyllarynda milli senetçiligi senagat derejesine çykarmakda möhüm işler alnyp barlyp, bu ugurda «Döwletli döwran» hojalyk jemgyýetiniň önümçilik tejribesi nusgalykdyr. 2003-nji ýylda Lebap welaýatynyň Halaç etrabynda döredilen bu hususy düzüm ýokary hilli keramiki bezeg önümlerini öndürmäge ýöriteleşendir. Önümçilikde keramiki kerpiçler, bezeg plitkalary, termobloklar we ýol örtügi üçin kerpiçler ýaly önümleriň 24-den gowrak görnüşi öndürilýär. Ilkibaşda kärhananyň öndürýän önümleri sebitiň gurluşyk zerurlyklaryny üpjün etmäge gönükdirilen bolsa-da, tehniki ösüşiň we kämillige bolan ymtylyşyň netijesinde halkara bazaryna ynamly çykdy. Sebäbi keramika önümçiliginde däp bolan gadymy milli usullar häzirki zaman tehnologiýalary bilen sazlaşykly utgaşdyrylýar.
Serginiň çäklerinde bu hojalyk jemgyýetiniň dizaýn boýunça hünärmeni Azatgül Çaryýewa bilen gürrüňdeş bolanymyzda, ol şeýle diýdi:
— 2019-njy ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Halaç etrabynyň çäginde täze döwrebap keramiki bezeg önümlerini öndürýän zawodyň açylmagy hojalyk jemgyýetimiziň taryhyna möhüm tapgyr hökmünde altyn harplar bilen ýazyldy. Häzirki wagtda biziň zawodymyz doly awtomatlaşdyrylan we robotlaşdyrylan önümçilik toplumydyr. Bu ýerde önümçiligiň her bir tapgyry ýokary takyklyk bilen gözegçilikde saklanýar. Bu bolsa gurluşyk we bezeg işleri üçin önümleriň ygtybarlylygyny kepillendirýär.
Hünärmeniň nygtaýşy ýaly, halkara hil talaplaryna doly laýyk gelýän önümler ygtybarlylygy, uzak möhletli ulanylyşy, berkligi, aýaza çydamlylygy we beýleki tehniki häsiýetleri bilen tapawutlanýar. Şoňa görä-de, önümlere islegler gaty köp. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisinde «Döwletli döwranyň» keramiki önümlerine ýokary isleg bildirilýär.
TÄZE DIL — TÄZE MÜMKINÇILIK!
Milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlary bilen bir hatarda, Garaşsyz Watanymyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän ylym-bilim özgertmeleri şu gezekki sergide öz aýdyň beýanyny tapdy. Ýurdumyzyň Bilim ministrliginiň, Ylymlar akademiýasynyň, bilim-maslahat beriş merkezleriniň pawilýonlary ýaşlaryň aýratyn ünsünde boldy. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň pawilýonynyň çägindäki Diller merkezi daşary ýurt dillerini öwrenmäge höwesli ýaşlar üçin möhüm meýdança öwrüldi.
— Biz ýakynda işe başladyk. Häzirki wagtda merkezimizde iňlis, rus, hytaý we nemes dilleri öwredilýär, şeýle hem kompýuter sowatlylygy boýunça bilim berilýär. Okuwlar tölegli esasda alnyp barlyp, arzanlaşyklar hem göz öňünde tutulýar. Uly we kiçi ýaşly diňleýjiler özlerine amatly ýagdaýda, günüň üç wagtyndaky — irdenki, öýlänki, agşamky okuwlara tapgyrlaýyn ýazylyp bilerler. Biz 7 ýaşdan ýokary diňleýjileri kabul edýäris. Okuwlar ýörite tejribeli mugallymlar tarapyndan alnyp barlyp, şunda diňleýjileriň döredijilikli pikirlenmek endiklerini ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýäris. Biz — ýaşlara uly ynam bildirip, yzygiderli goldaw-hemaýatlary berýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun! — diýip, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hünär-tehniki okuw mekdebindäki Diller merkeziniň bölüm müdiri Ýazgül Udiýewa buýsançly gürrüň berýär.
«AK DÜNÝÄNIŇ» BEREKEDI
Islendik sergide ünsüňi özüne çekýän zat, ilkinji nobatda, täze önümçilikler hem-de täze önümler. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli guralan ykdysady gözden geçirilişde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Bäşim Sopyýewe degişli bolan «Ak dünýä» hususy kärhanasynyň pawilýony myhmanlarda aýratyn täsir galdyrdy. Ol sergä ilkinji gezek gatnaşdy. Kärhanada öndürilýän önümler, esasan, bedene ýumurtgasyndan we bedene etinden ybarat bolup, ol müşderileriň ösen islegini kanagatlandyrýar. Hususy kärhana 2013-nji ýylda esaslandyrylan hem bolsa, ol «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda şeýle gözden geçirilişe ilkinji gezek wekilçilik edýär.
— Bedene ýumurtgasy we eti adam saglygy üçin örän peýdaly, düzümi witaminlere we mikroelementlere baý bolan iýmit önümleridir. Şoňa görä-de, önümlerimize paýtagtymyzyň we sebitlerimiziň söwda merkezlerinde, ak bazarlarymyzda islegler uly. Önümçiligimiz Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly daýhan birleşiginde ýerleşýär. Geljekde daşary ýurtlara eksporty ýola goýmagy, şeýle hem önümçiligiň görnüşini artdyrmagy maksat edinýäris. Munuň üçin ähli mümkinçilikler bar — diýip, hususy kärhananyň hünärmeni Baýramgül Öwezowa gürrüň berýär.
Söhbetdeşligiň dowamynda hususy düzümiň wekili ýurdumyzda ýaş nesle bildirilýän uly ynamy nygtamak bilen, önümçilikde ýaşlaryň pikirleriniň, taslamalarynyň has oňlanylýandygyny buýsançly belledi. Biz hem milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda iş alyp barýan ýokary derejeli hünärmenlerimize uly üstünlikleri arzuw edýäris.