Häzirki ajaýyp döwrümiz milli demokratiýamyzyň, asylly ýörelgelerimiziň rowaçlanýan zamanasydyr. Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy uly toýlara beslenip, taryhy wakalara eýe bolýar. Çünki «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly ýurdumyzyň durmuşynda taryhy ähmiýeti bolan şanly wakalara baýdyr. Şeýle taryhy wakalary, aýratyn-da, 23-nji sentýabrda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini bellemek gerek.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde Türkmenistanyň syýasy ulgamynyň binýady berkden tutulyp, halkymyzyň demokratiýasy, asylly ýörelgesi üstünlikli ösdürilýär. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ata-baba gelýän ýörelgämiz üstünlikli dowam edýär. Munuň özi türkmen milli demokratiýasynyň tejribeleriniň yzygiderli kämilleşdirilýändiginiň kepili bolup durýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işiniň guramaçylykly ýola goýulmagy, halkymyzyň arzuw-islegleriniň durmuşa geçirilmegi ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerine wepalydygymyzyň nyşanydyr. Bu möhüm taryhy maslahat türkmen demokratiýasynda öz mynasyp ornuny alan halkylyk ýörelgesini özünde jemleýän döwletlilikden nyşandyr. Bu maslahaty geçirmek bilen halka hyzmat etmekde, onuň bähbitlerini goramakda we jemgyýetde ösüşi üpjün etmekde türkmen döwleti özüniň esasy maksadyny beýan edýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahaty — döwletli işleriň gözbaşy, döwletliligiň aýdyň ýoly. Onda ýurdumyzyň ýakyn we uzak geljegini nazarlaýan birnäçe meseleleriň oňyn çözgüdi ara alnyp maslahatlaşylar. Bu umumymilli forumda Watanymyzyň dürli kärdäki, hünärdäki raýatlarynyň, jemgyýetçiligiň dürli ugurlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda il-günüň bähbitlerine gönükdirilen, durnukly ösüşiň ähli ugurlaryny öz içine alýan wajyp, milletiň ykbalyna oňyn täsir edýän anyk kararlardyr çözgütler kabul ediler.
Asyrlaryň synagyndan geçen milli däplerimize eýermek bilen, ýene-de sanlyja günden geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde aýdyň maksatlar, kesgitlenjek wezipeler örän ähmiýetlidir. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetini pudaklaýyn döwrebaplaşdyrmak, ykdysady ösüşiň köpugurlylygyny gazanmak babatynda netijeli işler alnyp barylýar. Täze taryhy eýýamda ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemekde we demokratik başlangyçlary mundan beýläk-de ösdürmekde bu taryhy maslahatyň ägirt uly ähmiýeti bolar.
Häzirki ajaýyp döwrümizde jemgyýetimiziň berk binýatlary, halkymyzyň agzybirligi döwletlilik ýörelgelerimiziň rowaçlanýandygyny aýdyň beýan edýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda täze döwürde amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli durmuşa ornaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Bularyň ählisi ýurdumyzyň beýik ösüşlerini we röwşen geljegimiziň berk binýadyny aýdyň şöhlelendirýär.
Ata Watanymyzyň has beýik ösüşler bilen öňe gitmeginde her bir türkmen raýatynyň öz mynasyp goşandyny goşmagy mukaddes borçdur. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýylynyň içinde gazanan üstünliklerimize ser salanymyzda, taryhy ähmiýetli, dünýä nusgalyk işleriň durmuşa geçirilendigine göz ýetirýärsiň. Üstünlikleriň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, döwletlilik ýoluny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň beýik işleriniň mundan beýläk hem rowaçlyga beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.