Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim özgertmeleriniň rowaçlanýandygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ylym-bilimde uly üstünlikler gazanylýar. Bu günki günde ýaşlary milli ruhda terbiýelemek, olaryň watansöýüji şahsyýetler bolup ýetişmegini gazanmak esasy ugurlaryň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagyndaky çykyşynda bu barada pähimli pikirler beýan edildi. Bu bolsa nesil terbiýesinde bilim işgärlerine, mugallymlara, biziň ählimize beýik mekdepdir.
Milli ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, bilim özgertmelerini amala aşyrmak jemgyýeti ösdürmek wezipeleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Häzirki döwürde ylmyň we bilimiň ýurduň ykdysady hem-de durmuş zerurlyklaryna gönükdirilmegi döwrüň öňe çykaran ugurlarydyr. Şunda kämil hünärmenleri taýýarlamak, bilimli nesilleriň dünýägaraýşyny ösdürmek öňde durýan möhüm wezipelerdir. Bu ugurda üstünlikleriň gazanylmagy üçin ylmyň, önümçiligiň we berilýän bilimiň arasyndaky baglanyşygy has-da berkitmek zerurdyr. Häzirki bilim özgertmelerinde şu talabyň ýerine ýetirilmegine uly üns berilýär. Gahryman Arkadagymyz şeýle belleýär: «Häzirki XXI asyr tehnikanyň we tehnologiýanyň, sanly ulgamyň hem emeli aňyň yzygiderli ösýän asyrydyr. Häzirki ýaşlar sanly ulgamdan giňden peýdalanýarlar, emma her bir täzelik milli häsiýetimizden, türkmençilik däplerimizden üzňe bolmaly däldir». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, sanly ulgam, emeli aň yzygiderli ösýär. Bu tehnologiýalary, sanly ulgamy özleşdirmek we milli dünýägaraýşymyz, asylly ýörelgämiz bilen baglanyşdyrmak watansöýüji ýaşlaryň aýdyň ýoludyr.
Häzirki döwürde sanly ulgam ylmy esasda öwrenilip, ylmy-tehniki we tehnologik ösüşler üpjün edilýär. Sanly ulgam häzirki wagtda biziň jemgyýetimize giňden ornaşdyryldy we giň mümkinçiliklere eýe bolýar. Ylmyň gazananlary innowasion esasly önümleri öndürmäge gönükdirilýär, sanly taslamalary amala aşyrýan kärhanalar, telekeçiler üstünlikli işleri alyp barýarlar. Şeýle-de geljegi uly bolan ylmy-innowasion ugurlar we täze hünärler boýunça hünärmenleri taýýarlamak ugrunda iri taslamalar amala aşyrylýar. Bularyň ählisi häzirki döwürde ylym-bilimiň ösýändigini, ýaş hünärmenleriň bilim derejesiniň barha ýokarlanýandygyny beýan edýär.
Bilim ulgamynda hem iň döwrebap mümkinçilikleriň ornaşdyrylandygyny belläsimiz gelýär. Sanly ulgamyň ösüşini bilim portallarynda hem görmek bolýar. Ýaşlaryň kompýuter sowatlylygyny ösdürmekde hem möhüm işler alnyp barylýar. Orta mekdebe gadam basýan 1-nji synp okuwçylaryna hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan milli önüm bolan «Bilimli» atly kompýuterler dabaraly gowşurylýar. Bu bolsa orta mekdeplerde okuwçylaryň kompýuter sowatlylygyny ösdürmäge giň mümkinçilikdir. Okuwçylar ilkinji sapaklaryndan şeýle giň mümkinçilige eýe bolup, kompýuter hakyndaky düşünjelerini, bilimlerini artdyryp başlaýarlar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim özgertmeleri rowaçlanýar, sanly mümkinçilikler giň gerime eýe bolýar. Şunda häzirki zaman ylmyndan oňat baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler kämilleşdirilýär. Bularyň ählisi bilim özgertmeleriniň rowaçlygyny aýdyň beýan edýär.