Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmek ugrundaky beýik işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu günki günde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlan döwrebap orta we ýokary okuw mekdepleri ildeşlerimizi buýsandyrýar. Şu ýylyň 1-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlary dabaraly açyldy. Munuň özi bilim özgertmeleriniň üstünliklere beslenýändigini, ýaşlar üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigini aýdyň beýan edýär.
Eziz Watanymyzda durmuşa geçirilýän beýik işler, ajaýyp başlangyçlar halkyň bähbidinden gözbaş alýar. Bu ajaýyp başlangyçlar durmuşyň ähli ugurlarynda öz aýdyň beýanyny tapýar. Mähriban Watanymyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösüşini we onuň ýagty geljegini ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaş nesillerde görýän hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz aladalarynyň netijesinde gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bütin aýdyňlygy bilen äşgär duýulýar. Watanymyzyň bedew batly ösüşine mynasyp goşant goşjak bilimli, hünärli, sagdyn nesli terbiýeläp ýetişdirmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar.
Ýurdumyzyň bilim kuwwatyny artdyrmaga we onuň hil derejesini ýokarlandyrmaga ugrukdyrylýan özgertmeler özüniň oňat netijesini berýär. Hormatly Prezidentimiziň çuňňur aladalary bilen gurşalan ýaşlarymyz dünýä ülňülerine laýyk gelýän ajaýyp bilim ojaklarynda bilim alýarlar. Dünýäniň ösen tejribelerinden ugur alnyp bina edilýän bu ajaýyp bilim ojaklarynda bilim, terbiýe alýan ýaşlarymyza okamak üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Watansöýüjilik ruhunda terbiýelenýän ýaşlarymyza ýokary okuw mekdebimiziň professor-mugallymlary häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan täze okuw otaglarynda bilim öwredýärler. Bu okuw otaglarynda iň döwrebap enjamlar ýerleşdirilendir. Institutymyzyň sanly ulgamy öwretmäge niýetlenen ylmy-tehniki, tehnologiýalaryň transfer we 26 gurnakdan ybarat bolan ylmy-taslama merkezlerinde ylym-bilim-önümçilik arabaglanyşygyny kämilleşdirmäge degişli işler alnyp barylýar. Merkezlerde kiçi we orta işewürligiň menejment, senagat howpsuzlygy boýunça işler, ekologiýa howpsuzlygy ýaly dürli ugurlardan hünär okuwlary we iňlis, rus, nemes dilleri, matematika, kompýuter sowatlylygy, psihologiýanyň we pedagogikanyň esaslary ýaly ugurlar boýunça okuwlar geçirilýär. Munuň özi ýaşlaryň diňe bir binagärligi, inženerçiligi özleşdirmän, eýsem, daşary ýurt dillerini hem özleşdirýändiklerini görkezýär hem-de olaryň dünýä ylmynyň gazananlary bilen gyzyklanmagyna giň mümkinçilikleri döredýär.
Hormatly Prezidentimiziň pähim-parasata ýugrulan bilim özgertmelerinde ýaýbaňlandyrylýan beýik işleri bu gün özüniň mynasyp beýanyny tapýar. Ylma-bilime sarpa goýýan, onuň gadyr-gymmatyna has oňat düşünýän merdana halkymyzyň asyrlarboýy ata-babalarymyzyň bu ugurda görkezen nusgalyk edim-gylymlarynyň, ylymly, bilimli bolmak, Watany söýmek göreldesine eýerýän ýaş nesliň kemala gelýändigini alamatlandyrýar.
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan bilim özgertmeleriniň netijesinde kämil hünärmenler, bilimli ýaşlar kemala gelýär. Munuň özi ýurdumyzy durmuş-ykdysady, medeni we syýasy taýdan ösdürmek ugrundaky işleriň ylmy esasda alnyp barylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Ylmyň we bilimiň gazananlarynyň halk hojalygyna giňden ornaşdyrylýandygy, döwletimizi innowasiýaly, senagat taýdan ösen döwlete öwürmek ugrunda alnyp barylýan işleriň amala aşyrylýandygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr.