Eziz Diýarymyzyň şanly baýramçylygy uly dabaralar bilen bellenilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýy ildeşlerimiziň köňül guşuny ganatlandyryp, beýik ösüşler bilen mynasyp bellenilýär. Bu şanly baýram mukaddes Garaşsyzlygymyza bolan buýsanjymyzy goşalandyrýar. Çünki Garaşsyzlyk halkymyzyň agzybirliginiň, döwletliliginiň, berkararlygynyň berk binýadydyr.
Hormatly Prezidentimiz: «Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni esasy döwlet baýramy bolmak bilen, ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň durmuşynda gazanylan üstünlikleri, ýetilen belent sepgitleri alamatlandyrýar» diýip, parasatlylyk bilen belleýär. Ýurt Garaşsyzlygy ata-babalarymyzyň arzuw-islegleriniň amala aşmasydyr, türkmeniň milli ruhunyň dabaralanmasydyr. Şol sebäpli-de, türkmen halkyny berkarar döwletlilige, özbaşdaklyga ýetiren Garaşsyzlygyň şanly senesi biziň ýüreklerimiziň buýsanjydyr.
Häzirki wagtda berkarar Watanymyz bagtly geljeginiň ýalkymyndan nurlanyp, şöhratly üstünliklerinden rowaçlanyp, şanly geljegine tarap batly gadamlar bilen öňe barýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde bedew bady bilen beýik ösüşlere eýe bolýan Garaşsyz döwletimizde halkymyzyň milli, medeni, ruhy gymmatlyklaryna täze öwüşginde, täze ruhda halkara derejesinde täzeden şan, gaýtadan mertebe berildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir ýyly Watany özgerdiji beýik işlere beslenýär. Ynha, muňa 2026-njy — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň mysalynda-da aýdyň göz ýetirmek bolýar. Şu ýylda milli gymmatlyklarymyz dünýä ýaýyldy, ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhraty dünýäde täze derejä eýe boldy. Şeýle hem ýurdumyzyň dürli künjeklerinde beýik binalar gurlup ulanmaga berildi.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim ulgamynda ençeme şöhratly wakalar yzygiderli durmuşa ornaşdyrylýar. Bilim ulgamyny dünýä derejesinde kämilleşdirmek boýunça çuňňur taglymatly, düýpli mazmunly gymmatly işler giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda bilim ulgamynyň ugurlaryny giňeltmek, mazmunyny has-da çuňlaşdyrmak maksady bilen, bilim edaralarynyň maddy-tehniki binýady günsaýyn pugtalandyrylýar. Ylym ojaklary, şol sanda, okuw mekdepleri iň häzirki zaman kompýuterleri, multimedia, laboratoriýa, lingafon enjamlary bilen yzygiderli üpjün edilýär. Bilimli ýaşlarymyz halkara ders bäsleşiklerine işjeň gatnaşyp, dürli derejedäki medallara, baýraklara mynasyp bolýarlar. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň zehinli çagalarynyň bilim almaklary we ylymly-bilimli nesilleriň kemala gelmegi bilen bagly meselelere aýratyn üns berýändiginiň aýdyň mysalydyr. 2026-njy — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda-da bilim ulgamyny özgertmekde alnyp barylýan beýik işleriň barha rowaçlanýandygyny aýdyp geçmek diýseň buýsançlydyr.
Watansöýüji, Garaşsyzlyga tüýs ýürekden guwanýan ýaşlarymyz biziň geljegimizdir. Şeýle ýaşlary ylym-bilimli edip ýetişdirmek, sagdyn bedenli bolmaklaryny gazanmak biziň mukaddes borjumyzdyr. Bu babatda ýurdumyzda ähli mümkinçilikler, şertler döredilendir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýokary okuw mekdepleriniň täze binalar toplumlary açylyp, ýaşlaryň iň oňat bilimlere eýe bolmagyna şertler döredilýär. Täze binalarda ylym-bilimli hünärmenler ýetişdirilýär. Munuň özi bolsa Garaşsyzlyk ýyllarynda ylym-bilim ulgamynyň ýokary derejelere ýetendigini subut edýär.
Türkmen halky asyrlara barabar beýik işleri bitirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden buýsanýar. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!