Tugra Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Metbugat gullugy

Täzelikler

Bilim ulgamynyň iň soňky täzelikleri we resmi habarlary.

BELENT ÜSTÜNLIKLERE TARAP Täzelikler
10

BELENT ÜSTÜNLIKLERE TARAP

2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagy bilen ahalteke bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da artdyrmak, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, parahatçylyk we dostluk gatnaşyklaryny ilerletmek hem-de halkara jemgyýetçiligiň halkymyzyň medeni mirasy bilen tanyşdyrylmagy üçin uly mümkinçilikleri döredýär. Ahalteke bedewi türkmen halkynyň milli buýsanjy, dünýä medeni – mirasynyň gymmatly hazynalarynyň biridir. Ýaňy ýakynda Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke atlaryň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynyň çäklerinde ahalteke bedewleriniň gözelligini çeper beýan edýän «Ahalteke bedewi – gözelligiň naýbaşy nusgasy» atly halkara bäsleşigi geçirildi. Ýewropa yklymynda ilkinji gezek geçirilen bäsleşige gatnaşan sungat işgärleri ahalteke bedewleriniň tebigy gözelligini sungat eserlerinde çeper wasp etmekde nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, zergärçilik, haly we fotosurat eserleriniň üsti bilen olaryň taryhy ähmiýetini, gözelliginiň taryhy aýratynlyklaryny we halkara derejesindäki şan-şöhratyny giňden açyp görkezdiler. Bu bolsa şanly ýylda behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda ägirt uly goşant boldy. Halkara bäsleşige sungat ojagymyz bolan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň halypa suratkeş mugallymlary we ýaş zehinli talyplary hem gatnaşdylar. Behişdi bedewleriň gözelligini nakgaşçylyk eserlerinde wasp etmek boýunça Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň dizaýn kafedrasynyň mugallymy Arslan Atahanowyň «Garaşsyz» atly nakgaş eseri ýeňiji diýlip yglan edildi. Heýkel eserlerinde wasp etmek boýunça heýkeltaraşlyk kafedrasynyň mugallymlary Patdyk Patdykow «Maşgala» atly heýkel eseri I orna we Ahat Mälikow «At – myrat» atly heýkel eseri bilen II orna mynasyp boldular. Atlaryň gözelligini haly eserlerinde wasp etmek boýunça amaly-haşam sungaty kafedrasynyň mugallymy Bahar Pirgulyýewa «Bedew» atly eseri bilen ganaşyp,  II orna mynasyp boldy. Ahalteke atlarynyň gözelligini fotosuratlarda wasp etmek boýunça amaly-haşam sungaty fakultetiniň 6-njy ýyl talyby Nurmuhammet Ýolamanow «Behişdi bedewler» atly foto eserler toplumy bilen gatnaşyp, II orna mynasyp boldy. Bu halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň baýrakly orunlaryna mynasyp bolmagy bizi diýseň buýsandyrýar we begendirýär. Ahalteke bedewleriniň gözelligini dünýä ýüzünde ýaýmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak tutýan tutumly işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!   Hesel BEKMURADOWA, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti hünäriniň 2-nji ýyl talyby

Ylmy makalalar ýygyndysy çap edildi Täzelikler
21

Ylmy makalalar ýygyndysy çap edildi

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň hem-de Türkmen döwlet maliýe institutynyň bilelikde taýýarlan «Garaşsyz Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşi» atly ylmy makalalar ýygyndysy çap edildi. Ýygyndy bu iki ýokary okuw mekdebiň professor-mugallymlarynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli ugurlaryna degişli bolan ylmy makalalaryny öz içine alýar. Olarda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde gazanylan üstünlikler, amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler hem-de ösüşiň geljekki ileri tutulýan ugurlary ylmy taýdan seljerilýär. Awtorlar nazary garaýyşlaryny milli ykdysadyýetimiziň häzirki ösüş tejribesi we halkara tejribesi bilen utgaşdyrýarlar. Ýygyndynyň neşir edilmeginiň baş maksady ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde geçen ösüş ýoluny ylmy nukdaýnazardan şöhlelendirmekden, gazanylan oňyn netijeleri ýaýbaňlandyrmakdan we ykdysadyýetiň mundan beýläk-de durnukly ösdürilmegine gönükdirilen çemeleşmeleri öňe sürmekden ybaratdyr. Neşir mazmun taýdan köptaraplydyr. Ýygyndydaky ylmy makalalarda milli zähmet bazary, gymmatly kagyzlar bazary, maýa goýum syýasaty, bank hyzmatlary, döwlet býujeti, salgyt ulgamy, ätiýaçlandyryş, maliýe hasabatlylygy, telekeçilik, daşary söwda dolanyşygy, senagat, ulag ulgamy we azyk howpsuzlygy bilen bagly meseleler giňişleýin beýan edilýär. Şeýle hem olarda kärhanalaryň maliýe serişdelerini netijeli dolandyrmak, müşderileriň karza ukyplylygyna baha bermek, döwlet emläklerini hususylaşdyrmak, önümçiligiň özüne düşýän gymmatyny optimallaşdyrmak hem-de ykdysady howpsuzlygy üpjün etmek meselelerine hem aýratyn üns berilýär. Ýygyndynyň möhüm ugurlarynyň biri-de sanlylaşdyrmak bilen baglanyşyklydyr. Sanly ykdysadyýet, emeli aň, sanly ekiz tehnologiýalary, maglumatlary gaýtadan işlemek, elektron täjirçiligi, häzirki zaman programmirleme dilleri we ykdysady ösüşi seljermegiň matematiki usullary barada taýýarlanan ylmy makalalar neşiriň döwrebap mazmunyny baýlaşdyrýar. Innowasiýalaryň we ýokary tehnologiýalaryň ykdysady ösüşi ýokarlandyrmakdaky möhüm orny ylmy makalalarda giňişleýin açylyp görkezilýär, olaryň önümçiligiň netijeliligine hem-de bäsdeşlige ukyplylygyna ýetirýän täsiri ylmy taýdan esaslandyrylýar. Neşirdäki ylmy makalalarda durnukly ösüş, ýaşyl we galyndysyz ykdysadyýet, bioykdysadyýet, ekologiýa taslamalary, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, bilimleriň ykdysadyýeti hem-de ýaşlar telekeçiligi baradaky ylmy garaýyşlara hem giň orun berilýär. Bu neşir professor-mugallymlar, ylmy işgärler, aspirantlar, alymlyk derejesine dalaşgärler, magistrantlar, talyplar we ykdysadyýet bilen gyzyklanýan giň okyjylar köpçüligi üçin ykdysady ugurly gymmatly maglumat çeşmesi bolup biler. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty Türkmen döwlet maliýe instituty

BILIM BOÝUNÇA HALKARA YLMY-AMALY MASLAHAT: TÜRKMENISTANYŇ TEJRIBESI АLYMLARYŇ WE MUGALLYMLARYŇ ÜNS MERKEZINDE Täzelikler
17

BILIM BOÝUNÇA HALKARA YLMY-AMALY MASLAHAT: TÜRKMENISTANYŇ TEJRIBESI АLYMLARYŇ WE MUGALLYMLARYŇ ÜNS MERKEZINDE

Ýakynda Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherinde geçirilen «Häzirki zaman bilimi. Wajyp meseleler we çözgütler» atly halkara ylmy-amaly maslahata türkmenistanly alymlar we bilim işgärleri hem onlaýn görnüşinde gatnaşyp, çykyşlary etdiler. Ylmy-amaly maslahaty Russiýanyň Tebigy bilimler akademiýasynyň (RANH) professory hem-de Alymlaryň, mugallymlaryň we hünärmenleriň Halkara assosiasiýasynyň ýerine ýetiriji direktory Kirill Aleksandrowiç Bizenkow alyp bardy. Bu ylmy-amaly maslahata Russiýanyň, Belarusyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, usulyýetçi alymlary gatnaşdylar. Ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar halkara we pudagara aýratynlyklaryny — didaktikadan we ruhy-ahlak biliminden başlap, bilimiň sanlylaşdyrylmagyna we ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň lukmançylyk taýýarlygyna çenli häzirki döwrüň wajyp meseleleri barada nygtap bellediler. Gozgalan şol möhüm meseleleriň çözgüdiniň ylmy we usulyýet esaslaryny beýan ediler hem-de meseleleri çözmegiň anyk ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň Bilim işgärleriniň hünärini kämilleşdiriş bölüminiň müdiri, biologiýa ylymlarynyň doktory, dosent S.K. Durdyýewiň hem-de şol institutyň Tebigy we takyk bilimler bölüminiň uly ylmy  işgäri A.S.Sähetmyradowanyň «Türkmenistanyň mekdeplerinde geografiýa biliminde döwrebapsanly tehnologiýalary ulanmak» atly çykyşy, şeýlehem S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Tokaý hojalygy we tokaý seýilgählerini dolandyrmak kafedrasynyň mugallymy, ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesine dalaşgär G.A.Allakuliýewanyň «Bezeg bagçylygy» okuw dersini okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek» diýen temalarda eden täsirli çykyşlary ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylarda aýratyn gyzyklanmany döretdi. Bu maglumatlar umumy orta bilim berýän hem-de ýokary okuw mekdepleriniň halkara ylmy dialoglarda özara hyzmatdaşlyk etmekleri we Russiýadan, Merkezi Aziýa ýurtlaryndan gatnaşan kärdeşleri bilen tejribe alyşmaklary dogrusyndaky meseleleri öz içine aldy. Ylmy-amaly maslahatda edilen çykyşlar häzirki zaman bilimiň esasy ugurlaryny öz içine aldy: emeli aň intellekti bilim-terbiýeçilik we ylmy işlere ornaşdyrmak, orta mekdeplerde we ýokary okuw mekdeplerinde bilimi sanlylaşdyrmak, okatmagyň ruhy-ahlak esaslaryny berkitmek we lukmançylykdan oba hojalygyna çenli dürli ugurlarda okaýanlaryň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak, bilim-ylym ulgamynda halkara hymatdaşlygyny işjeňleşdirmek. Şeýle halkara platformalary öňdebaryjy tejribeleriň alyş-çalşyny hem-de alymlaryň we mugallymlaryň arasynda täze gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny, şonuň ýaly-da ýurtlaryň arasynda ylym-bilim hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagy we yzygiderli kämilleşdirmegi üpjün edýär. Munuň özi bolsa, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti tarapyndan kesgitlenen bilim ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine laýyklykda dörebaplaşdyrmak babatyndaky anyk maksatlara we aýdyň wezipelere laýyk gelýär.   Türkmenistanyň Milli Bilim Instituty

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde geçirilen Biologiýa dersi boýunça bäsleşigiň döwlet tapgyrynyň jemi jemlendi Täzelikler
22

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde geçirilen Biologiýa dersi boýunça bäsleşigiň döwlet tapgyrynyň jemi jemlendi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynda innowasiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem bilimiň hiline garaşsyz monitoringi ýokarlandyrmak, Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026-2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2026-njy ýyl üçin Meýilnamasynda göz öňünde tutulan işleri durmuşa geçirmek hem-de 2023-nji ýylyň 21-nji iýulynda Türkmenistanyň Bilim ministriniň 291 belgili buýrugy bilen tassyklanan «Türkmenistanda ýaşlary hünäre ugrukdyrmak işlerini geçirmek barada Gözükdirijiniň» talaplaryny berjaý etmek, ösüp gelýän ýaş nesliň lukmançylyk hünärlerine bolan höweslerini artdyrmak, zehinli mekdep okuwçylaryny ýüze çykarmak we goldamak maksady bilen 2026-njy ýylyň sentýabr aýynyň 18-ne Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýy mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda geçirilen Biologiýa dersi boýunça bäsleşigiň döwlet tapgyrynyň jemi jemlendi.  Bäsleşigiň çäginde uniwersitetimiz bilen tanyşlyk, paýtagtymyzyň gözel ýerlerine syýahat hem-de dabaraly ýagdaýda sowgat gowşurylyşyk ýaly çäreler gurnaldy.  Çekeleşikli geçen bäsleşikde has gowy netije görkezen Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň ýöriteleşdirilen 19-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Garaýew Sähetmyrat I orna, Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň 18-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Maksadowa Güljemal, Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň 20-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Annamämmedowa Aýnur II orna, Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň ýöriteleşdirilen 37-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Aşirow Şanazar, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň 20-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Esenowa Aýlar, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň ýöriteleşdirilen 10-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Atajanowa Mähri III orna mynasyp boldylar.  Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti

TÜRKMEN DIPLOMATIÝASYNYŇ MILLI MEKDEBINDE GEÇIRILEN DABARALY MASLAHAT Täzelikler
25

TÜRKMEN DIPLOMATIÝASYNYŇ MILLI MEKDEBINDE GEÇIRILEN DABARALY MASLAHAT

2026-njy ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimize Koreýa Respublikasynyň Songýungwan uniwersitetiniň syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesiniň berilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bilelikde guramagynda dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Dabaraly maslahatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasynyň müdiri, Türkmenistanyň Gahrymany, syýasy ylymlaryň doktory Aksoltan Ataýewa, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Çynar Rustemowa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti, fizika-matematika ylymlarynyň doktory, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň habarçy agzasy Allaberdi Aşirow, Türkmenistanyň Bilim ministri, taryh ylymlarynyň kandidaty Jumamyrat Gurbangeldiýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory, pedagogika ylymlarynyň kandidaty Gülşat Ýusupowa, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory, pedagogika ylymlarynyň kandidaty Maral Kuliýewa, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory, pedagogika ylymlarynyň kandidaty Maksat Çaryýew, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň prorektory Azat Babaýew hem-de koreý dilinde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Leýli Döwletowa çykyş etdiler. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýyl ýazgysynda taryhy sahypany açýan “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” ilkinji sammitine gatnaşmagy we häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň ählumumy özgerýän şertlerinde bu sammitiň geçirilmegi Merkezi Aziýa sebitiniň dünýäniň geosyýasy we geoykdysady ulgamynda barha artýan ornuny görkezýändigi barada giňişleýin bellediler. Şeýle hem, hormatly Prezidentimiziň sammitiň dowamynda eden çykyşynda senagat, oba hojalygy, ekologiýa, suw meselesi, saglygy goraýyş, hyzmatlar ulgamy, syýahatçylyk häzirki wagtda möhüm ugurlaryň hatarynda durýandygyny belläp, bu babatda “Ösüşiň we innowasiýalaryň bähbidine Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň geljekki hyzmatdaşlygy” şygary bilen geçiriljek “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” işewürlik sammitiň möhüm waka boljakdygy barada nygtandygyny dabaranyň dowamynda çykyş edenler buýsanç bilen aýtdylar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz öz çykyşynda: “Bilim ulgamynda biz Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Koreýa Respublikasynyň bilim edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini, şol sanda iki diplomlylyk maksatnamalaryny ösdürmegi teklip etdik. Şeýle-de ýaşlaryň sanly bilimlerini artdyrmagy, bilelikdäki olimpiadalary, bäsleşikleri we maslahatlary geçirmegi wajyp hasap edýäris. Ylym ulgamynda ýaş alymlaryň bilelikdäki ylmy-barlag, taslama-gözleg işlerini işjeňleşdirmegi, Ýaşlaryň innowasion pikirlerini ösdürmegi we ornaşdyrmagy goldamak institutyny döretmegi teklip edýäris” diýip bellemegi bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmäge itergi berjekdigi barada hem aýratyn nygtaldy. Bellenilişi ýaly, Medeniýet ulgamynda Türkmenistan tarapyndan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň ýaşlarynyň medeniýetara alyşmalarynyň “Ýol kartasy”, şeýle-de “Ýaş zehinler” maksatnamasy teklip edildi. Hormatly Prezidentimiz döwletlerimiziň ýaşlaryny birleşdirýän festiwallary, konsertleri, döredijilik bäsleşiklerini we beýleki çäreleri geçirmegi dowam etdirmegiň zerurdygyny aýdyp, sport hyzmatdaşlygyny, şol sanda hünärmenler alyşmalaryny ösdürmegi, sagdyn durmuş ýörelgelerini ilerletmegi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Koreýa Respublikasynyň Halkara ýaşlar sport oýunlaryny guramak baradaky meselä seretmegi teklip edendigi dogrusynda maslahatyň dowamynda aýdylyp geçildi. Hormatly Prezidentimiziň Koreýa Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde 600 ýyldan gowrak taryhy bolan meşhur Songýungwan uniwersitetiniň prezidenti Ýu Ji Bom tarapyndan hormatly Prezidentimize baý syýasy tejribesini, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly durnukly döwlet ösüşini ýola goýandygyny hem-de Merkezi Aziýada durnuklylygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşan goşantlaryny göz öňünde tutup, Aspirantura komitetiniň karary bilen syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesiniň berlendigi barada dabaraly maslahata gatnaşyjylar buýsanç bilen bellediler. Ýeri gelende bellesek, 1957-nji ýyldan bäri bu ýokary dereje bary-ýogy 101 adama, şol sanda 2015-nji ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza berilipdi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimize Koreýa Respublikasynyň Songýungwan uniwersitetiniň syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesiniň berilmegi mynasybetli geçirilen dabaraly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.   Merjen GURBANNAZAROWA, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy

Türkmen wekiliýeti Tokio şäherindäki sebit seminarynda öňdebaryjy tejribäni öwrenýär Täzelikler
27

Türkmen wekiliýeti Tokio şäherindäki sebit seminarynda öňdebaryjy tejribäni öwrenýär

Tokio şäherinde 16-njy sentýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň (UNODC) sebit maslahaty öz işine başlady. Ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek, sanly durnuklylygy ýokarlandyrmak hem-de Merkezi Aziýada zorlukly ekstremizmiň öňüni almak maksady bilen strategik aragatnaşyklary ösdürmek meselesine bagyşlanan bu çärä Türkmenistan hem işjeň gatnaşýar. Ýurdumyza wekilçilik edýän toparyň düzümine bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, raýat jemgyýetiniň wekilleri hem-de Merkezi Aziýanyň Sebit Ýaşlar torunyň (RYNCA) agzalary girýär. Ýaponiýanyň Hökümetiniň goldawy bilen geçirilýän seminara Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň wekilleri, halkara bilermenler, döwlet edaralarynyň we öňdebaryjy tehnologiýa kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşýar. Duşuşygyň ilkinji gününde sanly giňişlikde çagalaryň we ýaşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça Ýaponiýanyň tejribesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Gatnaşyjylar ene-atalar tarapyndan gözegçilik, ýaş aýratynlyklary boýunça tassyklama mehanizmleri, kiber howplara garşy göreşmegiň usullary, şeýle hem döwlet edaralarynyň halkara internet we oýun platformalary bilen hyzmatdaşlygynyň ugurlary barada pikir alyşdylar. Seminarda dünýä belli tehnologiýa kompaniýalarynyň wekilleri hem öz tejribelerini paýlaşdylar. Hususan-da, Nintendo, Roblox kompaniýalarynyň wekilleri hem-de sanly howpsuzlyk boýunça halkara bilermenler häzirki zaman çözgütleri bilen çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda ýaşlaryň sanly giňişlikdäki orny aýratyn nygtaldy. Gatnaşyjylar ýaşlaryň diňe bir öňüni alyş maglumatlaryny kabul edijiler bolman, eýsem sanly çözgütleriň, jemgyýetçilik başlangyçlarynyň we oňyn mazmunlaryň döredilmegine işjeň gatnaşýan taraplar bolmalydygyny bellediler. Türkmen wekiliýeti geçirilen pikir alyşmalarda sanly durnuklylyk düşünjesine has giňişleýin çemeleşmegiň möhümdigini öňe sürdi. Türkmen tarapy bu düşünjäniň diňe zyýanly mazmundan goragy däl, eýsem ýaşlaryň sanly serişdeleri peýdalanmak medeniýetini ýokarlandyrmagy, tankydy pikirlenme ukybyny ösdürmegi, bilim almaga höweslendirmegi we sanly giňişligi şahsy hem-de hünär taýdan ösüş üçin netijeli ulanmaga şert döretmegi öz içine almalydygyny belledi. Türkmenistanyň wekilleri öňüni alyş işleriniň iki esasy ugry özünde jemlemelidigini nygtadylar. Olar howpsuz sanly gurşawy döretmek we ýaşlaryň gyzyklanmalaryny bilim, döredijilik hem-de taslama işlerine gönükdirmekden ybaratdyr. Şeýle çemeleşme ýaşlary diňe bir daşarky howplardan goramak bilen çäklenmän, eýsem olaryň töwekgelçilikleri özbaşdak tanamak ukybyny hem güýçlendirýär. Ýaşlar mejlisiniň çäklerinde Merkezi Aziýanyň Sebit Ýaşlar torunyň Türkmenistandan wekili Şükürgeldi Myradow «Ýaşlaryň durnukly başlangyçlary merkezini» döretmek baradaky teklibini hödürledi. Bu başlangyç ýaşlaryň döwlet edaralary, raýat jemgyýeti we halkara hyzmatdaşlar bilen bilelikde sanly mazmunlary, jemgyýetçilik ähmiýetli taslamalary işläp taýýarlap biljek hemişelik meýdançasyny döretmegi göz öňünde tutýar. Teklip edilýän merkeziň çäklerinde ýaşlar häzirki zaman tehnologiýalary, strategik aragatnaşyklar, media sowatlylygy boýunça bilimlerini artdyrar, şeýle hem zähmet bazarynda zerur bolan amaly başarnyklary ösdürmäge mümkinçilik alarlar. Seminaryň ilkinji güni ýaşlaryň, döwlet edaralarynyň we hususy tehnologiýa pudagynyň arasynda sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly gyzyklanma bardygyny görkezdi. Duşuşygyň işi 17–18-nji sentýabrda dowam eder. Maksatnamanyň çäklerinde CAPVE toruny ösdürmek, strategik aragatnaşyklar, ýaşlaryň gatnaşygyny giňeltmek hem-de Ýaponiýanyň öňüni alyş we jemgyýete gaýtadan goşmak boýunça tejribesini öwrenmek maksatly amaly maslahatlar geçiriler.

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda bilim we innowasiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze ugurlary maslahatlaşyldy Täzelikler
44

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda bilim we innowasiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze ugurlary maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Bilim ministri J.Gurbangeldiýew bilen Koreýa Respublikasynyň Ählumumy innowasiýa okuwlary guramasynyň (Global Innovation Studies instituty) ýerine ýetiriji direktory Kim Kýo Şigiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasynda bilim, ylym we innowasiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga, sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga, ýaşlaryň ylmy we döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, hünär-tehniki bilim ulgamynda koreý tejribesine öwrenmek, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmak teklip edildi. Ählumumy innowasiýa okuwlary guramasy bilen hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny berkitmek babatda hem möhüm ädim ädildi. Hususan-da, saparyň çäklerinde «Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty bilen Ählumumy innowasiýa okuwlary guramasynyň (Koreýa Respublikasy) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama» gol çekildi. Bu resminama taraplaryň bilim, ylmy gözlegler we innowasiýa işjeňligi boýunça özara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, tejribe alyşmagy giňeltmäge hem-de geljekde bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge täze mümkinçilikleri açýar. Duşuşykda emeli aň we sanly tehnologiýalar boýunça hem hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem zähmet bazarynyň geljekki zerurlyklaryny öwrenmek, täze hünärleri kesgitlemek, ýaşlaryň ýokary tehnologiýaly pudaklarda işlemek üçin zerur başarnyklaryny ösdürmek boýunça bilermenler duşuşyklaryny we tegelek stollary geçirmek meselesi öňe sürüldi. Taraplar ýaşlaryň we alymlaryň akademiki hereketliligini giňeltmegiň, şeýle hem magistrantlar, doktorantlar we ýaş alymlar üçin bilelikdäki grant we tejribe maksatnamalaryny döretmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Duşuşygyň ahyrynda bilim, ylym we innowasiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, özara tejribe alyşmagy giňeltmäge we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge taýýarlyk beýan edildi.

Türkmenistan – Koreýa: bilim we ylmy-maglumat hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy Täzelikler
39

Türkmenistan – Koreýa: bilim we ylmy-maglumat hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Bilim ministri J.Gurbangeldiýew bilen Koreýa Respublikasynyň Milli Parlament kitaphanasynyň ýolbaşçysy Hwan Jon Gynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda bilim, ylmy-maglumat we medeni mirasy aýawly saklamak ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklar soňky ýyllarda has-da ösdürilýär. Şunda bilim ulgamy aýratyn orun eýeleýär. Duşuşykda türkmen ýaşlarynyň koreý dilini we medeniýetini öwrenmäge bolan gyzyklanmasynyň ýokarydygy bellenildi.     Gepleşikleriň dowamynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ösdürmek boýunça birnäçe teklipler öňe sürüldi. Şolaryň hatarynda Koreýa Respublikasynyň Milli Parlament kitaphanasy bilen akademik hyzmatdaşlygy ýola goýmak, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň kitaphananyň elektron we bibliografik maglumat gorlaryndan peýdalanmak mümkinçiliklerini öwrenmek baradaky başlangyçlar bar. Şeýle-de özara kitap alyş-çalyş maksatnamalaryny durmuşa geçirmek teklip edildi. Bu ugurda akademik neşirleriň, elektron maglumat çeşmeleriniň, bibliografik maglumatlaryň we audiowizual materiallaryň özara alyş-çalşygyny ýola goýmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hyzmatdaşlygyň türkmen bilim merkezleriniň koreý dili, hukuk we döwlet dolandyryşynyň innowasion tejribesi boýunça maglumat çeşmelerine elýeterliligini giňeltmäge, şeýle hem koreý ylmy-gözlegçileriniň Türkmenistanyň baý taryhy, medeni we ylmy mirasy bilen tanyşmagyna ýardam berjekdigi bellenildi. Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda bilim, ylmy-maglumat we medeni hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny açmak, özara tejribe alyşmagy giňeltmek hem-de öňe sürlen başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça ikitaraplaýyn gyzyklanmanyň bardygy nygtaldy.

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň baýry ýokary okuw mekdebiniň arasynda bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň täze mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy Täzelikler
35

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň baýry ýokary okuw mekdebiniň arasynda bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň täze mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Bilim ministri J.Gurbangeldiýew bilen Koreýa Respublikasynyň Sungkýunkwan uniwersitetiniň ýolbaşçysy Ýu Ji Bomyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda ministr Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Sungkýunkwan uniwersitetiniň syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesiniň berlendigi üçin minnetdarlygyny bildirdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda bilim ulgamyndaky däp bolan dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň, täze ugurlar boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.   Bellenilişi ýaly, häzirki wagta çenli iki ýurduň arasynda bilim ulgamyna degişli dürli görnüşli ylalaşyklar we ähtnamalar baglaşylyp, hyzmatdaşlygyň berk hukuk binýady döredildi. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Prezidentiniň Koreýa Respublikasyna şu gezekki resmi saparynyň çäklerinde Sungkýunkwan uniwersiteti bilen ýene bir Ähtnama gol çekilmegi iki ýurduň bilim edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşdyrýan möhüm ädim boldy. Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýedigi aýratyn nygtaldy. Duşuşykda sanly tehnologiýalar we maglumat elýeterliligi boýunça hyzmatdaşlygyň hem möhüm ugurlaryň biridigi bellenildi. Şeýle-de, iki ýurduň zehinli mekdep okuwçylarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň Türkmenistanda we Koreýa Respublikasynda geçirilýän halkara maslahatlara, sergilere hem-de dürli dersler boýunça halkara bäsleşiklere gatnaşyp, üstünlikli çykyş edýändikleri nygtaldy. Duşuşykda 1398-nji ýylda esaslandyrylan, 600 ýyldan gowrak baý akademiki däbi häzirki zaman emeli aň, täze energetika, inženerçilik we beýleki öňdebaryjy ylmy ugurlar bilen utgaşdyrýan Sungkýunkwan uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak boýunça anyk teklipler öňe sürüldi. Duşuşygyň dowamynda öňe sürlen teklipleriň Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky bilim hyzmatdaşlygyny has amaly derejä çykarmaga, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gatnaşyklary giňeltmäge, ýaşlaryň we alymlaryň akademiki mümkinçiliklerini artdyrmaga hem-de häzirki zaman ylmy-tehnologik ugurlarda bilelikdäki işleri ösdürmäge ýardam etjekdigi bellenildi.         Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda bilim, ylmy-maglumat we medeni hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny açmak, özara tejribe alyşmagy giňeltmek hem-de öňe sürlen başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça ikitaraplaýyn gyzyklanmanyň bardygy nygtaldy.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ýokary okuw mekdepleriň we mugallymlaryň reýting bahalandyrmasy düzüldi Täzelikler
16

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ýokary okuw mekdepleriň we mugallymlaryň reýting bahalandyrmasy düzüldi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ýokary okuw mekdepleriniň reýting bahalandyrmasy her ýyl düzülýär. Bu reýting bahalandyrmasy bilim edaralaryny ylmyň dürli ugurlaryndaky kesgitli ölçegler boýunça tertipleşdirmäge mümkinçilik berýär. Reýtingler talyplaryň akademiki üstünlikleriniň derejesi, okatmagyň hili ýa-da milli synaglarda ýokary netijeleri görkezen uçurymlaryň sany ýaly dürli görkezijiler esasynda kesgitlenip bilner. Şu ýyl Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ýokary okuw mekdepleriniň halkara ylmy neşirlerde, şol sanda «Web of Science» we «Scopus» maglumatlar binýatlarynda çap edilen ylmy işleriniň hili we sany boýunça reýting bahalandyrmasy düzüldi. Bu abraýly halkara çeşmelerde çap edilen ylmy işler ýokary derejeli işler hökmünde kabul edilýär. Olarda ýerleşdirilýän ylmy makalalar diňe bir gymmatly ylmy barlaglaryň netijelerini giňden ýaýratmaga däl, eýsem, dünýäniň alymlaryna geljegi uly ylmy işläp taýýarlamalarynda ýardam bermäge hem mümkinçilik berýär. Ýurdumyzda alymlaryň bu ugurdaky gazanýan üstünlikleriniň barha artýandygy, halkara ylmy neşirlerde türkmen alymlarynyň ylmy gözlegleriniň netijeleriniň yzygiderli çap edilýändigi hem bu ugurdaky ösüşiň aýdyň subutnamasydyr. Eger-de 2020-nji ýylda türkmen alymlarynyň halkara ylmy neşirlerde çap edilen ylmy işleriniň sany 160 bolan bolsa, bäş ýyl soň bu görkeziji eýýäm birnäçe müňe ýetdi. Bellenilişi ýaly, çap edilen ylmy makalalaryň sany we olaryň ylmy ähmiýeti boýunça öňdebaryjy orny Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti eýeleýär. Ikinji oruny bolsa Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty eýeleýär. Ýakynda ýokarda bellenilenleri, şeýle hem toplanan reýting ballaryny nazara almak bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hünärmenleri geçen okuw ýylynyň ýeňijilerini kesgitlediler. Olar dabaraly ýagdaýda gymmat bahaly sowgatlar we «Ýylyň mugallymy – 2025–2026» diplomlary bilen sylaglandylar. Ahmet Penjiýew, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň kafedrasynyň dosenti, tehniki ylymlaryň doktory.

Logo Bilim ministrligi

Dil saýlaň