Tugra Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Ýeňijiler

Döwlet bäsleşikleriniň we olimpiadalarynyň ýeňijileri

Ýurdumyzda we halkara derejesinde geçirilen ders, taslama, ylmy we döredijilik bäsleşikleriniň jemleri we ýeňijileri.

Naýbaşy gymmatlyklara bagyşlandy Döredijilik bäsleşikleri 🥇 Ýeňijiler
7

Naýbaşy gymmatlyklara bagyşlandy

Golaýda «Türkmen dünýäsi» gazetiniň redaksiýasynyň Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi bilen bilelikde yglan eden «Garaşsyz döwrümiň uçar ganaty, milletiň myrady — ganatly aty» atly hem-de Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti bilen bilelikde guran «Gözel türkmen tebigaty, ganatlydyr bedew aty» atly döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy we maslahat geçirildi. Turuwbaşdan uly ruhy joşguna beslenen aýdym-sazly maslahata köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň, Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň wekilleri, şeýle-de ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar. Baş baýramymyza — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuna barýan günlerimizde geçirilen maslahatda eziz Diýarymyzyň döwrebap ösüşleri, ýurdumyzyň ekologiýa syýasatynda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler, sebit we dünýä derejesinde ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary dogrusynda täsirli çykyşlar diňlenildi. Dutarda ýerine ýetirilen çykyşlar we Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň «Türkmen sährasy» toparynyň aýdymlary baýramçylyk çäresine aýratyn öwüşgin berdi. Dabaranyň ahyrynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen bäsleşikleriň ýeňijilerine ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Olaryň hatarynda ýurdumyzyň çar künjünden gelen, dürli wezipelerde zähmet çekýän ildeşlerimiz bilen bir hatarda, daşary ýurtly türkmenleriň hem bolmagy diýseň buýsandyryjydyr. Dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan doganlarymyz Garaşsyz Watanymyz Türkmenistan bilen ýakyn aragatnaşyk saklap, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yzygiderli çykyş edýärler. Dabaraly maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna hoşallyk sözleri aýdyldy. Toýly BABAÝEW, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby. Surata düşüren Dörtguly MYRATGULYÝEW.

ZEHINLI ÇAGALARYŇ «GARAŞSYZLYGYŇ MERJEN DÄNELERI - 2026» ATLY BÄSLEŞIGINIŇ ÝEŇIJILERI Döredijilik bäsleşikleri 🥇 Ýeňijiler
16

ZEHINLI ÇAGALARYŇ «GARAŞSYZLYGYŇ MERJEN DÄNELERI - 2026» ATLY BÄSLEŞIGINIŇ ÝEŇIJILERI

Nurgözel Berdiýewa Aşgabat şäherindäki 99-njy orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy                                                         Sary Amanow Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabyndaky 26-njy orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy                                                       Leýla Çaryýewa  Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy                                                       Hudaýberdi Hojaberdiýew Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy                                                       Allanazar Annageldiýew Arkadag şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 3-nji orta  mekdebiň 8-nji synp okuwçysy                                                       Aýna Döwletýarowa  Lebap welaýatynyň Dänew etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy                                                       Baýramdurdy Çaryýew  Mary welaýatynyň  Oguzhan etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy                                                    

«Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri» atly zehin telebäsleşigi geçiriler Döredijilik bäsleşikleri 🥇 Ýeňijiler
50

«Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri» atly zehin telebäsleşigi geçiriler

Türkmenistanyň Bilim ministrligi Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen bilelikde ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 11 – 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda «Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri» atly zehin telebäsleşigi geçirýändigini yglan etdi. Bu çäre «Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna bagyşlanýar. Bäsleşigiň esasy maksatlary ýaşlaryň arasynda atçylyk sungatyny, onuň köp asyrlyk taryhyny we milli däp-dessurlaryny giňden wagyz etmekden, şeýle hem bu ugur boýunça çuňňur bilimlere eýe bolan iň zehinli we başarnykly okuwçylary ýüze çykarmakdan ybaratdyr. Bäsleşik üç tapgyrdan ybarat bolar. Birinji, saýlama tapgyr 22-nji sentýabrda onlaýn test görnüşinde geçiriler. Ikinji we üçünji tapgyrlar oktýabr – dekabr aýlarynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň binýadynda ýüzbe-ýüz görnüşde geçiriler. Üçünji, jemleýji tapgyryň netijeleri boýunça iň gowy çykyş eden gatnaşyjylar kesgitlenip, olar bäsleşigiň birinji, ikinji we üçünji orunlarynyň eýeleri bolar. Ýeňijiler bäsleşigiň baş baýragy – ýörite kubok, altyn, kümüş we bürünç medallar, gymmatly hem-de ýadygärlik sowgatlary, şeýle hem «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Hormat hatlary, diplomlary we şahadatnamalary bilen sylaglanar. Bäsleşige gatnaşmak isleýän ýokary synp okuwçylary bäsleşigiň düzgünnamasynyň goşundysynda görkezilen nusgany dolduryp, ony info@ihba.edu.tm elektron poçta salgysyna ibermeli. Dalaşgärler, şeýle hem Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň https://ihba.edu.tm/ web sahypasynda ýerleşdirilen hasaba alyş bölümi arkaly bellige alnyp bilerler. Sahypada bäsleşigiň geçirilmegi bilen bagly giňişleýin maglumatlar ýerleşdirilendir.

“Körpe nesliň saglygy – ýurdumyzyň baýlygy” we «Bereketli türkmen saçagy»  atly bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi Döredijilik bäsleşikleri 🥇 Ýeňijiler
64

“Körpe nesliň saglygy – ýurdumyzyň baýlygy” we «Bereketli türkmen saçagy» atly bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň şepagat uýalarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen “Körpe nesliň saglygy – ýurdumyzyň baýlygy” bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda baş baýraga Aşgabat şäheriniň 142-nji çagalar bakja-bagynyň şepagat uýasy Sapargül Amannepesowa, aşpezleriň arasynda geçirilen «Bereketli türkmen saçagy»  atly bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda baş baýraga Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň 15-nji çagalar bakja-bagynyň aşpezi Sahabat Nabijanowa mynasyp boldular.  Bäsleşikleriň ýeňijileri we bäsleşige işjeň gatnaşan şepagat uýalary we aşpezleri Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hormat hatlary hem-de Türkmenistanyň Bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkeziniň gymmat bahaly sowgatlary bilen sylaglandy. “Körpe nesliň saglygy – ýurdumyzyň baýlygy” bäsleşigiň netijesi boýunça: № Ady, Familýasy Işleýan ýeri we wezipesi Orny 1. Sapargül Amannepesowa   Aşgabat şäheriniň 142-nji çagalar bakja-bagynyň şepagat uýasy Baş baýrak 2. Mährijemal Rozyýewa   Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň  4-nji çagalar bakja-bagynyň şepagat uýasy I orun 3. Täjigül Nunnaýewa   Arkadag şäheriniň 9-njy çagalar bakja-bagynyň şepagat uýasy II orun 4. Jeren Hudaýberdiýewa   Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň  2-nji çagalar bakja-bagynyň şepagat uýasy III orun  “Bereketli türkmen saçagy” bäsleşigiň netijesi boýunça:  № Ady, Familýasy Işleýan ýeri we wezipesi Orny 1. Sahabat Nabijanowa   Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň   15-nji çagalar bakja-bagynyň aşpezi Baş baýrak 2.   Oguljennet Öwliýagulyýewa   Aşgabat şäheriniň 116-njy çagalar bakja-bagynyň aşpezi I orun 3. Amanbibi Aýlyýewa   Arkadag şäheriniň 9-njy çagalar bakja-bagynyň aşpezi II orun 4. Gyrmyzy Saparowa   Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň 4-nji çagalar bakja-bagynyň aşpezi III orun  

Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Garaşsyzlyk – bagtymyz» atly makala ýazmak boýunça bäsleşik Döredijilik bäsleşikleri 🥇 Ýeňijiler
34

Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Garaşsyzlyk – bagtymyz» atly makala ýazmak boýunça bäsleşik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan döwletimizde Watanymyzy kuwwatly ýurda öwürmegiň röwşen ýolunda beýik geljegimize gönükdirilen tutumly işler amala aşyrylýar. Arkadagly Gahryman  Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşlere, belent özgerişlere eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň il bähbitli, ýurt ähmiýetli belent maksatlary ýaş nesiller üçin görelde mekdebidir. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman  Serdarymyzyň beren döwlet ähmiýetli tabşyryklaryndan gelip çykýan wezipelerden ugur alyp,  ýaşlarda watansöýüjilik, agzybirlik, ata Watanymyza, merdana halkymyza bolan buýsançlaryny ösdürmek hem-de talyp ýaşlaryň döredijilik ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmen döwlet maliýe instituty tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Garaşsyzlyk – bagtymyz» atly makala ýazmak bäsleşigi yglan edilýär.   Bäsleşigiň maksady we wezipeleri Bäsleşigiň maksady: Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman  Serdarymyzyň ýaşlaryň arasynda döredijilik bäsleşiklerini yzygiderli geçirmek baradaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmekden, ýaşlaryň çuňňur manyly döredijilige bolan gyzyklanmalaryny artdyrmakdan, olaryň çeper pikirlenme, döredijilik ukyplaryny ösdürmekden, ýaşlaryň şahsyýet hökmünde kemala gelmegine, ata-babalarymyzyň ruhy-ahlak, agzybirlik, dost-doganlyk ýörelgelerine ygrarly bolup ýetişmeklerine ýardam etmekden, olarda Bitarap Watanymyza bolan egsilmez buýsanjyny ýokarlandyrmakdan ybarat. Bäsleşigiň wezipeleri: – talyp ýaşlaryň publisistik çykyşlaryny işjeňleşdirmek; – aýratyn zehinli ýaşlary ýüze çykarmak; –       döredijilik hyzmatdaşlygyny giňeltmek.   Bäsleşigi geçirmegiň we oňa gatnaşmagyň şertleri 1. Bäsleşigi geçirmek degişli ýokary okuw mekdeplerine hat ibermek esasynda we institutyň resmi saýtynda ýörite bildirişi ýerleşdirmek arkaly mälim edilýär. 2. Bäsleşige gatnaşyjy talybyň makalasy we olar baradaky maglumaty beýan edýän resmi hat Türkmen döwlet maliýe institutyna ugradylmaly (bäsleşige gatnaşýan talybyň familiýasy, ady, atasynyň ady, okaýan ýokary okuw mekdebiniň ady, hünäri ýa-da taýýarlyk ugry, ýyly, telefon belgisi we makalasynyň ady). 3. Bäsleşige öň hiç ýerde neşir edilmedik, 1 awtor (talyp) tarapyndan ýazylan makala «Garaşsyzlyk – bagtymyz» diýen ýazgy bilen kabul edilýär. 4. Makalanyň möçberi 2-5 sahypa bolmaly, elektron görnüşini Word formatynda (doc we docx giňeltmesi bilen), setir arasy 1,5, Times New Roman şriftinde, 14-lik ölçegde institutyň ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygyna 2026-njy ýylyň sentýabr aýynyň 21-ne çenli gowşurmaly. 5. Makalanyň adynyň ýokarsynda sag tarapdan «Garaşsyzlyk – bagtymyz» atly bäsleşige» diýen goýy gara bilen ýazylan ýazgy bolmaly.         6. Bäsleşige her ýokary okuw mekdebinden 2-den köp bolmadyk talybyň makalasy 2026-njy ýylyň 21-nji sentýabryna çenli kabul edilýär.         7. Bäsleşigiň jemleri 2026-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmen döwlet maliýe institutynyň resmi saýtynda ýerleşdiriler.   Bäsleşigiň eminleri Bäsleşige gatnaşýan talyplaryň makalalaryny bahalandyrýan eminler toparynyň agzalary institutyň professor-mugallymlaryndan, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerinden, gazet-žurnallaryň redaksiýalarynyň döredijilik işgärlerinden düzülýär. Bäsleşigiň eminleri özbaşdak işleýärler, çekeleşikli ýagdaý ýüze çykanda goşmaça şert girizmek ýa-da gatnaşyjylara sowal bilen ýüzlenmek hukugyny özünde saklaýar.   Bäsleşigiň ýeňijilerini yglan etmek Bäsleşigiň jemleri boýunça ýeňijiler bäsleşik tamamlanandan soňra eminler toparynyň agzalary tarapyndan saýlanylar we Türkmen döwlet maliýe institutynyň resmi saýtynda ýerleşdiriler. Bäsleşigiň jemi boýunça I, II, III orunlara mynasyp bolan talyplar institutyň adyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanylar. Guramaçylyk topary: habarlaşmak üçin telefon belgi: +99361663606 Maglumatlary ýollamak üçin elektron salgy: info@tdmai.edu.tm Türkmen döwlet maliýe instituty

Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Atda wepa-da bar, sapa-da” eseri boýunça “Kitap bilen dünýä syry açylýar” atly kitap okamak bäsleşigi Döredijilik bäsleşikleri 🥇 Ýeňijiler
176

Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Atda wepa-da bar, sapa-da” eseri boýunça “Kitap bilen dünýä syry açylýar” atly kitap okamak bäsleşigi

2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň orta mekdepleriniň 10-11-12-nji synp okuwçylarynyň arasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Atda wepa-da bar, sapa-da” eseri boýunça “Kitap bilen dünýä syry açylýar” atly kitap okamak bäsleşigi   Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň gülläp ösmegi ugrunda durmuşa geçirýän beýik işlerini, Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň waspyny giňden wagyz etmek, at-abraýy dünýä dolan Ahalteke bedewlerimiziň özboluşly aýratynlyklaryny açyp görkezmek, şeýle-de ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň arasynda kitap okamaga bolan höwesi has-da artdyrmak maksady bilen, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti tarapyndan Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň orta mekdepleriniň 10-11-12-nji synp okuwçylarynyň arasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly eseri boýunça bäsleşigini guramak we geçirmek boýunça Düzgünnama işlenip taýýarlanyldy.   I. Bäsleşigiň maksady 1.1. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän beýik işlerini wagyz etmek, Ahalteke bedewlerimiziň özboluşly aýratynlyklaryny açyp görkezmek, umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasyndan zehinli ýaşlary ýüze çykarmakdan; 1.2. Ýaş nesilleriň kitap okamaga bolan höwesini ýokarlandyrmakdan, olaryň milli mirasymyz babatdaky bilimlerini, düşünjelerini kämilleşdirmekden ybarat.   II. Bäsleşigiň geçiş tertibi 2.1. Bäsleşigiň guramaçylary bolup Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti çykyş edýär; 2.2. Bäsleşigiň guramaçylyk işleri Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň mugallymlaryndan ybarat bolan topar tarapyndan ýerine ýetiriler; 2.3. Bäsleşik 2026-njy ýylyň 10-njy martynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň binalar toplumynda geçiriler; 2.4. Kitap okamak boýunça geçiriljek bäsleşik test görnüşinde bolar. Soraglar Gahryman Arkadagymyzyň “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly eseri esasynda taýýarlanylar; 2.5. Bu bäsleşige Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň orta mekdepleriniň 10-11-12-nji synp okuwçylary gatnaşyp biler. Bäsleşige Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň orta okuw mekdeplerinden 3 sany okuwçylardan hem-de jogapkär mugallymdan ybarat bolan toparlar gatnaşar. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän mekdep okuwçylary özüniň şahsy maglumatlaryny goşunda laýyklykda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralyna çenli görkezilen elektron salga ugratmaly: hstubasleshik@gmail.com (goşulýar).   III. Bäsleşigiň ýeňijilerini kesgitlemegiň tertibi 3.1. Bäsleşigiň ýeňijileri Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň eminler topary tarapyndan kesgitlener; 3.2. Bäsleşiginiň ýeňijilerini I, II we III orunlar bilen yglan ediler. Ýeňijiler Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň degişli diplomlary we hemaýatkärleriň sowgatlary bilen sylaglanylar. Habarlaşmak üçin: Tel: +99361444436, +99362401810 Elektron salgy: hstubasleshik@gmail.com                       Goşundy   “Kitap bilen dünýä syry açylýar” atly kitap okamak bäsleşigine gatnaşjak ___-nji orta mekdebiniň okuwçylary barada MAGLUMAT   T/b Okuwçynyň familiýasy, ady we atasynyň ady Mekdebi, synpy Telefon belgisi Elektron salgysy 1         2         3           Jogapkär mugallymyň familiýasy, ady we atasynyň ady, telefon belgisi, elektron salgysy ______________________________________________________________

“Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň edebi eserleriniň many-mazmun baýlygy, çeperçilik ussatlygy” diýen tema boýunça Türkmen döwlet medeniýet institutynda geçirilýän ylmy makalalaryň bäsleşigi Döredijilik bäsleşikleri 🥇 Ýeňijiler
193

“Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň edebi eserleriniň many-mazmun baýlygy, çeperçilik ussatlygy” diýen tema boýunça Türkmen döwlet medeniýet institutynda geçirilýän ylmy makalalaryň bäsleşigi

Ýurdumyzda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda “Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň edebi eserleriniň many-mazmun baýlygy, çeperçilik ussatlygy” diýen tema boýunça Türkmen döwlet medeniýet institutynda geçirilýän ylmy makalalaryň bäsleşigi   UMUMY DÜZGÜNLER   Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda halkymyzyň gadymdan gelýän watançylyk, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, agzybirlik, dostluk-doganlyk, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýörelgeleriniň durmuşymyza giňden ornaşdyrylmagy netijesinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň halkara ähmiýeti yzygiderli ýokarlanýar we baý many-mazmuna eýe bolýar. Ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän, bedew batly beýik ösüşlere beslenýän döwlet syýasatymyz dünýä bileleşiginde giň goldaw tapýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz 2026-njy ýyly “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýip yglan etdi.  Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy giňden dabaraly bellenilýär. Bu şanly sene ýurdumyzda dürli çäreleri geçirmek bilen dabaralandyrylýar.   Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilýän çäreleriň çäginde Türkmen döwlet medeniýet institutynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýetini, Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyrýan il-ýurt bähbitli, halkara, dünýä ähmiýetli beýik işlerini, ajaýyp eserleriniň jemgyýetçilik ähmiýetini, çeperçilik gymmatyny, Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda gazanylýan ajaýyp ösüşleri wagyz etmek maksady bilen, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda “Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň edebi eserleriniň many-mazmun baýlygy, çeperçilik ussatlygy” diýen tema boýunça ylmy makalalaryň bäsleşigi geçirilýär.  Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň edebi eserleriniň baý many-mazmunyny, ähmiýetini beýan edýän ylmy makalalary ýazmak boýunça ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda geçirilýän bäsleşigiň düzgünnamasy (mundan beýläk, Düzgünnama) bäsleşigiň maksadyny we wezipelerini, oňa gatnaşyjylara bildirilýän talaplary, bäsleşigi geçirmegiň tertibini kesgitleýär. Düzgünnamanyň ýerine ýetirilmegine Türkmen döwlet medeniýet institutynda hereket edýän jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we ylym bölüminiň işgärleri jogap berýärler, olar guramaçylyk topary hökmünde bellenen işleri alyp barýarlar. Bäsleşik boýunça tapawutlanan işler çap edilmegi üçin ýurdumyzyň gazet-žurnallaryna hödürleniler we olar baradaky maglumatlar institutyň resmi saýtynda ýerleşdiriler.   BÄSLEŞIGIŇ MAKSADY WE WEZIPELERI   Bäsleşigiň maksady: Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň edebi eserleriniň baý many-mazmunyny, çeperçilik gymmatyny, ähmiýetini açyp görkezýän ylmy makalalary ýazmaga, ylmy-döredijilik işi bilen meşgullanmaga talyp ýaşlary höweslendirmek. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýaşlarynyň çeper edebiýata, söz sungatyna, şahyrana eserlere bolan gyzyklanmalaryny ösdürmek, şahsyýet hökmünde kemala gelmegine, ata-babalarymyzyň ruhy-ahlak ýörelgelerine wepaly nesiller bolup ýetişmegine ýardam bermek, olarda eziz Watanymyza, merdana halkymyza, milli medeniýetimize guwanjy, buýsanjy terbiýelemek.   Bäsleşigiň wezipeleri: - Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň edebi eserleriniň baý many-mazmunyny, çeperçilik gymmatyny ylmy taýdan beýan etmek işine zehinli talyp ýaşlaryň işjeň gatnaşmagyny gazanmak; - zehinli ýaşlary ýüze çykarmak; - ýaşlaryň ylmy-döredijilik ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmek.   BÄSLEŞIGI GEÇIRMEGIŇ WE OŇA GATNAŞMAGYŇ  ŞERTLERI   Bäsleşigi geçirmegiň we oňa gatnaşmagyň şertleri degişli edaralara hat ibermek esasynda we ýörite bildiriş arkaly institutyň resmi saýtynda mälim edilýär. Bäsleşigiň jemleýji tapgyry 2026-njy ýylyň 28-nji martynda sagat 15.00-da Türkmen döwlet medeniýet institutynda geçirilýär. Ýokary okuw mekdebinden bäsleşige gatnaşjak talybyň ylmy makalasy (kagyzda çap edilen görnüşde we elektron göterijide), talyp barada maglumaty beýan edýän hat (bäsleşige gatnaşýan talybyň familiýasy, ady, atasynyň ady, okaýan fakulteti, hünäri we ýyly, makalasynyň ady görkezilmeli) 2026-njy ýylyň 15-nji martyna çenli Türkmen döwlet medeniýet institutyna ugradylmaly. Ylmy makalanyň möçberi A4 (210×297 mm) ölçegde, 4-5 sahypa bolmaly. Sahypa ölçegleri: ýokary we aşak taraplarda – 2,0 sm, çep tarapda – 2,5 sm, sag tarapda – 1,5 sm. Umumy görnüş – “kitap” görnüşli, şrifti – Times New Roman, ölçegi – 14 pt, setir arasy – 1.  3.6. Elektron görnüşde tabşyrylýan ähli materiallar diňe Word for Windows formatynda kabul edilýär (doc we docx giňeltmesi bilen). 3.7. Bäsleşige hödürlenýän ylmy makalada ylmy işe bildirilýän talaplar berjaý edilmelidir.   3.8. Bildirilýän talaplara laýyk gelmeýän işler kabul edilmeýär. 3.9. Iş tabşyrylandan soňra hödürlenilen düzedişler we goşundylar kabul edilmeýär.   BÄSLEŞIGIŇ GEÇIRILIŞ TERTIBI   Bäsleşik şu tertipde geçirilýär: talybyň şu Düzgünnamada görkezilen many-mazmunly türkmen dilinde beýan edilen we ýokary okuw mekdebi tarapyndan hödürlenen ylmy makalasy bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda eminleriň baha bermegi üçin kabul edilýär; Bäsleşige hödülenilýän ylmy makala Gahryman Arkadagymyzyň romanlarynyň biri, ýagny “Älem içre at gezer” romany ýa-da “Döwlet guşy” romany, ýa-da şahyrana eserleri (goşgulary) boýunça bolup biler. Ylmy makalanyň ady bäsleşigiň ady bilen baglylykda erkin saýlanylyp bilner. makala ýokary okuw mekdebiniň resmi haty bilen ugradylmaly we makala degişli alym tarapyndan 1 syn berilmeli.   her ýokary okuw mekdebinden 1 iş (ylmy makala) bäsleşikde seredilmegi üçin kabul edilýär.    BÄSLEŞIGIŇ EMINLERI   Bäsleşige hödürlenilen işlere mynasyp baha bermek üçin, guramaçylyk topary tarapyndan eminler saýlanylyp alynýar. Eminler toparynyň agzalary hakynda bäsleşik jemlenende mälim edilýär. Bäsleşigiň eminleri özbaşdak işleýärler we olaryň netijeleri gutarnykly hasap edilýär.   VI. BÄSLEŞIGIŇ ÝEŇIJILERINI SYLAGLAMAK   Bäsleşik boýunça ýeňijiler emin agzalary tarapyndan saýlanylýar we köpçülige mälim edilýär. Bäsleşigiň jemi boýunça 1 (bir) 1-nji, 2 (iki) 2-nji, 3 (üç) 3-nji orunlar bellenilýär.  Türkmen döwlet medeniýet institutynyň rektory (rektorlygy) tarapyndan ýeňijilere Hormat haty we gatnaşyjylara Minnetdarlyk haty, sowgatlar gowşurylýar.     Guramaçylyk topary: habarlaşmak üçin telefon belgiler – 481105, 482117. Welaýatlarda ýerleşýän ýokary okuw mekdeplerinden maglumatlary (resmi hat we beýlekiler) ýollamak üçin elektron salgy – tdmi.ylymbolumi@gmail.com.

Üns beriň, bäsleşikler! Döredijilik bäsleşikleri 🥇 Ýeňijiler
138

Üns beriň, bäsleşikler!

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Watanymyzy ähli ugurlar boýunça ösdürmäge, gözel tebigatymyza bolan söýgini has-da artdyrmaga, eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmäge uly üns berilýär. Şu maksatdan ugur alyp, «Watan» gazetiniň redaksiýasy hem «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy bilen bilelikde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli eziz Diýarymyzda tebigatyň gözelliklerini gorap saklamak, onuň baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak, daşky gurşawyň abadançylygyna goşant goşmak, ýaş nesillerde ekologiýa medeniýetini kemala getirmek boýunça alnyp barylýan işleri gazet sahypalarynda şöhlelendirmek maksady bilen, «Bagy-bossan Watanym!» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär. «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň resmi agzalary öň metbugat sahypalarynda çap edilmedik we başga bäsleşiklere hödürlenmedik, gözel tebigatymyz bilen baglanyşykly makalalaryny, şygyr, kyssa hem-de dürli žanrlarda ýazylan eserlerini bäsleşige hödürläp bilerler. Bäsleşige hödürlenýän işlerde berkarar Watanymyzyň gazanýan üstünlikleri, halkymyzyň asudalyk, agzybirlik, abadançylyk, ynsanperwerlik ýaly düşünjeleri, hemişelik Bitaraplygymyzyň sebitiň we dünýäniň parahatçylykly ösüşlerine, halklaryň ynanyşyp ýaşamaklaryna ýetirýän täsiri, gözel tebigatymyzyň baýlyklaryny gözüň göreji deýin goramak we oňa söýgi bilen garamak bilen bagly garaýyşlar şöhlelendirilmelidir. Şeýle hem eserleriň mazmuny ýurdumyzda «ýaşyl» ösüşe gönükdirilen işler, Garaşsyz Watanymyzda parahatçylyk we tebigatyň abadançylygy, her bir adamyň gündelik durmuşynda tebigaty goramaga goşup bilýän goşandy, şeýle hem «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda alnyp barylýan işler bilen bagly bolup biler. Bäsleşige gatnaşyjylar hödürleýän eserleriniň ýanyna özleri hakyndaky maglumaty (okaýan, işleýän, ýaşaýan ýeriniň salgysyny, iş, öý ýa-da el telefonynyň belgisini) goşmalydyr. Bäsleşigiň jemi 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda jemlenip, ýeňijilere Hormat hatlary we baýraklar gowşurylar. Hödürlenjek eserleri «Bagy-bossan Watanym!» atly döredijilik bäsleşigine» diýen ýazgy bilen 2026-njy ýylyň sentýabr aýynyň 16-syna çenli «Watan» gazetiniň redaksiýasynyň watan@sanly.tm elektron poçtasyna ibermeli. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň agzybirlikde gadam goýan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli gazet-žurnallaryň redaksiýalarynda yglan edilýän bäsleşikleriň hatarynda «Watan» gazeti hem döredijilik bäsleşiklerini yglan edýär. Olarda halkymyzyň eşretli durmuşy, döwletimiziň adamzat bähbitli asylly başlangyçlary, amal edýän beýik işleri, dünýä ýüzündäki belent abraýy, halkara dost-doganlyk, ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklary, ildeşlerimiziň zähmet üstünlikleri, türkmençilik ýörelgesi, şöhratly taryhymyz, ýaşlar syýasaty, şanly Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň eçilýän miweleri şöhlelendirilýär. «Watan» gazetiniň redaksiýasy hem şeýle asylly maksatlary çelgi edinip, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap geňeşi bilen bilelikde döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary goldamak, olardan has zehinlilerini ýüze çykarmak üçin «Ösüşlerde bedewleriň bady bar» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär. Bäsleşige döredijilik bilen iş salyşýan ýaşlarymyzyň her biri (öň metbugat sahypalarynda çap edilmedik we başga bäsleşiklere hödürlenmedik) makalalaryny, şygyr, kyssa hem-de dürli žanrlarda ýazylan eserlerini, bedew bilen baglanyşykly çeken suratlaryny hödürläp bilerler. Bäsleşigiň maksadyna laýyklykda, hödürlenýän işler döredijilikli çemeleşilen we beýan edilen bolmaly. Döredijilik bäsleşigine gatnaşmaga isleg bildirýän ýaşlarymyz hödürleýän eserleriniň ýanyna özleri hakyndaky maglumaty (okaýan, işleýän, ýaşaýan ýeriniň salgysyny, iş, öý ýa-da el telefonynyň belgisini) goşmalydyr. Eserler kompýuterde ýygylan, ýagny elektron görnüşinde bolmaly. Bäsleşigiň jemi 2026-nji ýylyň dekabr aýynda jemlener we ýeňijilere Hormat hatlary we baýraklar gowşurylar. Her bir ugradyljak eser «Ösüşlerde bedewleriň bady bar» atly döredijilik bäsleşigine» diýen ýazgy bilen «Watan» gazetiniň redaksiýasyna iberilmelidir. Biziň salgymyz: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly — 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany. Telefonlarymyz: 38-61-05; 38-61-07; 38-61-16; 38-61-17. Gazetiň elektron poçtasy: watan@sanly.tm Çeşmesi:Türkmenmetbugat

Üns be­riň, bäs­le­şik! Döredijilik bäsleşikleri 🥇 Ýeňijiler
132

Üns be­riň, bäs­le­şik!

Türk­me­nis­ta­nyň Bi­lim mi­nistr­li­gi, Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi Ge­ňe­şi, «Mu­gal­lym­lar ga­ze­ti» ga­ze­ti­niň re­dak­si­ýa­sy «Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan — be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­lyn­da bi­lim iş­gär­le­ri­niň ma­ka­la­la­ry­nyň we goş­gu­la­ry­nyň iň go­wu­la­ry­ny çap et­me­gi na­zar­da tu­tup, «Be­dew bat­ly ösüş­ler» at­ly dö­re­di­ji­lik bäs­le­şi­gi­ni yg­lan ed­ýär­ler. Bäs­le­şi­giň mak­sa­dy Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan­da ýaş nes­liň ylym­ly-bi­lim­li, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly bo­lup ýe­tiş­me­gi we mil­li ruh­da ter­bi­ýe­len­me­gi ug­run­da edil­ýän ta­gal­la­la­ry wa­gyz et­mek­den yba­rat­dyr. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň aja­ýyp eser­le­ri­niň ma­ny-maz­mu­ny­ny ýaş ne­sil­le­re dü­şün­dir­mek, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Ýaş­lar — Wa­ta­nyň da­ýan­jy», «Änew — müň­ýyl­lyk­lar­dan göz­baş al­ýan me­de­ni­ýet», «Mag­tym­gu­ly — dün­ýä­niň akyl­da­ry», «Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap­ly­gy — pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň aý­dyň ýo­ly» at­ly ki­tap­la­ry­nyň ter­bi­ýe­çi­lik äh­mi­ýe­ti­ni gi­ňiş­le­ýin be­ýan et­mek esa­sy ugur­lar bo­lup dur­ýar. Bäs­le­şi­ge hö­dür­le­nil­ýän iş­ler­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ta­gal­la­la­ry bi­len ýur­du­myz­da ga­za­nyl­ýan be­dew bat­ly ösüş­ler, ýaş ne­sil­le­ri mil­li ruh­da ter­bi­ýe­le­mek­de dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän iş­ler ma­ka­la­lar­da we goş­gu­lar­da be­ýan edil­me­li­dir. Şeý­le hem bäs­le­şi­ge hö­dür­le­nil­ýän iş­ler­de mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­myz, eziz Wa­ta­ny­myz wasp edil­me­li­dir, mil­li ýö­rel­ge­le­ri­miz bo­lan gym­mat­lyk­la­ry­myz be­ýan edil­me­li­dir. Şo­nuň ýa­ly-da, pä­him­dar pe­der­le­ri­mi­ziň ter­bi­ýe mek­de­bi­ni, mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­zy, be­hiş­di be­dew­le­ri­mi­zi wasp et­mek esa­sy ugur­la­ryň bi­ri bo­lup dur­ýar. Bäs­le­şi­ge 35 ýa­şa çen­li dö­re­di­ji­lik bi­len meş­gul­lan­ýan ýaş­lar we bi­lim iş­gär­le­ri gat­na­şyp bi­ler­ler. Bäs­le­şik iki ugur bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýär: — iň go­wy ma­ka­la­lar; — iň go­wy goş­gu­lar. Bäs­le­şi­ge hö­dür­le­nil­ýän ma­ka­la­lar we goş­gu­lar dö­re­di­ji­lik iş­le­ri­ne bil­di­ril­ýän ta­lap­la­ra la­ýyk gel­me­li­dir, çe­per­çi­lik, ma­ny-maz­mun taý­dan ýo­ka­ry de­re­je­de bol­ma­ly­dyr. Bäs­le­şi­ge ozal çap edil­me­dik dö­re­di­ji­lik iş­le­ri hö­dür­len­me­li­dir. Bäs­le­şi­ge hö­dür­le­nil­ýän iş­ler ka­gyz gör­nü­şin­de hem-de elekt­ron gö­te­ri­ji­de tab­şy­ryl­ma­ly­dyr. Bäs­le­şi­ge gat­naş­ma­ga is­leg bil­dir­ýän bi­lim iş­gä­ri fa­mi­li­ýa­sy­ny, ady­ny, ata­sy­nyň ady­ny, dog­lan se­ne­si­ni, we­zi­pe­si­ni, yl­my de­re­je­si­ni, iş we öý sal­gy­sy­ny hem-de te­le­fon bel­gi­si­ni gör­kez­me­li­dir we dö­re­di­ji­lik işi­ni 2026-njy ýy­lyň 1-nji ma­ýy­na çen­li «Mu­gal­lym­lar ga­ze­ti» ga­ze­ti­niň re­dak­si­ýa­sy­na gow­şur­ma­ly­dyr. Bäs­le­şi­ge hö­dür­le­ni­len iş­ler ýö­ri­te to­par ta­ra­pyn­dan sel­je­ri­ler. Eser­le­riň has ta­pa­wut­la­nan­la­ry «Mu­gal­lym­lar ga­ze­ti» ga­ze­tin­de çap edi­ler. Bäs­le­şi­giň je­mi 2026-njy ýy­lyň maý aýy­nyň soň­ky on­gün­lü­gin­de Türk­me­nis­ta­nyň Jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň mer­ke­zin­de jem­le­ner. Bäs­le­şi­giň ýe­ňi­ji­le­ri Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi Ge­ňe­şi­niň, Türk­me­nis­ta­nyň Bi­lim mi­nistr­li­gi­niň, «Mu­gal­lym­lar ga­ze­ti» ga­ze­ti­niň re­dak­si­ýa­sy ta­ra­pyn­dan Hor­mat hat­la­ry we gym­mat ba­ha­ly sow­gat­lar, şeý­le hem ta­pa­wut­la­nan iş­ler üçin hö­wes­len­di­ri­ji baý­rak­lar da­ba­ra­ly ýag­daý­da gow­şu­ry­lar. Ha­bar­laş­mak üçin te­le­fon­lar:Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi Ge­ňe­şi: 44-88-55;«Mu­gal­lym­lar ga­ze­ti» ga­ze­ti­niň re­dak­si­ýa­sy: 39-96-40;«Mu­gal­lym­lar ga­ze­ti» ga­ze­ti­niň elekt­ron poç­ta­sy:mu­gal­lym­lar-ga­ze­ti@san­ly.tm Çeşmesi:Türkmenmetbugat

Logo Bilim ministrligi

Dil saýlaň