Ylmy bäsleşikleri
🥇 Ýeňijiler
Talyp ýaşlaryň arasynda «Halkara hukugy we global dünýä» atly ylmy işler boýunça bäsleşik
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň ylmy taglymaty esasynda ýurdumyzyň ylym ulgamyny dünýä ölçeglerine laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilen işleriň arasynda ynsanperwer ylymlary ösdürmäge hem uly ähmiýet berilýär. Ynsanperwer ylymlary adamy, onuň jemgyýetçilik, ruhy, medeni, akyl we ahlak taýdan ýerine ýetirýän işlerini seljerýär, jemgyýetiň, raýatlaryň dünýägaraýyşlarynyň ösüşini kesgitleýär, ylym, bilim, medeniýet çygrynda döwlet syýasatynyň maksatlarynyň, ýörelgeleriniň hem-de ähmiýetiniň halk köpçüligine wagyz edilmegine, ösüp gelýän ýaş nesle berilýän bilimiň, terbiýäniň has netijeli bolmagyna ýardam edýär. Häzirki wagtda umumadamzat gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegine öwrülen milli gymmatlyklarymyzy düýpli öwrenmäge, Türkmenistanyň garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyny gorap saklamaga, ata-babalarymyzyň agzybir, parahat we oňşukly ýaşamagy ündän wesýetleriniň çuň many-mazmunyny dünýä ýaýmaga hem-de geljekki nesillere ýetirmäge döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär. Berkarar döwletimiz Hemişelik bitaraplyk, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk, güýç ulanmakdan we harby bileleşiklere hem birleşmelere gatnaşmakdan ýüz döndermek, sebitiň ýurtlary we dünýäniň ähli döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösmegine ýardam etmek ýörelgelerine eýerýär, şeýle hem halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagyny ykrar edýär. Ata Watanymyzyň dünýä derejesindäki abraýyny mundan beýläk-de ösdürmekde ýaş türkmenistanlylaryň mynasyp goşandy bardyr, çünki ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, Watanymyzyň geljegini gurujylardyr. Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň giň gerimli özgertmeleriniň esasy strategik güýji hökmünde zehinli ýaşlaryň ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen taslamalarydyr maksatnamalaryny hem-de döredijilikli başlangyçlaryny amala aşyrmaklaryna goldaw bermek we höweslendirmek, ylym babatda ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek barada beren tabşyryklaryndan, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024–2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynda», «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026–2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynda», «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023–2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynda», şeýle hem «2028-nji ýylda Halkara hukugyň ýylyny geçirmäge taýýarlyk görmek boýunça 2026-njy ýyl üçin çäreleriň Meýilnamasynda» kesgitlenen wezipelerden ugur alyp, Türkmenistan tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjyň öňe sürülmegi mynasybetli talyp ýaşlaryň arasynda «Halkara hukugy we global dünýä» atly ylmy işler boýunça bäsleşigi yglan edilýär. I bap. Umumy düzgünler 1. «Halkara hukugy we global dünýä» atly bäsleşiginiň (mundan beýläk – Bäsleşik) guramaçylary bolup, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti (mundan beýläk – Guramaçylar) çykyş edýärler. 2. Bäsleşik aşakdaky ugurlar boýunça geçirilýär: 1) Türkmenistan we halkara guramalary: strategik hyzmatdaşlygyň ugurlary; 2) dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekde halkara hökümetara guramalarynyň orny; 3) adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň häzirki zaman konsepsiýasy; 4) çagalaryň hukuklarynyň milli we halkara-hukuk goragy; 5) ýaşlaryň hukuklarynyň halkara-hukuk goragy; 6) halkara şertnamalarynyň milli kanunçylyga täsiri; 7) gepleşikler – halkara jedelleri çözmegiň serişdesi; 8) Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ählumumy howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça halkara başlangyçlary; 9) Hazar deňzi – dostluk deňzi; 10) daşky gurşawyň halkara-hukuk goragy – ählumumy ösüşiň kepili. 3. Bäsleşik ýokary okuw mekdepleriniň hukuk öwreniş, halkara hukugy hünärlerinde okaýan talyplarynyň arasynda geçirilýär. 4. Her bir ýokary okuw mekdebinden 5-den (bäşden) köp bolmadyk iň gowy ylmy işler Bäsleşige hödürlenip bilner. Bäsleşige hödürlenilýän ylmy işiň 1 (bir) awtory bolmalydyr. 5. Bäsleşige tabşyrylan işleri bahalandyrmak we ýeňijileri kesgitlemek Guramaçylyk we Eminler topary tarapyndan amala aşyrýar. 6. Bäsleşik üç tapgyrda geçirilýär. 7. Bäsleşigiň birinji tapgyry ýokary okuw mekdebiniň derejesinde geçirilýär we iň gowy işler seljerilip, bäsleşigiň ikinji tapgyryna hödürlenilýär. 8. Bäsleşigiň ikinji tapgyrynda bäsleşige hödürlenen ylmy işler Eminler topary tarapyndan seljerilýär hem-de hödürlenen ylmy işleriň talabalaýyklygyna, wajyplygyna baha berlip, saýlanan işler indiki tapgyra geçirilýär. 9. Bäsleşigiň üçünji tapgyrynda saýlanyp alnan ylmy işiň mazmunyny doly açyp görkezmek üçin awtoryň çykyşy diňlenilýär. II bap. Ylmy işler boýunça bäsleşige gatnaşyjylara, olaryň işlerine bildirilýän talaplar we şertler 10. Gatnaşyjylar şu Düzgünnamanyň 1-nji goşundysyna laýyklykda hasaba alynýar. 11. Hödürlenilýän ylmy işleriň ýazgysy şu Düzgünnamanyň 2-nji goşundysyna laýyklykda taýýarlanylyp, kesgitlenen wagtda Guramaçylyk toparyna tabşyrylmaly. 12. Gatnaşyjylar talabalaýyk görnüşde çap edilen ylmy işler bilen bilelikde şu aşakdakylary Guramaçylyk toparyna tabşyrmaly: 1) ylmy işiň netijeleri boýunça maglumatlaryň (ylmy makalalar, oýlap tapyşlary, senagat nusgalary, patentler, diplomlar we beýlekiler) nusgalaryny; 2) ylmy işe alymlar tarapyndan berlen 2 (iki) sany oňyn syny; 3) gatnaşyjynyň okaýan ýokary okuw mekdebiniň rektory tarapyndan tassyklanan maglumaty; 4) gatnaşyjynyň çykyş etmegi üçin elektron göterijide Power Point programmasynda taýýarlanylan tanyşdyrylyşy (prezentasiýasy). 13. Bäsleşigiň ikinji tapgyrynda gatnaşyjy Power Point programmasynda taýýarlan tanyşdyrylyşy (prezentasiýasy) bilen çykyş edýär. 14. Ylmy işiň tanyşdyrylyşy (prezentasiýasy) taýýarlananda şu aşakdakylar göz öňünde tutulmalydyr: 1) suratlar, shemalar, jedweller, diagrammalar we grafikler ulanylyp bilner, emma wideo, audio ýazgylar ulanylmaly däldir; 2) slaýdlaryň taýýarlanylyşy ylmy işlerden edilýän talaplara laýyk gelmelidir; 3) temanyň many-mazmunynyň doly we dogry beýan edilişine üns berilmeli; 4) pikirleriň logiki yzygiderliligi bolmaly; 5) delillendirme ýa-da peýdalanylan çeşmesi görkezilmeli; 6) döredijilikli çemeleşme duýulmaly; 7) çykyşyň reglamentini saklamak (7 minut); 8) tanyşdyrylyş (prezentasiýa) 10-12 slaýd möçberinde bolmaly; 9) temanyň wajyplygy delillendirilmeli; 10) derwaýys we seljerme maglumatlary görkezmeli; 11) şu Düzgünnamanyň 3-nji goşundysyna laýyklykda türkmen dilinde ylmy işi we onuň awtory baradaky maglumatlary özünde jemleýän baş slaýd bolmaly; 12) orta atylýan pikirleri tassyklamak üçin sitatalar, taryhy, statistiki we beýleki maglumatlar ygtybarly çeşmelerden alynmaly. 15. Ylmy işler bahalandyrylanda aşakdakylar göz öňünde tutulýar: 1) işiň ähmiýeti we mazmunyň täsirliligi; 2) netijeleriň esaslandyrylyşy; 3) döredijilikli çemeleşme, seljeriş we pikirlenme; 4) halkara we hukuk adalgalaryň dogry ulanylmagy; 5) türkmen diliniň ýazuw kadalaryna laýyklygy; 6) parahatçylygy gorap saklamak boýunça talybyň teklipleriniň bolmagy; 7) taryhy wakalardan ýa-da halkara resminamalardan (meselem, BMG-niň Kararnamalary) mysallar getirilmegi; 8) ylmy işiň mazmunyny doly we dogry beýan edişi; 9) awtorlara, kitaplara we gaýry çeşmelere salgylanmak düzgünleriň berjaý edilmegi. III bap. Guramaçylyk düzgünleri 16. Bäsleşige gatnaşyjy özi baradaky maglumatlaryň Guramaçylaryň resmi web-saýtynda çap edilmegine razylyk berdi diýip hasaplanylar. 17. Gatnaşyjylaryň familiýalary, atlary Guramaçylar tarapyndan köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, Internet saýtynda mahabat maksatly galam haky tölenmezden ulanylyp bilner. 18. Bäsleşige öz işini ugratmak bilen gatnaşyjy öz maglumatlaryny ýygnamaga, saklamaga, ulanmaga, gaýtadan işlemäge, ibermäge Guramaçylara hukuk berýär. 19. Bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasynyň senesi Guramaçylar tarapyndan kesgitlenilýär. IV bap. Bäsleşige ylmy işleri hödürlemegiň we resmileşdirmegiň hem-de netijelerini yglan etmegiň tertibi 20. Bäsleşige hödürlenýän ylmy işler 2026-njy ýylyň 25-30-njy sentýabry aralygynda kabul edilýär. 21. Bäsleşigiň birinji tapgyry 2026-njy ýylyň 1-5-nji oktýabry aralygynda geçirilýär. Guramaçylyk toparyna tabşyrylan talabalaýyk işleriň eýelerine bäsleşigiň indiki tapgyryna gatnaşmaga hukuk berilýär. 22. Bäsleşigiň ikinji tapgyry 2026-njy ýylyň 7-15-nji oktýabry aralygynda geçirilýär. 23. Bäsleşigiň ýeňijileri 2026-njy ýylyň 20-30-njy oktýabry aralygynda yglan edilýär. 24. Bäsleşigiň netijeleri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen halk köpçüligine ýetirilýär. 25. Bäsleşigiň ýeňijileri Guramaçylar tarapyndan diplomlar we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanýar. Talyp ýaşlaryň arasynda «Halkara hukugy we global dünýä» atly ylmy işler boýunça bäsleşik geçirmek hakynda Düzgünnama 1-nji goşundy Bäsleşige gatnaşyjyny hasaba alyş ANKETASY Gatnaşyjynyň familiýasy, ady, atasynyň ady Gatnaşyjynyň doglan senesi (güni, aýy, ýyly) Gatnaşyjynyň ýaşaýan salgysy (indeks görkezmek bilen) Gatnaşyjynyň e-mail salgysy Gatnaşyjynyň okaýan ýokary okuw mekdebiniň, fakultetiniň, hünäriniň doly ady, okuw ýyly Gatnaşyjynyň okaýan ýokary okuw mekdebiniň salgysy (indeks görkezmek bilen) Gatnaşyjynyň ylmy ýolbaşçysynyň familiýasy, ady, atasynyň ady, iş ýeri, wezipesi, ylmy derejesi, ylmy ady Talyp ýaşlaryň arasynda «Halkara hukugy we global dünýä» atly ylmy işler boýunça bäsleşik geçirmek hakynda Düzgünnama 2-nji goşundy Ylmy işiň ýazylyşyna bildirilýän TALAPLAR Bäsleşige hödürlenilýän ylmy işler şu aşakdaky bölümleri öz içine almaly: 1) baş sahypany; 2) ylmy işiň meýilnamasyny; 3) girişi; 4) ylmy işiň esasy bölümlerini; 5) ylmy işiň jemleýji netijesini; 6) ulanylan edebiýatlary; 7) ylmy işiň mazmunyny. Ylmy iş ýurdumyzyň döwlet dilinde bolmalydyr. Ylmy işiň mazmunynda ylmy işiň esasy bölümleriniň atlary, girişi, bölümleriň we bölümçeleriň atlary, jemleýji netije, ulanylan edebiýatlar, goşundylaryň atlary we degişli sahypa belgileri görkezilýär. Girişde meseläniň goýulyşy, temanyň wajyplygy, işiň öňünde goýlan maksady we wezipeleri, ulanylan edebiýat çeşmeleriniň gysgaça seljermesi, meseläniň öwreniliş derejesi we gatnaşyjynyň goýlan meseläni çözmekde eden goşandy beýan edilýär. Ylmy işiň esasy bölümlerinde gatnaşyjynyň toplan we gaýtadan işlän maglumatlary beýan edilýär. Ylmy işiň jemleýji netijesinde gatnaşyjy tarapyndan alnan netijeler we jemleme beýan edilýär. Ulanylan edebiýatlaryň sanawynda gatnaşyjy tarapyndan ulanylan edebiýatlar elipbiý tertibine laýyklykda ýazylmaly. Ylmy işiň umumy göwrümi 25 sahypadan az bolmaly däldir, işiň formaty А4 (şrifti – Times New Roman, ölçegi – 14 pt, setir aralygy – 1,5 interwal; sahypanyň hemme tarapyndan 20 мм goýmaly). Tablisalar, suratlar, çyzgylar erkin görnüşde goýlup bilner. Edebiýatlara salgylanmalar nomerler arkaly görkezilýär. Talyp ýaşlaryň arasynda «Halkara hukugy we global dünýä» atly ylmy işler boýunça bäsleşik geçirmek hakynda Düzgünnama 3-nji goşundy YLMY IŞIŇ ADY Ýerine ýetiriji: Gatnaşyjynyň familiýasy, ady, atasynyň ady, okaýan ýokary okuw mekdebiniň, fakultetiniň, hünäriniň ady, okuw ýyly Ylmy ýolbaşçysy: Ylmy ýolbaşçysynyň familiýasy, ady, atasynyň ady, iş ýeri, wezipesi, ylmy derejesi, ylmy ady