Tugra Türkmenistanyň Bilim ministrligi

Ylmy bäsleşikleri

Zehinleri ýüze çykarmak üçin geçirilýän döwlet derejeli ýaryşlar.

Mekdep okuwçylarymyz mental hasaplamak boýunça dünýä çempionatynda ýokary netijeler görkezdiler Täzelik

Mekdep okuwçylarymyz mental hasaplamak boýunça dünýä çempionatynda ýokary netijeler görkezdiler

2026-njy ýylyň 5—7-nji sentýabry aralygynda Germaniýanyň Bielefeld şäherinde çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda mental hasaplamak boýunça dünýä çempionaty («The Junior Mental Calculation World Championship 2026») geçirildi. 2008-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän bu abraýly bäsleşige Hytaý, Singapur, Germaniýa, Ýaponiýa, Fransiýa ýaly 14 döwletden 100-den gowrak saýlanan iň ökde mental türgenler gatnaşdy. Gatnaşajylar 2 sagadyň dowamynda diňe ýatdan hasaplamak arkaly matematikanyň çylşyrymly ugurlary, şol sanda kök almak, köpeldijilere dagytmak, droblar we senenama senelerini tapmak boýunça bäsleşdiler. Ýurdumyz boýunça geçirilen saýlama tapgyryň netijesinde «JMCWC 2026» çempionatyna kabul edilen 12 sany mekdep okuwçymyzyň birnäçesi 2000 baldan ýokary netije görkezdi. Bäsleşikde Türkmenabat şäherindäki «Kämil Bilim» okuw merkeziniň «Anzan» maksatnamasynyň uçurymy, 41-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Mekan Nurgeldiýew «Junior-1» derejesinde 2477 bal toplap, dünýä çempionatynda 3-nji orny eýeledi. Şeýle hem Türkmenistanyň mental arifmetika boýunça ilkinji milli rekordçysy Liwanur Berdiýewa «Senior» derejesinde iň ýokary bal alan gatnaşyjylaryň ilkinji 8-ligine girmegi başardy. Germaniýadaky çempionatda ýurdumyzyň ýygyndy toparyna «Kämil bilim» okuw merkeziniň mental arifmetika mugallymy Jahan Durdymämmedowa we matematika mugallymy Halym Annagurbanow ýolbaşçylyk etdiler. Ýatlap geçsek, geçen ýyl bu abraýly halkara ýaryşda okuwçylarymyz üstünlikli çykyş edip, ilkinji onluga girmegi başarypdylar.  

57
Doly oka

Talyp ýaşlaryň arasynda «Halkara hukugy we global dünýä» atly ylmy işler boýunça bäsleşik

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň ylmy taglymaty esasynda ýurdumyzyň ylym ulgamyny dünýä ölçeglerine la&yacut

76
Doly oka
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň 2026-njy ýylda Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bilelikde geçiren bäsleşiginiň ýeňijileri

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň öwreniji mugallymy Ogulşat Amanmuhammedowna Tagandurdyýewany (1-n

153
Doly oka
Logo Bilim ministrligi

Dil saýlaň