Ylmy bäsleşikleri
Zehinleri ýüze çykarmak üçin geçirilýän döwlet derejeli ýaryşlar.
Täzelik
Mekdep okuwçylarymyz mental hasaplamak boýunça dünýä çempionatynda ýokary netijeler görkezdiler
2026-njy ýylyň 5—7-nji sentýabry aralygynda Germaniýanyň Bielefeld şäherinde çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda mental hasaplamak boýunça dünýä çempionaty («The Junior Mental Calculation World Championship 2026») geçirildi. 2008-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän bu abraýly bäsleşige Hytaý, Singapur, Germaniýa, Ýaponiýa, Fransiýa ýaly 14 döwletden 100-den gowrak saýlanan iň ökde mental türgenler gatnaşdy. Gatnaşajylar 2 sagadyň dowamynda diňe ýatdan hasaplamak arkaly matematikanyň çylşyrymly ugurlary, şol sanda kök almak, köpeldijilere dagytmak, droblar we senenama senelerini tapmak boýunça bäsleşdiler. Ýurdumyz boýunça geçirilen saýlama tapgyryň netijesinde «JMCWC 2026» çempionatyna kabul edilen 12 sany mekdep okuwçymyzyň birnäçesi 2000 baldan ýokary netije görkezdi. Bäsleşikde Türkmenabat şäherindäki «Kämil Bilim» okuw merkeziniň «Anzan» maksatnamasynyň uçurymy, 41-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Mekan Nurgeldiýew «Junior-1» derejesinde 2477 bal toplap, dünýä çempionatynda 3-nji orny eýeledi. Şeýle hem Türkmenistanyň mental arifmetika boýunça ilkinji milli rekordçysy Liwanur Berdiýewa «Senior» derejesinde iň ýokary bal alan gatnaşyjylaryň ilkinji 8-ligine girmegi başardy. Germaniýadaky çempionatda ýurdumyzyň ýygyndy toparyna «Kämil bilim» okuw merkeziniň mental arifmetika mugallymy Jahan Durdymämmedowa we matematika mugallymy Halym Annagurbanow ýolbaşçylyk etdiler. Ýatlap geçsek, geçen ýyl bu abraýly halkara ýaryşda okuwçylarymyz üstünlikli çykyş edip, ilkinji onluga girmegi başarypdylar.
«Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny» atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-taslama bäsleşigi
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň guramagynda ýurdumyzyň hem-de daşary ý
16-njy fewralda ylmy-intellektual bäsleşige gatnaşmaga çagyrýarys
2026-njy – Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýyly hem-de Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli ýurdumy
TÜRKMENISTANYŇ UMUMYBILIM BERÝÄN MEKDEPLERINIŇ OKUWÇYLARYNYŇ ARASYNDA “OBA HOJALYK YLMY: GELJEK ÝAŞLARYŇ ELINDE” ATLY YLMY BÄSLEŞIGI
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylmyň we tehnologiýalaryň ösüşine, halkymyzyň aň-bilim derejesiniň &